Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Başga bir mamany jaýladylar". Türkmenistandaky COVID-19 we onuň pidalary


Türkmenabadyň gonamçylygy (arhiw suraty)
Türkmenabadyň gonamçylygy (arhiw suraty)

Aşgabadyň keselhanalarynda koronawirus keseliniň pidalarynyň jesetlerini ýakynlaryna tabşyrmakda ýalňyşlyklar ýüze çykýar. Mundan başga-da, COVID-19-dan ölüm derejesiniň ýokary bolmagyna garamazdan, koronawirus keseli testler bilen tassyklanan hassalar öýlerine ugradylýar. Bu barada 6-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berdiler. Resmi taýdan COVID-19 ýurtda henizem hasaba alynmaýar.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, koronawirus bilen kesellän we Aşgabadyň keselhanalarynda bejergi alýan hassalar öýlerine iberilýär. Köplenç bu ýagdaýa agyr we ölüm howpy astyndaky hassalar düşýär. Lukmançylyk edaralaryndaky çeşmeler munuň paýtagtdaky lukmançylyk edaralarynda ölüm statistikasyny azaltmak üçin edilýändigini öňe sürýärler.

Aşgabadyň keselhanalarynyň birnäçesinde, şol sanda Gorogly we Atamyrat Nyýazow köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän Kardiologiýa merkezinde hassanyň ýakynlaryndan näsagy olaryň öz islegi boýunça alyp gidýändigi barada dilhaty alynýar.

"Lukmanlar agyr ýagdaýdaky hassa kömek etmek mümkin däl diýen karara gelseler, ony keselhanadan öýüne ugradýarlar. Bu ýagdaýda garyndaşlaryndan dilhaty alynýar. Şeýlelik bilen maşgala, ýagny hassanyň ogly, gyzy, ýa-da ýanýoldaşy onuň ölen halatynda lukmanlardan hiç hili şikaýat etmeýändigi hakynda gol goýýar"- diýip, çeşmämiz aýdýar.

Bu ýagdaý barada Saglyk ministrliginden we Aşgabadyň saglyk edaralaryndan resmi taýdan düşündiriş alyp bolmady.

Habarçylaryň sözlerine görä, hassalaryň garyndaşlary, koronawirusly näsaglary alyp gitmek üçin zerur kagyzlara gol çekýärler, lukmanlara garşy hiç hili arz-şikaýatynyň ýokdugyny we hassanyň öýünde ölse hiç hili talaplarynyň bolmajagyny kepil geçýärler. Lukmanlar hem öz gezeginde garyndaşlary hassany alyp gitmäge ynandyrmaga synanyşýarlar we onuň ölüm halyndadygyny aç-açan duýdurýarlar.

"Hassa keselhanada ölse, jesediň morga tabşyryljakdygyny düşündirýärler. Plastik halta bilen örtüp bererler, size şu gerekmi diýip aýdýarlar" - diýip, ýagdaýlara şaýat bolan çeşme gürrüň berdi.

Häzirki wagtda hökümetiň ýurtda koronawirusyň ýoklugy baradaky aýdýandygyna garamazdan, Türkmenistanda keseliň ýaýramagy we koronawirusdan ölüm derejesiniň ýokarlanmagy dowam edýär. Keselhanalarda adam köp, ýene köpüsi öýde bejergi alýar, morglar jesetleri çykaryp ýetişmeýärler we jaýlanyş çäreleriniň köp bolmagy sebäpli gonamçylyklar gije-gündiziň dowamynda açyk bolýar. Bu şertlerde merhumlaryň jesetlerini çalyşmak ýaly ýalňyşlyklar ýüze çykýar.

6-njy oktýabrda Azatlygyň habarçylary düýbünden başga bir hassanyň jesediniň ýalňyşlyk bilen jaýlanandygy barada nobatdaky waka barada habar berdiler. Garry enesini jaýlan aşgabatly maşgala bu ýalňyşlygy 7 günden soň bilip galypdyr.

Iki näsag garry aýal şol bir gün Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirilipdi, iki günden soň olaryň biri ölüpdir, jesedi bolsa, ikinji zenanyň garyndaşlaryna gowşurylydyr. Garry aýalyň garyndaşlaryna gara plastik halta örtülen jesedi açmak gadagan edilensoň, olar merhumy şol durşuna jaýlapdyrlar. Maşgala ýedisini bellän wagtynda garry aýal hassahanadan jaň edip, hiç kimiň ýanyna gelmeýändiginiň we saglyk ýagdaýyny soramaýandygynyň sebäbi bilen gyzyklanypdyr.

“Şondan soň garyndaşlary eneleriniň diridigini bilip galdylar.
Olar düýbünden başga bir enäni jaýlapdyr "- diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary jesetleri ýalňyşlyk bilen çalyşmak we başga adamlary jaýlamak ýaly şuňa meňzeş ýagdaýlar barada öňem habar beripdi. Bu hadysalaryň biri sentýabryň ortalarynda bolup, aşgabatly aýalyň jaýlanyş çäresinden soň, onuň diridigi ýüze çykdy.

Habarçylaryň habar bermegine görä, koronawirus pidalary morglarda başga sebäpden ölen merhumlardan aýratyn çykarylýar. Polietilen bilen örtülen jesetler birmeňzeş görünýär, merhum baradaky maglumatlar örtgä ýelmenen bir bölek kagyzda görkezilýär. Käwagt COVID-19-dan ölen adamlaryň jesetleri tutuşlygyna mata oralyp, ýüp bilen daňylgy berilýär.

Zerur maglumatlaryň wagtynda bolmazlygy hassalar üçinem, olaryň ýakynlary üçinem dürli kynçylyklary döredýär. Köpler üçin ýakynlarynyň ölümi düýbünden garaşylmadyk ýagdaý bolýar.

Azatlyga mälim bolan wakalaryň ýene biri bir aýdan gowrak ozal bolupdy. Aşgabatly är-aýal Türkmenbaşyda deňiz kenarynda dynç alýarka, özlerini oňat duýmandyr we hususy awtoulagda öýlerine gaýdypdyr. Yzyna gaýdyp gelenlerinden soň, keselhana ýüz tutup, koronawirus keseli bilen Çoganlydaky ýokanç kesel hassahanasyna dürli otaglara ýerleşdirildi. Keselhanada üç gün bejergi alan aýal ýogalyp, Ahal welaýatynyň Kaka şäherinde jaýlandy. On bäş günden soň onuň adamsy keselhanadan çykaryldy we diňe öýüne gaýdyp baransoň aýalynyň aradan çykandygyny bilip galdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan adam özüni henizem fiziki we ruhy taýdan erbet duýýandygyny aýtdy.

Azatlyk, öz çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny saklamak üçin gürrüň edilen ýagdaýlaryň jikme-jiklerini we adamlaryň atlaryny mälim etmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG