Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Konstitusiýa we Baýdak güni: Türkmenistanyň gaýta-gaýta üýtgedilen baş kanuny 30 ýaşady


Türkmenistan. Ýaşuly nesil Konstitusiýa we döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan çärelere gatnaşýar. Maý, 2019. Arhiwden alyndy. Illýustrasiýa suraty.

Mundan 30 ýyl ozal, 1992-nji ýylyň 18-nji maý güni Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Synçylar geçen 30 ýylyň dowamynda azyndan sekiz gezek üýtgetmelere we goşmaçalara sezewar bolan baş kanunyň Konstitusiýa kepil geçmek jogapkärçiligini öz üstüne alan döwlet häkimiýeti tarapyndan birnäçe gezek bozulandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenilýän Döwlet baýdagynyň güni has ozal, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününde, 19-njy fewralda bellenilýärdi. 2017-nji ýyldan başlap, bu sene 18-nji maýa geçirildi.

Türkmenistanda Konstitusiýa gaýta-gaýta girizilýän üýtgetmeler bilen bir hatarda möhüm seneler wagtal-wagtal üýtgedilýär. Esasy kanuna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar köplenç, synçylara görä, döwlet ýolbaşçylarynyň bähbitlerine hyzmat edýär.

Döwlet habarlar agentligi prezident Serdar Berdimuhamedowyň Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlagyny çap etdi. Prezident öz gutlagynda ýurduň gaýta-gaýta üýtgedilen baş kanunyny we döwlet baýdagyny “watanyň şöhratly taryhynyň subutnamasy” atlandyrdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we döwlet baýdagy “milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr” diýip, prezident aýtdy.

Baş kanuna 2016-njy ýylda girizilen üýtgetmeler ýurtda prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çykaryp, şol wagt prezident wezipesini eýeläp oturan Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary döwlet wezipesine arakesmesiz dalaş etmek mümkinçiligini beren bolsa, iki ýyl ozal 2020-nji ýylda baş kanuna girizilen üýtgetmeler Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesiniň atadan ogla peşgeş berilmegine hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 2020-nji ýylyň sentýabrynda girizilen üýtgetmeler bilen ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Iki palataly ulgam, göräýmäge, halkyň sesine, halkyň isleglerine we bähbitlerine has giň wekilçilik edilmegine ýardam bermelidi. Ýöne, baş kanuna girizilen üýtgetmeler, soňy bilen şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şol bir wagtda parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesini hem eýelemegine alyp geldi. Ýogsa, Berdimuhamedowyň öz teklip eden üýtgetmeleri we goşmaçalary ýurduň prezidentine kanun çykaryjy ulgama agzalygy we başlyklygy gadagan edýärdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesini eýelemegi bilen onuň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa prezident wezipesine dalaş etmäge ýol açyldy. Şeýlelikde, Konstitusiýa 2020-nji ýylyň sentýabrynda girizilen üýtgetmelerden bäş aý soň, 2021-nji ýylyň aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň başlygy boldy, şondan 10 aý soň bolsa, prezident wezipesinden çekilip, ýaşlara ýol bermek niýetini mälim etdi. Munuň yz ýany, 12-nji martda geçirilen irki saýlawlar Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesini eýelemegine ýol açdy.

“Üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler, aýratyn-da, iki palataly täze kanun çykaryjy edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ösen hukuk, syýasy ulgamly döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna iberen gutlagynda aýtdy.

Azat Adalga: Konstitusion üýtgetmeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:11 0:00

Synçylar ýurtda irki prezident saýlawlarynyň yglan edilmeginde we geçirilmeginde hem konstitusion hukuk bozulmalara ýol berlendigini aýdýarlar. Konstitusiýanyň 76-njy maddasyna laýyklykda eger-de prezident haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, täze prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň başlygyna geçen gününden başlap, altmyş günden gijä goýulman geçirilmelidir.

Ýöne fewral aýynda irki prezident saýlawlary yglan edilende Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesi bilen bir hatarda, kanuna garşy gidip, Halk Maslahatyna-da başlyklyk edýärdi. Üstesine, uly Berdimuhamedowyň anyk näme sebäpden wezipeden çekilmäge isleg bildirýändigi aç-açan aýdyňlaşmady. Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda özüniň pygamber ýaşyny arka atandygyny nygtady, ýöne pygamber ýaşyny arka atmak, baş kanuna görä, Türkmenistanda prezident wezipesini bes etmäge esas bolup bilmeýär.

Altmyş günden gijä goýman geçirilmeli saýlawlar, Türkmenistanda otuz günüň içinde, gyssagly geçirilip, Serdar Berdimuhamedowyň aňsat ýeňşi yglan edildi.

Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýurduň kanunçylygyna garamazdan ömürlik prezident yglan edilipdi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasy söz azatlygy, metbugat azatlygy ýaly esasy azatlyklary kepillendirýär. Ýöne 30 ýyl bäri söz azatlygy Konstitusiýa tarapyndan kepillendirilýän ýurtda, halkara hasabatlara görä, azat metbugatyň sesi häkimiýetler tarapyndan yzygiderli sem edilýär.

Konstitusiýa raýatlaryň hereket azatlygyny, özleriniň ýaşajak ýerini saýlap almak hukugyny kepillendirýär, ýöne ýurtda heniz hem propiska düzgüni saklanyp galýar. Konstitusion kepillige garamazdan, raýatlaryň halkara hereketi çäklendirilýär, häkimiýetler “gara sanawa” girizilen raýatlaryň, hamala, milli howpsuzlyk aladalaryna salgylanyp, eden-etdilikli häsiýetde ýoluny baglaýar.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň esasy kanun çykaryjy organyna wekilçilik edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:18 0:00

Galyberse-de, ýurduň baş kanuny aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny, gender deňligini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasy şeýle diýýär: “Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär”

Ýöne Türkmenistanyň hökümeti, hususan-da, üçünji prezident Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmeginden soň, ýurtda aýal hukuklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG