Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýurda dolanmagyny talap edýär


Illýustrasiýa suraty. Polisiýa işgärleri
Illýustrasiýa suraty. Polisiýa işgärleri

Lebapda polisiýa işgärleri Türkiýede bikanun ýaşaýan lebaply raýatlaryň Türkmenistandaky maşgalalaryndan olaryň ýurda dolanmagyny talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 9-njy ýanwarda habar berdi.

“Türkiýedäki wizalarynyň möhleti geçen lebaply raýatlaryň Türkmenistandaky maşgalalaryndan olaryň yzyna dolanmagy talap edilýär. Gelmedik ýagdaýynda olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljegi duýdurylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli polisiýa Türkiýede bikanun ýaşaýan raýatlary Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlary esasynda anyklady.

Migrant ýakynlary bilen gürrüňdeşlikde polisiýa Türkiýede ýanwaryň başynda käbir türkmen raýatlarynyň adam pidalaryna getiren uly jenaýata gatnaşandygyny aýdýar. Olary yza dolamak talaplary hem bu sebäp bilen düşündirilýär.

“Mundan beýläk, beýleki raýatlaryň türk döwletine çykmagy hem kynlaşdyrylýandygy duýduryldy” diýip, habarçy häkimiýetleriň migrant hossarlaryna aýdan gürrüňlerine salgylandy.

“Ýanwaryň başynda käbir türkmenistanly adam öldürmek jenaýatynda güman edilip, türk polisiýasy tarapyndan tussag edilipdir” diýip, habarçy maglumat berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýedäki migrantlary ýurda dolamak bilen bagly girişýän soňky çäreleri, türk metbugatynda türkmenistanly raýatlaryň baş goşan jenaýatlary bilen bagly çap edilýän habarlaryň yzýanyna gabat gelýär.

Türkiýäniň “Hürriýet” neşiriniň habaryna görä, 1-nji ýanwarda Izmir şäheriniň Karşyýaka etrabynda Täze ýyl baýramyny belleýän adamlaryň arasynda dörän dawa-jenjelde Türkmenistanyň raýaty Uktam Reýimbaýew pyçaklanyp öldürildi. Munuň bilen baglylykda 17 adam, şol sanda 3 aýal türk polisiýasy tarapynda tussag edildi.

“Milliýet” neşiriniň 9-njy ýanwardaky maglumatyna görä, ýylyň başynda Stambulda öz watandaşyny ýaralamakda hem-de bir özbegistanlyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly, 44 ýaşly Bartalaw bilen onuň aýaly Roza Esenýurt etrap polisiýasy tarapyndan tussag edildi.

Türk metbugatynyň beýleki bir habaryna görä, Tekirdag etrabynyň Çorlu sebitinde türkmenistanly bir hyzmatçy aýalyň işleýän öýünde 1-nji ýanwarda 77 ýaşly bir türk raýaty öli tapyldy.

“CNN Türk” neşiriniň habaryna görä, 22-nji dekabrda Stambulyň Jihangir mähellesinde bir toýdan gije 22:30 töweregi içgili çykyp, toý mekanyň haýatyndan ýola böken türkmenistanly Polat Ibragimowy mikrobus kakdy. Ol hassahana ýatyryldy.

Ýanwaryň başynda Russiýanyň Ulýanowsk regionynda türkmenistanly bir student öz watandaşyny pyçaklap öldürdi. Bu barada rus neşirleri habar berdi.

Belarusyň Içeri işler ministrligi Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanlynyň tussag edilendigi 6-njy ýanwarda habar berdi.

Beýleki tarapdan, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky türkmenistanly zähmet migrantlaryny ýurda dolamak boýunça olaryň yzda galan maşgala agzalaryna ilkinji gezek basyş etmeýär.

Noýabrda Lebap welaýatynda kanun goraýjy düzümleriň işgärlerinden olaryň daşary ýurtlarda işleýän dogan-garyndaşlarynyň ýurda dolanmagy talap edildi.

2018-nji ýylyň iýunynda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky migrantlary yzyna dolamak çärelerini güýçlendirdi. Lebap welaýatynyň Serdarabat, Çärjew, Halaç we Sakar etraplaryndan, Mary welaýatynyň hem Baýramaly, Ýolöten we Murgap etraplarynyň obalarynda häkimiýetler ýerli ýaşululardan zähmet migrantlaryny ýurda dolamak üçin töwellaçy bolmagy talap edipdi.

Şol gabatlar ýurduň beýleki dürli künjeklerinde, şol sanda Balkanyň we Lebabyň oba geňeşliklerinde häkimiýet wekilleri ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyk geçirip, dogan-garyndaşlary daşary ýurtlarda işleýän raýatlardan olaryň yzlaryna çagyrylmagyny talap etdiler.

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň anyk sany barada maglumat bermeýär, ýöne Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda ykdysady krizisiň ýitileşmegi bilen has köp raýat eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG