Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda täze hassahana işe girmek üçin "müňlerçe dollar para bermeli"


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Soňky iki aý çemesi wagtyň dowamynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze açylyp ulanmaga berlen köpugurly hassahana saglyk işgärlerini, şol sanda lukmanlary we şepagat uýalaryny işe almak prosesi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu hassahana işe ýerleşmek üçin, saglyk işgärleriniň resmilere müňlerçe dollar möçberinde para bermeli bolýandyklaryny anyklamagy başardylar.

Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýerli saglyk pudagyndaky ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmeleri, şol sanda hassahana işe ýerleşmäge synanyşan balkanly lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň birnäçesi gürrüň berdi.

"Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlan 20 töweregi ýaş lukmanyň her biri hassahana işe girmek üçin 200 müň manat para berdi. Olar welaýatymyzyň dürli etraplaryndan gelen ýaş lukmanlardyr. Şeýle-de, lukmançylyk mekdeplerini tamamlan ýaş şepagat uýalarynyň 34 sanysy bu hassahana işe girmek üçin 100 müň manat para berdi" diýip, saglyk pudagyndaky çeşmämiz aýtdy.

Bellesek, 200 müň manat ýurduň Merkezi bankynyň resmi kursunda $57 müňden gowrak, dollaryň gara bazar nyrhynda ortaça $11 müňe barabar bolýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren çeşmelerimiz we saglyk işgärleri bu usul esasynda eýýäm onlarça lukmanyň we şepagat uýasynyň işe ýerleşendigini hem belleýärler.

Ýatlatsak, gürrüňi edilýän hassahana şu ýylyň 15-nji aprelinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylyp ulanmaga berildi.

Çeşmelerimiz Türkmenbaşynyň beýleki keselhanalarynda ýa saglyk öýlerinde işleýän onlarça saglyk işgäriniň, şol sanda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň hem täze hassahana işe geçendigini aýdýarlar.

Ýöne olar bu saglyk işgärleriniň, täze işe başlaýan lukmanlar we şepagat uýalary ýaly, uly möçberde para bermeli bolmandygyny hem belleýärler.

"Beýleki keselhanalardan we saglyk öýlerinden işe geçen lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň her biri 20 müň manat möçberinde para berdi. Bu resmi kursda $5700-e, gara bazaryň nyrhynda $1100-e barabardyr" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, täze işe başlaýan lukmanlardan we şepagat uýalaryndan alynýan paranyň möçberiniň köp bolmagyna, ýolbaşçylaryň olaryň resminamalaryny düzetmek üçin beýleki döwlet edaralaryna para bermeli bolýandygy bilen baglanyşykly.

"Täze işe ýerleşjekler üçin täze bank hasaby açyp, býujetden täze resminamalaryň ençemesi doldurylýar. Täze zähmet şertnamasy bolany üçin köp ýere para berilýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Mundan başga-da, ol täze hassahananyň administratiw bölüminde işlemek üçin işe ýerleşjek raýatlardan hem azyndan 40 müň manat möçberinde para alnandygyny sözüne goşdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada gürrüňi edilýän hassahana bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady. Bu barada Türkmenbaşy şäheriniň we Balkan welaýatynyň saglyk bölümleri bilen habarlaşmak hem başartmady.

Türkmenistanda korrupsiýanyň tas ähli pudaklarda giňden ýaýrandygy, raýatlaryň - tam süpüriji bolmakdan başlap tä ýokary wezipelere çenli - islendik işe ýerleşmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada Azatlygyň habarçylary, türkmenistanlylar we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berip gelýärler.

Geçen aýyň üçünji ongünlüginde lebaplylaryň Türkmenabatda ýer edinmek üçin "$10 müň para bermeli bolýandygy" barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Türkmen häkimiýetleri para-berim ýagdaýlary baradaky maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Hökümet mejlislerinde ýurtda "korrupsiýa garşy alnyp barylýan giň gerimli göreş" barada wagtal-wagtal gürrüň edilýär. Ýöne synçylar korrupsiýanyň ýokardan başlaýandygyny aýdyp, bu çykyşlaryň meseläni düýpli çözmäge däl-de, "halkyň gözüni boýamaga gönükdirilendigini" aýdýarlar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary prezident Serdar Berdimuhamedowyň maý aýynyň 15-20-si aralygynda Daşoguz welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, prezidentiň bu welaýatda täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG