Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Birinji Konstitusiýa has demokratikdi». Merkezi Aziýa ýurtlary geçmişi küýseýär


Gazagystanyň paýtagtynda gazak hanlary Kereý bilen Žanybeke goýlan ýadygärlik.
Gazagystanyň paýtagtynda gazak hanlary Kereý bilen Žanybeke goýlan ýadygärlik.

Ýurduň Konstitusiýasyny häli-şindi täzeläp gelýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ilaty garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen Esasy Kanuny ýada salýarlar. Eýsem ol ýerde näme bardy, häzir näme ýok? 

Ýurduň Konstitusiýasynda reforma geçirmek, Merkezi Aziýa döwletlerinde adaty bir syýasy ýagdaýa öwrüldi. Ýöne Esasy kanun näçe köp üýtgese, garaşsyzlykdan soň kabul edilen Konstitusiýanyň artykmaçlyklary şonça köp ýatlanylýar. Has demokratik hasaplanýan ilkinji konstitusiýalara häzirki wagta çenli köp üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi.

«ÜÝTGEDILEN NUSGA DÄL-DE, TÄZESI KONSTITUSIÝA GEREK»

Gazagystanda ilkinji Esasy Kanun 1993-nji ýylda kabul edildi we iki ýyldan soň ony özgertmeler bilen çalyşdylar. 1995-nji ýyldaky Konstitusiýa hem 1998, 2007, 2011, 2017 we 2019-njy ýyllarda bäş gezek üýtgetme girizildi. Konstitusiýa giriziljek altynjy düzediş boýunça referendum 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda meýilleşdirilýär.

Gazagystan 5-nji iýunda konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçirer.

Gazagystanyň Konstitusiýasynyň 33 maddasyna 56 düzediş girizmek göz öňünde tutulýar. Olara esaslanyp, 20 kanuna üýtgetmeler giriziler. Iş topary tarapyndan taýýarlanan düzedişlerde 1995-nji ýylda ýatyrylan Konstitusiýa kazyýetiniň dikeldilmegi, prezidentiň syýasy partiýa agza bolmagyny, prezidentiň garyndaşlarynyň jemgyýetçilik pudagynda ýa-da aýratyn ygtyýarly ugurlarda ýokary syýasy wezipeleri eýelemegini gadagan etmek, Mejlisiň düzümindäki we alyp barýan işindäki üýtgeşmeleri, saýlaw ulgamyny, syýasy partiýalaryň hasaba alynmagyny, ölüm jezasyny, şeýle hem ýere hususy eýeçiligi ýatyrmak ýaly özgertmeleri öz içine alýar.

Gazagystanda geçiriljek nobatdaky konstitusiýa reformasynda, ilkinji prezidentiň artykmaçlyklaryny ýok etmek maksady bar. Konstitusiýa girizilen bu üýtgetmeler ýanwar wakalaryndan soň döredi. Oňa garamazdan, muny käbir synçylar häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň indiki prezident saýlawlaryna taýýarlyk hökmünde görýärler.

Ýanwar wakalaryndan soň, resmi teleýaýlymlara beren interwýusynda, Gazagystanyň prezidenti kanunda görkezilen möhletden artyk häkimiýet başynda galmajakdygyny aýtdy. Gazagystanda prezidentiň möhleti bäş ýyl, bir adam iki möhletden köp prezident saýlanyp bilinmez.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramasy (HRW) Gazagystanyň häkimiýetleriniň ýurduň esasy kanunyna üýtgeşmeler girizmek babatynda, köpçülikleýin pikir alyşmalary we geňeşleri nazarda tutmagy üçin, referendumy yza süýşürmeli diýip hasap edýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy bu esasy gurama Konstitusiýa kazyýetiniň kazylarynyň prezident we parlament wekilleri tarapyndan bellemegi teklip edilýän ulgama hem alada bildirýär. Gurama ombudsmen baradaky maddanyň Wenesiýa komissiýasynyň tekliplerine ters gelýändigini, onuň saýlanmagynyň we işden aýrylmagynyň tertibiniň beýan edilmeýändigini, immunitet kadalarynyň ombudsmeniň wekillerine we beýleki işgärlerine hem degişli bolmalydygyny belleýär.

Bu aralykda, graždan aktiwistleri we oppozisiýa syýasatçylary 1993-nji ýylda kabul edilen ilkinji konstitusiýa gaýdyp gelmegi talap edýärler.

ABŞ-nyň Jorj Waşington uniwersitetiniň strategiki aragatnaşyk boýunça aspiranty, Gazagystanyň syýasy bilermeni Şalkar Nurseýit "bu adamlaryň 30 ýyl bäri prezidentlik dolandyryş ulgamyndan ýadandygyny görkezýär" diýýär.

– Şol döwürde mejlisiň ygtyýarlyklary giňdi: talaplary öňe sürüp, ýerine ýetiriji häkimiýeti tankytlap bilýärdi, zerur bolanda garaşsyz derňew geçirmäge mümkinçiligi bardy. Gynansagam, 1995-nji ýylda täze Konstitusiýa kabul edilenden soň, mejlisiň güýji çäklendirildi. Netijede, Nazarbaýewiň öz döwleti dolandyryş düzgüni emele geldi – diýip, Şalkar Nurseýit aýdýar.

Syýasaty öwreniji goýberilen ýalňyşlyklary nazarda tutup, şeýle hem prezidentiň çäksiz ygtyýarlyklaryna garşy durup, geljekde täze Konstitusiýanyň zerurdygyny öňe sürýär.

– 1995-nji ýyldaky Konstitusiýanyň üýtgedilen görnüşi däl-de, täze konstitusiýa bolmaly. Onda hökümetiň üç şahasyny doly kesgitlemeli, Konstitusiýa kazyýeti prezidente däl-de, parlamente tabyn bolmaly we saýlaw komissiýalaryny döretmek üçin täze talaplar bolmaly – diýip, syýasaty öwreniji aýdýar.

ILKINJI KONSTITUSIÝA GAÝDYP GELÝÄN ÝURT

Gyrgyzystanyň ilkinji konstitusiýasy parlamentde iki ýyllap ara alnyp maslahatlaşylandan soň, 1993-nji ýylda kabul etdi. Oňa 1994-nji ýylda prezidentiň hukuklaryny çäklendirýän üýtgeşmeler girizildi. Şeýle-de bolsa, 1996-njy ýylda konstitusiýa girizilen üýtgetmeler prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeltdi. 1998-nji we 2003-nji ýyldaky üýtgeşmelerden soň oppozisiýa prezident Askar Akaýewi "häkimiýeti ele almakda" aýyplady.

2006 we 2007-nji ýyllarda Çigildem rewolýusiýasyndan soň, Gyrgyzystan konstitusiýa krizisini başdan geçirdi. 2007-nji ýylda Konstitusiýa kazyýeti 2006-njy ýyldaky konstitusiýanyň iki görnüşini ýatyrdy. Şonda 1993-nji ýyldaky ilkinji Esasy Kanun 2007-nji ýylda referendum arkaly üýtgedildi we gaýtadan kabul edildi. Başgaça aýdylanda, Gyrgyzystan ilkinji Konstitusiýasyna gaýdyp gelen ýurt boldy.

2010-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýany 2020-nji ýyla çenli üýtgetmezlik göz öňünde tutulandygyna garamazdan, 2016-njy ýylda ýurtda ýene bir konstitusiýa reformasy geçirildi. Geçen ýyl kabul edilen Konstitusiýa laýyklykda, Gyrgyzystan prezident respublikasy boldy.

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Emilbek Žoroýewyň sözüne görä, Konstitusiýany üýtgetmekde Gyrgyzystanyň öz aýratynlyklary bar.

– Konstitusiýanyň tükeniksiz üýtgedilip durmagy adamlarda biderek ynama derek, nähilidir bir islegi, owal başdaky bar zadyň gowy bolandygyna, şonuň üçinem Konstitusiýanyň owalky nusgasyna gaýdyp gelmelidigine höwes döretdi. Eýsem millet näme üçin Konstitusiýanyň başky nusgasyna höwes edýär? Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, syýasy elitalaryň arasynda belli bir deňagramlylyk, üýtgeşmeler üçin açyklyk hem-de demokratik özgertmeler boldy. Şoňa laýyklykda Konstitusiýa adam azatlyklary, aç-açanlyk we syýasy plýuralizm göz öňünde tutup ýazylypdy – diýip, Žoroýew Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, soňlugy bilen Konstitusiýa girizilen ähli üýtgetmeler diýen ýaly, ofislerde häkimiýetiň merkezleşdirilmegine has köp çäklendirmeler girizdi. Gyrgyz halkynda Konstitusiýa her üýtgeşiklik girizilmek bilen ol has erbetleşýär diýen düşünje bar. Biz gowy konstitusiýanyň gözleginde, hakykata laýyk gelýän mümkinçiliklerden has daşlaşýarys. Şonuň üçinem Gyrgyzystanda 1993-nji ýyldaky Konstitusiýa iň esasy kanun hasaplanýar, biz bolsa ondan has uzaklaşýarys diýip, ol bilermen aýdýar.

«KONSTITUSIÝA — ÜÝTGEWSIZ DÄL»

Daşkentde ýaşaýan syýasat alymy we Merkezi Aziýa boýunça bilermen Farhad Tolipow Gyrgyzystandan we Gazagystandan tapawutlylykda, Özbegistanda konstitusiýanyň ilkinji nusgasyny höwes edýäniň ýokdugyny aýdýar. Onuň pikirine görä, Özbegistanda Konstitusiýa üýtgetme girizmek meselesi gozgalsa-da, anyk teklip ýok. Diňe konstitusiýa komissiýasy döredildi.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2021-nji ýylda ikinji möhlete prezident saýlandy. Häzirki Konstitusiýa laýyklykda, şol bir adam bäş ýyllyk möhlete iki gezekden artyk prezidentlige saýlanyp bilinmez. Noýabr aýynda prezidentligi kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda, Mirziýoýew konstitusiýa reformasyny yglan edip, muny "durmuşyň özi talap edýär" diýdi. Şeýle-de bolsa, onuň haýsy meseleleri öz içine aljakdygy entek belli däl.

– Häzir Özbegistanyň konstitusiýasyna nähili üýtgeşmeleriň giriziljekdigini aýtmak kyn. Gazagystanyň modeli bolsa gerek, Gazagystanyň geçiş etaby belli derejede Özbegistan üçin itergi boldy. Özbegistanda hem Konstitusiýany

täzelemegiň şeýle köpugurly we parallel tejribesi bar. Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek üçin komissiýa döredilenden soň, köpçülikleýin habar serişdeleri, resmi toparlar hem şol komissiýanyň agzalary bir möhüm pikiri aýdýarlar; “Konstitusiýa dogma däl” diýýärler – diýip, Farhad Tolipow düşündirýär.

Özbek syýasatçysynyň aýtmagyna görä, konstitusiýa reformasynyň ýagdaýy ýurtda kän bir rezonans döretmeýär.

KONSTITUSIÝA «ÝADYGÄRLIK» GOÝMAK

2016-njy ýylda Täjigistanda geçirilen konstitusiýa reformasynyň netijesinde, Emomali Rahmonyň prezidentlik möhletine girizilen çäklendirme aýryldy we prezidentlige dalaşgärleriň ýaş möhleti 35 ýaşdan 30 ýaşa çenli azaldyldy.

Täjigistanly garaşsyz bilermen Umed Hakimow ýurduň ýaşaýjylarynyň konstitusiýa üýtgetmeler girizilmegine biparh garaýandygyny aýdýar.

– Konstitusiýa üýtgetmeler girizilse, syýasy elitanyň bähbitleriniň üýtgeýändigini köpler gaty oňat bilýärler. Şeýle-de bolsa, konstitusiýa üýtgetmeler girizilmezden ozal häkimiýetler öz bähbitleriniň halkyň bähbididigini görkezmäge synanyşýarlar – diýip, Umed Hakimow hasap edýär.

Türkmenistanda soňky konstitusiýa reformasy 2020-nji ýylda geçirildi. 1992-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1995, 1999, 2003, 2006, 2008 we 2016-njy ýyllarda üýtgedildi.

Konstitusiýa girizilen soňky üýtgetmelere laýyklykda, 2021-nji ýyldan bäri parlamente Milli Geňeş diýilýär. Halk maslahaty Mejlisiň ýokarky palatasyna öwrüldi, Mejlis bolsa aşaky palata öwrüldi. Prezident kesel bolanynda ýa-da aradan çykan halatynda, onuň wezipeleri Halk maslahatynyň başlygyna berilýär.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow şu ýylky prezident saýlawlaryndan soň häkimiýete geldi. Öňki prezident G. Berdimuhamedow Halk Maslahatyň başlygy boldy.

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, Aşgabatda Konstitusiýa ýadygärlik gurdurandygyny aýdýar. "Bu Türkmenistanda Konstitusiýanyň asla işlemeýändigini aňladýar" diýip, daşary ýurtda ýaşaýan aktiwist belleýär, adatça, ölen adamyň ýadygärligine ýa-da wepat bolanlara gül desseleriniň goýulýandygyny aýdýar.

– Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň diňe prezidente degişli maddalary işleýär. Mysal üçin, hemmeler häzirki prezident kiçi Berdimuhamedowyň 40 ýaşynyň dolmagyna we soň “saýlaw” geçirilmegine garaşýardy. Şol “saýlaw” hem geçirildi. Häkimiýetler tarapyndan kanunlara we Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek tejribesi 30 ýyl bäri dowam edýär – diýip, Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtdy.

Ol ýokary wezipeli işgärlere salgylanyp, Konstitusiýa ýene-de üýtgetmeler girizilip bilinjekdigini aradan aýyrmaýar.

Kuanyşbek Kari, Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG