Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda koronawirusa garşy talaplar güýçlendirilýär


Aşgabat, 2021 (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat, 2021 (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreleri güýçlendirýär. Hususan-da, köçelerde we köpçülik ýerlerinde dezinfeksiýa çäreleri geçirilýär we ilatdan ýene-de maska dakynmak talap edilýär. Şol bir wagtda-da, ýurt häkimiýetleri COVID-19 keseliniň bardygyny ykrar etmeýärler.

Şu günler Türkmenistanyň günbatarynda şäher köçelerine dezinfeksiýa serişdeleri sepilýär. Sebitdäki habarçylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde dezinfeksiýa serişdeleri ýörite ulaglar we traktorlar bilen köçelere sepilýär.

Köçeleri dezinfeksiýa etmek işlerine Arassaçylyk we epidemiologiýa stansiýasynyň işgärleri gatnaşýarlar. Muňa ýerli häkimiýetler gözegçilik edýär.

"Şu gün agşam köçeler hlor erginlerini guýýan sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň işgärlerinden doldy. Çärä häkimiň özi gözegçilik edýär. Häkimiýetleriň uly üns bermegi ýagdaýyň çynlakaýdygyny görkezýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçy 24-nji iýulda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen dynç günleri bazarlarda alyjylardan maska dakynmak talap edilip başlanypdyr. Hususan-da, şenbe güni "Kenar" bazaryna baranlar ýene-de maska dakynmalydygyny we el arassalaýjy serişdeleri ulanmalydygyny bilip galdylar. Bazar ýapyk desga hasaplanmaýar.

Tomsuň başynda ýurt boýunça koronawirus çäklendirmeleri resmi taýdan gowşadyldy, hususan-da, açyk howada köpçülik ýerlerinde maska dakynmak talaby ýatyryldy.

Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň güýçlendirilmegi jemgyýetçilik transportynda we edaralarda göze ilýär. Türkmenbaşy şäherindäki çagalar baglarynda ene-atalardan ýene-de antiseptik bilen dezinfeksiýa süpürgiçleriň getirilmegi talap edildi.

"Adamlar ýaňy maska dakynmazlyga öwrenişdi. Indi maskasyz bolmaga ýene rugsat berilmeýär. Duşenbe gününden başlap çagalar baglarynda çagalar antiseptik bilen çygly süpürgiç getirmeli. Bularyň hemmesi ilatda howsala döredýär. Adamlar häkimiýetler koronawirus bar bolsa, bar diýsin, kim hüşgär bolardy we taýynlanardy diýýärler"- diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň resmi taýdan aýtmagyna görä, ýurtda COVID-19 henize çenli hasaba alynmadyr. Tomsuň başynda ýatyrlan koronawirusa garşy berk çäklendirmeler şu aýda dikeldilip başlady. 8-nji iýulda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtdaky hassahanalaryň maska talap edip başlandygyny habar berdi. Koronawirusa garşy talaplaryň güýçlendirilmegi entek resmi taýdan yglan edilmedi.

Bu aralykda, çeşmelere görä, Türkmenistan 1-nji awgustdan başlap täze çäklendirmeleriň girizilmegini göz öňünde tutýar. Azatlygyň ýurduň saglygy saklaýyş ulgamyndaky çeşmesine görä, hökümet häzirki wagtda anyk hereket planynyň üstünde işleýär. Hökümet muny makullasa, çäklendirmeleriň birinji tapgyry 1-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda giriziler we soňra olaryň güýji uzaldylyp bilner.

“Öňümizdäki aýdan başlap toý mekanlaryň, bazarlaryň, restorandyr garbanyşhanalaryň işlerini çäklendirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, wirusyň ýüze çykan sebitlerine, onuň gerimine laýyklykda, sary, gyzyl derejelerini bermek planlaşdyrylýar. Muňa görä-de soň, goşmaça haýsy çäklendirmeleriň geriziljekdigi kesgitlener” diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.

Türkmenistan, öz çäginde COVID-19-yň ýoklugyny öňe sürýän ýeke-täk ada däl döwlet bolup galdy. Türkmenistan bilen bilelikde iki ýyllap öz çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe süren Demirgazyk Koreýa 12-nji maýda COVID-19 keseline uçran ýagdaýlary ilkinji gezek resmi taýdan ykrar etdi we aýyň dowamynda günde ýüz müňden gowrak adamyň keselleýändigini mälim edildi.

Azatlykyň habarly çeşmelerine görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri resmi taýdan ykrar etmeseler-de, koronawirus bilen keselleýänleriň hem ölenleriň hasabyny ýöredýärler. Hususan-da, çeşmelere görä, 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Türkmenistanda koronawirusdan 25 müňden gowrak ölüm hasaba alynypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG