Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň wiza düzgünini girizmegi türkmen migrantlarynyň aladasyny güýçlendirdi


Stambl
Stambl

Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlarynyň arasynda watanyna dolanmak niýetinden ýüz öwürmäge islegler artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtlaryň arasyndaky wizasyz düzgün ýatyrylansoň, türkmen raýatlary, şol sanda hatda dokumentsiz bikanun ýagdaýa düşen adamlar Türkiýede galmagy makul bilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenler, özleriniň we watandaşlarynyň, hatda Türkiýede bikanun ýaşaýanlaryň Türkmenistana gitmegiň özleri üçin amatsyz karar bolmagyndan howatyrlanýandygyny gürrüň berdiler. Olar ýurtlaryň arasynda wiza talabynyň girizilmeginden soň, Türkiýä gaýdyp barmagyň öňküsinden hem kynlaşmagyndan we Türkmenistanda giň ýaýran işsizligiň fonunda, Türkiýede işlemek mümkinçiligini ýitirmek we düýpden eklençsiz galmak howpunyň ýokarlanmagyndan howatyr edýärler.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy, dokumentlerini sazlamak üçin Türkiýeden gaýdyp gelen we ýaşaýan ýerinde täze pasport alan ýaşaýjylaryň indi Türkiýä işlemäge gitmek mümkinçiliginiň ýokdugyny habar berdi. Bu aralykda, Türkiýedäki türkmenistanlaryň arasynda watanyna gaýtmazlyk aladalary barha artýar.

"Türkiýä gitmek hasam kynlaşýar. Öýlerine dolanyp, täze pasport almak we soň yzyna gaýtmagy umyt eden Lebabyň ýaşaýjylary indi bu planlaryndan ýüz öwürýärler. 25-nji sentýabra uçar bileti bolan birnäçe adam syýahatyny ýatyrdy" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanda wiza almakda ýardam hödürleýän araçylar peýda bolup başlady. Habarçynyň sözlerine görä, esasanam Lebapda, 1500 dollara alty aýlyk wiza alyp bermek tekliplerine duş gelmek bolýar.

Daşary ýurtlarda zähmet migrasiýasy onlarça ýyl bäri Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegi üçin esasy girdeji çeşmesi bolmagyna galýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň raýatlary pul gazanmakdan başga-da bilim, syýahatçylyk we söwda maksady bilen Türkiýä gitdiler.

Türkiýe, Türkmenistanyň haýyşy boýunça ýakynda türkmen raýatlary üçin wizasyz düzgüni ýatyrdy. Bu karar 13-nji sentýabrda Türkiýäniň hökümeti tarapyndan kabul edildi, oňa prezident Rejep Taýyp Erdogan gol çekdi.

Ýatlatsak, 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz web sahypasynda türkmen tarapynyň türkmen raýatlary üçin “wiza düzgünini” girizmek haýyşy bilen Türkiýä ýüz tutandygyny habar berdi. Resmi maglumatda munuň maksady Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe respublikasynda bolmagyna degişli düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen düşündirildi.

Türkmen häkimiýetleri wiza düzgünini girizmeginiň Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmek mümkinçiligine nähili täsir etjekdigi barada resmi düşündiriş bermedi.

Türkmenistanyň raýatlary mundan öň Türkiýä wizasyz gidip, 30 güne çenli ýurtda bolup bilýärdi. Şonuň üçin Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin zähmet migrasiýasynyň esasy ugruna öwrüldi. Türk Migrasiýa Gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň 230000 golaý raýaty bu ýurtda kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, bu ýurtda Türkmenistanyň raýatlarynyň sany birnäçe esse köp, köpüsi Türkmenistanyň ençeme ýyllap öz raýatlaryna ýurduň daşynda pasportlary çalşyp bermändigi sebäpli bikanun ýagdaýda galýar. Aşgabat migrasiýa barada resmi maglumatlary çap etmeýär.

Pandemiýa döwründe adaty uçar gatnawynyň kesilmegi zerarly Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlary üçin dokument meselesi hasam agyrlaşdy. Türkmenistanyň müňlerçe raýaty watanyna barmak mümkinçiligini ýitirdi. Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy diňe şu ýazda öz raýatlaryna daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlady.

Bu aralykda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda yzygiderli howa aragatnaşygy henizem ýok. Türkmen häkimiýetleri tarapyndan gurnalýan ýörite uçuşlardan başga-da, şu aýda "Türk howa ýollarynyň" birnäçe çarter uçarlary goşuldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG