Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ilçihanasy Ukrainadaky türkmenistanlylaryň bu ýurtdan çykmagyna çagyrýan bildirişini aýyrdy


Türkmen DIM-niň binasy
Türkmen DIM-niň binasy

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy öz web sahypasynda bildiriş çap edip, Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukrainanyň çäginden çykmaklaryna çagyrylýandygyny habar berdi. 16-njy oktýabrda köpçülige elýeterli bolan bu bildiriş 17-nji oktýabrda ilçihananyň web sahypasyndan ýitirim boldy.

Şol bir wagtda, bu bildiriş 17-nji oktýabrda giçlik gaýtadan web sahypada peýda boldy.

Ukrainanyň çäginde dowam edýän harby ýagdaý bilen baglylykda, şeýle-de onuň tutuş çäginde güýçlenýän raketa hüjümleri howpy sebäpli, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy häzirki wagtda Ukrainanyň çäginde ýerleşýän we daşary ýurtdan Ukraina sapar etmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň ählisine ýüzlenýär diýip, bildirişde aýdyldy.

Şahsy howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlaryny goňşy ýurtlaryň üsti bilen Ukrainanyň çäginden çykmaga, şeýle-de onuň territoriýasynda harby ýagdaý düzgünleri ýatyrylýança Ukraina gitmekden saklanmaga çagyrýarys diýip, ilçihana Ukrainanyň goňşy ýurtlaryndan Türkmenistan ugry boýunça guralýan uçuşlar barada maglumat almak üçin özlerine, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna ýüz tutmagy maslahat berdi.

Bildirişde Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň telefon belgileri ( +38044 279-34-49, +38044 279-35-24), e-mail (embassy@ambturkm.org.ua.) hem ýerleşdirilipdir.

Azatlyk 16-njy oktýabrda köpçülige elýeterli bolan bu bildirişiň näme sebäpden 17-nji oktýabrda ilçihananyň web sahypasyndan ýitirim edilendigini, soňra-da gaýtadan çap edilendigini anyklap bilmedi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa 24-nji fewralda Ukraina esassyz goşun girizeli bäri Ukrainada gazaply uruş dowam edýär. Bu ýurtda sekiz aýa golaý wagt bäri barýan we müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolan urşuň arasynda, türkmen we ukrain häkimiýetleriniň arasynda birnäçe diplomatik gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji awgustda Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli prezident Wolodymyr Zelenskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ukrain halkyna bolsa durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Prezident bu gutlagynda "uruş" we "parahatçylyk" ýaly sözleri agzamady.

Şu aýyň 10-da döwlet metbugaty Ukrainada barýan urşy agzamazdan, Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geçiren interwýusyny çap etdi.

Ýöne Türkmenistanyň ýolbaşçylary bu diplomatik gatnaşyklaryň hiç birinde ýa-da resmi beýanatlarda Ukrainadaky uruş barada hiç bir zat aýtmadylar. Türkmen metbugaty hem, adatça bolşy ýaly, bu uruş hakynda hiç bir habar çap etmeýär.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda Ukraina urşy babatda geçirilen ses berişliklere-de gatnaşman gelýär.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň çap eden bildirişi türkmen resmileriniň Ukrainada güýçlenýän raketa hüjümlerini agzap, bu ýurtda barýan urşy tassyklamagy bilen bagly ilkinji resmi beýanaty boldy.

Bu waka, Russiýanyň 17-nji oktýabrda ukrain paýtagty Kiýewe hüjümlerini ýene güýçlendirip, günorta Dnipropetrowsk sebitini nyşana alýan mahalyna gabat geldi. Ukrainanyň prezident diwanynyň başlygy Andriý Ýermak telegram habarlaşma programmasynda Kiýewe kamikadze dronlary diýlip atlandyrylýan pilotsyz howa ulaglary bilen hüjüm edilendigini aýtdy.

Häzirki wagtda Ukrainada ýaşaýan türkmenistanlylaryň anyk sany barada maglumat ýok, ýöne ÝUNESKO-nyň 2020-nji ýyl üçin çap eden statistika sanlaryna görä, Ukrainada jemi 4 müň 304 türkmen talyby ýokary bilim alýardy. Ukrainanyň Daşary işler ministrligine görä, uruş başlandan soňra 5-nji marta çenli Ukrainadan 1 müň 700 türkmen talyby ewakuasiýa edildi.

Ukrainada dowam edýän uruş bilen bagly, dünýäniň ençeme ýurdunyň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň birnäçesiniň häkimiýetleri öz raýatlarynyň Ukrainanyň çäginden çykmaklaryna çagyrdy. Şeýle-de, olar öz raýatlarynyň howpsuz Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara barmagy we soňra-da watanyna dolanmagy üçin goldaw berdiler.

Şol bir wagtda, urşuň başlamagynyň yz ýany, Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň öz raýatlarynyň ewakuasiýasyna ýeterlik ýardam bermeýändigi baradaky habarlaryň arasynda, 28-nji fewralda Ukrainada galan türkmen raýatlary Türkiýäniň “A Haber” telekanalyna interwýu berip, türk häkimiýetlerinden, şol sanda prezident Rejep Taýýyp Erdogandan kömek soradylar.

Makala 18-nji oktýabrda irden täzelendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG