Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky Rus ilçihanasy MA raýatlarynyň urşa çekiljegini ret edýär, Ukraina Günortadaky hüjümini güýçlendirýär


Mari El, Ýosşkar Ola, Mobilizasiýa.
Mari El, Ýosşkar Ola, Mobilizasiýa.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň Russiýada yglan edilen bölekleýin mobilizlenmegiň bir bölegi hökmünde harby gulluga çagyrylmaýandygyny, bu barada çykan habarlaryň galpdygyny aýtdy diýip, Akipress.com Aşgabatdaky Rus ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

"Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň Russiýada harby gulluga çagyrylmagy baradaky habarlaryň dogry däldigine ünsi çekýär" diýip, ilçihana twitterde aýtdy.

Yzygiderli uçar gatnawlarynyň ýatyrylan döwründe goşa raýatlygy bolan ýüzlerçe adamyň Russiýa göçmegine kömek eden ilçihana Russiýa gelen türkmenistanlylaryň arasyndan harby gulluga çekilenler, olaryň käbiriniň ölümi bilen bagly habarlara reaksiýa bildirmeýär.

Mundan öň Russiýanyň Özbegistandaky ilçihanasy, Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasy hem Russiýada wagtlaýyn ýaşaýan merkezi aziýalylaryň mobilizasiýanyň çäginde harby gulluga çagyrylyp bilinmejekdigini aýdypdylar.

Mundan başga, gyrgyz we özbek häkimiýetleri öz raýatlarynyň Ukrainadaky harby konflikte gatnaşmagynyň, hakyna tutulan söweşiji bolmagynyň milli kanunçylyk esasynda jenaýatçylyk hasaplanjakdygyny duýduryp, ýörite beýanat çap etdiler.

Sebitiň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistan Ukrainadaky uruş barada, şol sanda Russiýada, Ukrainada we beýeleki ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylar barada açyk maglumat bermeýär.

Ozal habar berlişi ýaly, mobilizasiýa yglan edilmezinden öň, Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň hataryna çekmek şerti bilen, zähmet migrantlarynyň Russiýanyň raýatlygyny almak mümkinçilikleri ýeňilleşdirildi.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin bolsa, 20-nji sentýabrda, bölekleýin mobilizasiýanyň yglan edilmeginiň bir gün öňünden, daşary ýurt raýatlaryny harby gulluga ibermek meselesinde kömek bermek üçin, Russiýanyň Goranmak ministrligine infrastruktura döredilendigini, onuň Saharowo migrasiýa merkezinde ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

Russiýada yglan edilen bölekleýin mobilisaziýa, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Moskwanyň goşunlarynyň Ukrainada öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip bilmezligi we köp adam, tehnika ýitirmegi bilen düşündirilýär.

Şu aralykda, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň aýtmagyna görä, Ukrainanyň ýaragly güýçleri sebitdäki oba-şäherleri azat edip, rus güýçlerine garşy berk gaýtawul bermeklerini dowam etdirýärler.

Zelenski 3-nji oktýabrda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde "biziň goşunymyzyň we ähli goragçylarymyzyň hüjüm hereketi dowam etdi" diýip, goşmaça, jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Emma ukrain resmileri we Russiýa tarapyndan bellenen bir lider Kiýew güýçleriniň 3-nji oktýabrda günortadaky ilerlemelerini dowam etdirip, ýurdy ikä bölýän strategiki derýanyň, Dnieperiň ýakasynda ýerleşýän birnäçe obany yzyna alandygyny aýtdy.

Ukrain goşunynyň günorta amallary serkerdeligi gijeki habarynda günortadaky güýçleriniň 31 sany rus tankyny we bir raketa atyjy enjamy ýok edendigini aýtdy, emma söweşiň nirede bolandygyny we beýleki jikme-jikliklerini aýtmady.

Bu beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

"Birnäçe sebitde täze ilat merkezleri azat edildi. Frontyň köp ýerinde gazaply söweşler dowam edýär" diýip, Zelenski haýsy şäherçeleriň azat edilendigini anyklaşdyrmazdan aýtdy.

Şeýle-de, ol "barha we barha köp basybalyjynyň gaçyp gutulmaga synanyşýandygyny, duşman goşunynyň barha we barha köp ýitgi çekýändigini, ol ýerde indi Russiýanyň Ukraina çozmagynyň ýalňyşlyk bolandygyna düşünýänleriň köpelýändigini’ belledi.

Bir gün öň ol ukrain goşunlarynyň Donetsk sebitindäki strategik şäheri, Limany doly gözegçilik astyna alandygyny aýdypdy.

Günortada, Ukrainanyň Herson sebitiniň basylyp alnan ýerlerinde Moskwa tarapyndan bellenen lider Wladimir Saldo Russiýanyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda ukrain goşunlarynyň Dnieper derýasynyň günbatar kenaryndaky Dudçani şäherini yzyna alandygyny aýtdy.

Dudçani ukrain güýçleriniň 3-nji oktýabrdaky böwsüşden öň duran ýerleriniň 30 km günortasynda ýerleşýär we bu habar günortadaky söweşiň örän çalt depginde ilerleýändigini görkezýär.

Russiýanyň harby bloggerleri 3-nji oktýabr güni irden ukrain tanklarynyň Dniepriň günbatar kenaryndaky territoriýada onlarça kilometr aralygy geçendigini aýtdylar.

ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi 3-nji oktýabrda ukrain güýçleriniň hüjümleriniň Russiýany Hersonda “goranyşa geçmäge” mejbur edip, rus goşunlarynyň goşun bölümleriniň üstüni ýetirmek tagallalaryna päsgelçilik döredendigini aýtdy.

Şu aralykda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 4-nji oktýabrdaky habarynda aýdylmagyna görä, ukrain güýçleri soňky birnäçe günde Donetsk sebitindäki birnäçe obada we Herson şäheriniň demirgazygyndaky Ternowy Podide rus hüjümlerini yzyna serpikdirdi.

Şeýle-de, baş ştabyň habarynda ukrain güýçleriniň Russiýanyň üç sany uçara garşy raketa ulgamyny, iki pilotsyz uçaryny ýok edendigi aýdylýar.

Emma bu habary garaşsyz tassyklap bolmady.

Ukrain güýçleriniň gündogarda we günortada alyp barýan garşylykly hüjümlerini güýçlendirmegi bilen, rus goşuny 3-nji oktýabrda ukrain şäherlerine edýän raketa hüjümlerini güýçlendirdi.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow atylan raketalar infrastruktura zyýan ýetirip, elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.

Harkowyň gubernatory Oleh Sinýehubow bir adamyň öldürilendigini, azyndan iki adamyň, şol sanda 9 ýaşly gyzjagazyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ukrainanyň günortasyndaky Nikopol şäherine atylan rus raketalary parahat ilatdan dört adamy ýaralady.

Forum

XS
SM
MD
LG