Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk ministri Lebaba bardy, ilat sebitiň saglyk desgalaryndaky pes hyzmatlardan şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Hassahana.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Hassahana.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow 15-16-njy sentýabrda Lebap welaýatyna sapar edip, sebitde gurluşygy dowam edýän käbir saglyk desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar sebitiň saglygy goraýyş desgalarynda, hassahanalarda we saglyk öýlerinde ilata hödürlenýän saglyk hyzmatlarynyň hiliniň pesdigini aýdýarlar.

Ministriň saparynyň gün tertibinden habarly lukmançylyk işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertlerde beren maglumatyna görä, Germanow iki günüň dowamynda Türkmenabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna we sebitdäki beýleki käbir etraplaryň hassahanalaryna hem-de saglyk öýlerine baryp gördi. Şeýle-de, saglyk ministri Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda bina edilýän täze şäherçäniň çägindäki saglyk öýleriniň gurluşygyna tomaşa etdi.

Saglyk ministriniň gündogar welaýata amala aşyrýan sapary dowam edýän mahaly, ýerli ýaşaýjylar sebitiň hassahanalarynda we saglyk öýlerinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň pesdigini aýdyp şikaýat edýärler.

“Syrkawlan raýatlar hassahanalara ýüz tutanlarynda, hojalyk hasaplaşygynda bejergi aljak bolsaň, has köp çykdajy çykýar. Meselem, birinjiden, hassahananyň düşegi üçin bir töleg geçirmeli. Ikinjiden, lukmanyň eline 500-600 manat para bermeli” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sebit hassahanalarynyň birinde saglyk bejergisini alan lebaply ýaşaýjynyň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynda 10 günlük saglyk bejergisiniň tölegi 3-4 müň manat aralygynda üýtgeýär.

Bu töleg dollaryň resmi alyş-çalyş kursy boýunça takmynan 850-1200 dollara barabar bolýar, gara bazar bahasy boýunça takmynan 150-200 dollar töwereklerinde üýtgeýär.

“Üstesine, hassahanada bolan döwrüňde iýýän iýmitiňi hem öýden getirmeli. Hassahana geçirilýän töleg gyzgyn nahar üpjünçiliginiň tölegini öz içine almaýar” diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli lukman hassahanada bejergi alýan hassalalaryň iýgi-içgisini öz öýlerinden ýa-da garbanyşhanalardan aldyrýandyklaryny aýdýar.

“Hassalar keselhanalarda bejergi alýan döwürlerinde öýlerinden ýa-da restoranlardan nahar getirdip, naharlanýarlar” diýip, lebaply bir lukman anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar lukmanlaryň arasyndaky korrupsiýa hadysalaryna we parahorlyga özleriniň ýakyndan şaýat bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Lukmanlaryň parahorlygy azalmaýar” diýip, saglyk pudagyndaky çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy ýurduň dürli sebitlerindäki käbir hassahanalarda ýol berilýän korrupsiýa hadysalary barada habar berdi.

Azatlygyň habarçylary aprel aýynyň ahyrlarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze açylan köpugurly hassahanada ýol berilýän parahorlyk barada we işe ýerleşmek isleýän lukmanlardan we şepagat uýalaryndan para talap edilýändigini habar berdiler.

Munuň yz ýany, maýyň soňky ongünlüginde Türkmenbaşy hassahanasynda derňew işleri geçirilip, Türkmenbaşynyň welaýat hassahanasynyň baş lukmany saklandy.

Lebaply ýaşaýjylar Türkmenabadyň welaýat hassahanasynda 500-600 manat möçberinde lukmana geçirýän töleglerini “para” atlandyrýarlar.

Has ozal, Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagy hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Türkmenistanyň öňki prezidenti, käri boýunça diş lukmany bolan Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň sentýabrynda saglyk pudagyndaky hojalyk hasaplaşygy meselesine ýene bir gezek ünsi çekipdi. Berdimuhamedow şonda saglygy goraýyş pudagynyň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrjakdygyny aýdypdy.

“Lukmana 500-600 manat töleg geçirmeseň, lukman seniň saglygyňa seretmeýär” diýip, lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Lebap welaýatynyň hassahanalaryna we saglyk öýlerine sapar edýän saglyk ministri Atageldi Germanow şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellenildi.

Türkmenistan hökümetiniň boýun almadyk koronawirus pandemiýasy döwründe ýurduň saglyk ministri bolan Nurmuhammet Amannepesowyň wezipesi iýul aýynda ýokary göterildi. Wise-premýer Amannepesow häzir ýurduň bilim, saglyk, sport we ýaşlar meselelerine gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG