Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurist: Türkiýä wizasyz syýahatyň ýatyrylmagy türkmenleriň 'ýaşaýyş rugsadyny' kynlaşdyrar


Türkmen migrantlary Stambuldaky "Turkpermit" hukuk geňeşdarlygy firmasynda maslahat edýär. Arhiw suraty. 2018-nji ýyl.
Türkmen migrantlary Stambuldaky "Turkpermit" hukuk geňeşdarlygy firmasynda maslahat edýär. Arhiw suraty. 2018-nji ýyl.

Türkiýäniň 13-nji sentýabrda türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagy bilen, türkmen raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine esasy çykalgasy bolan Türkiýä barýan ýolunyň öňi baglanýan mahaly, türk ýuristi täze wiza talabynyň Türkiýede öňden bäri ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň durmuşyny oňaýsyz kynlaşdyrjakdygyny aýdýar.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Türkmenistanyň adaty raýatlarynyň Türkiýä wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmak barada gol çeken karary 14-nji sentýabrda Türkiýäniň döwlet portalynda çap edilen güni güýje girdi. Biraz ozal, 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen tarapynyň Türkiýe respublikasynyň döwletinden türkmen raýatlary üçin dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorandygyny mälim etdi.

Eýsem, täze düzgün Türkmenistanyň raýatlaryna, hususan-da Türkiýede öňden bäri ýaşaýan türkmenistanlylaryň durmuşyna nähili täsir eder?

Düýbi Stambulda ýerleşýän “Turkpermit” hukuk geňeşdarlygy firmasynyň başlygy, ýurist Murat Erşahin 15-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda täze wiza talabynyň türkmenistanly migrantlaryň Türkiýedäki durmuşyny mundan-da beýläk kynlaşdyrjakdygyny aýtdy.

“Indi, şeýle bir ýagdaý bar: Türkiýede ýaşaýyş rugsady, iş rugsady bar bolan adamlar, aýdaly, haýsydyr bir ýagdaý sebäpli wiza düzgünleri bilen bagly, ýaşaýyş rugsady bilen bagly düzgün bozma saýylýan ýagdaýlara sezewar bolup bilýärdiler. Olar şeýle ýagdaýdan nähili çykalga tapýardylar? Türkiýäniň kanunçylygyna laýyklykda, üç aýa çenli gaçgak ýagdaýda Türkiýede ýaşan adamlar pul jerimesini töleýärdiler we Türkiýeden çykyp, derrew yzyna gaýdyp gelýärdiler, şondan soňra, olaryň gaýtadan ýaşaýyş rugsadyna ýüz tutmaga haklary bolýardy. Indi, bu hak Türkmenistanyň raýatlarynda ýok. Näme üçin? Sebäbi, eger-de Türkmenistanyň raýaty wiza bilen bagly düzgün bozmalara ýol beren bolsa, aýdaly, meselem, wizasynyň möhletini uzaltmagy ýatdan çykaran bolsa, ýa-da ýüztutmany ýalňyş ýerine ýetiren bolsa, ol mundan beýläk üçünji bir ýurda girip-çykyp gaýtadan ýaşaýyş rugsadyna ýüz tutup bilmeýär. Olar baran ýurdunda Türkiýäniň wizasyny alyp, yzyna gelmeli bolarlar” diýip, türk ýuristi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 1-nji sentýabrda täzelän soňky sanlaryna görä, häzirki wagtda 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny ýaşaýyş rugsady bilen Türkiýede ýaşaýar. Resmi däl çeşmeler Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň ýüzlerçe müňden geçýändigini çaklaýarlar.

Türkmenistanda soňky ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizis, giň ýaýran işsizlik köp sanly türkmenistanlyny iş, eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä çykmaga iterdi. Türkmenler mundan ozal 30 gün möhlet bilen Türkiýä wizasyz girip, soňra şol ýerde iş tapyp, uzak möhletli ýaşap bilýärdiler. Türk ýuristiň sözlerine görä, türkmenistan raýatlary Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan döwründe ýaşaýyş rugsady bilen bagly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolan halatynda Türkiýäniň wizasyz syýahat düzgüni olara çykalga hödürleýärdi. Ýöne Türkiýäniň girizen wiza talaby bilen türkmenistanly migrantlar şeýle mümkinçiliklerden mahrum edildi.

“Biz bilýäris, meselem, Türkiýedäki şertler zerarly bir topar adam Kipre, Dubaýa, Polşa işlemäge gitdiler. Olaryň çagalary, aýallary bärde, Türkiýede galdy, özleri aňyrda işleýär. Mundan ozal, olar aýda bir gezek, ýa-da iki aýda bir gezek Türkiýä gelip-gidip bilýärdiler. Indi olar Türkiýä syýahat etmek üçin wiza almaly bolarlar. Soňky täzelikler, aslynda, hemmeleri aňk-taňk etdi” diýip, Erşahin aýtdy.

Türkmenistandaky ýiti ykdysady krizis we giň ýaýran işsizlik sebäpli iş gözleginde Türkiýe baryp, gazanç etmäge, maşgala eklemäge çalyşýan köp sanly türkmenistanly Türkiýede hem ýyllarboýy dürli kynçylyklara sezewar boldy, ýöne şeýle kyn pursatlarda olar türkmen häkimiýetleriniň, Türkiýedäki konsullyk işgärleriniň özlerine ýeterlik ýardam bermeýändiklerini aýdýarlar.

Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda, 2020-nji ýylyň bahar aýlarynda Türkiýede ýaşaýan onlarça türkmenistanly zäherlenip, aradan çykdy. Olar Stambulyň gonamçylygynda jaýlandy. Galyberse-de, türkmenistanlylaryň pasport meselesi köp ýyl bäri migrantlary Türkiýede çykgynsyz ýagdaýa salýar. Pandemiýadan ozalky ýyllarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistana sapar etmeli bolýardy. Pandemiýanyň getiren kynçylyklarynyň arasynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň arasynda türkmen hökümetine garşy protest hereketi emele geldi.

“Elbetde, agyr ykdysady kynçylyklar hem bar. Hususan-da, pandemiýa döwründe uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyndan soň, bilşimiz ýaly, bu ýerde onlarça türkmenistanly, belki-de ýüzlerçe türkmenistanly aradan çykdy. Uçar gatnawlary bolmansoň, olar bärde, “Hossarsyzlar gonamçylygynda” jaýlandy. Ýaňy-ýakynda şuňa meňzeş ýene bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Beýleki tarapdan, bu ýerde syrkawlap, ‘soňky demini öýünde berjek’ diýýän adamlar bar. Köp adam şeýle diýip, bize ýüz tutdy. Biz konsulhana bilen aragatnaşyga geçip, olara kömek etmäge synanyşdyk. Diýjek bolýan zadym, [wiza düzgüniniň ýatyrylmagy bilen bagly] bir topar sebäp bolandyr” diýip, türkiýeli migrasiýa hünärmeni aýtdy.

Türkiýe türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini 2007-nji ýylda girizipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG