Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ÝOJ-laryna okuwa kabul edilen türkmenistanlylar uçara goýberilmeýär


Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiw suraty
Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiw suraty

Russiýanyň ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) okuwa kabul edilen türkmen studentleri Türkmenistandan Russiýa gitmek üçin Aşgabadyň halkara aeroportuna baranlarynda, zerur bolan ähli resminamalarynyň bardygyna garamazdan, uçara goýberilmeýärler. Aeroportdaky Döwlet Migrasiýa gullugynyň işgärleri munuň sebäplerini türkmen studentleriniň okuwa kabul edilen ÝOJ-larynyň Türkmenistanda diplomy kabul edilýän uniwersitetleriň sanawyna girmeýändigi bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.

"Görnüşinden, Russiýanyň ÝOJ-laryna kabul edilen studentleriň ýurtdan çykmagynda çynlakaý mesele bar. Oglanlaryň we gyzlaryň elinde ähli zerur resminamalar, şol sanda institutyň ýa-da uniwersitetiň çakylygy, Russiýanyň ilçihanasynyň wizasy, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden alnan resminama bar. Olar aeroporta baryp, registrasiýa bölüminden geçýärler. Ýöne problema şondan soň, ýagny Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň ýanynda başlaýar" diýip, ene-atalaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Migrasiýa gullugynyň işgärleri türkmen studentleriniň kabul edilen uniwersitetleriniň ýa institutlarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomy kabul edilýän daşary ýurt ÝOJ-lary baradaky sanawyna girmeýändigini aýdýarlar we olaryň uçara münmegine rugsat bermeýärler.

"Stundetler köpçülikleýin uçara goýberilmeýär. Ýogsa olar döwlet guramasynyň ýollanmasy esasynda däl-de, öz ene-atalarynyň hasabyna okamaga gidýärler. Şeýle-de, ýurduň Bilim ministrligi hem olara garşy hiç hili çäklendirme girizmedi, ministrlik olara zerur bolan resminamany berdi" diýip, aşgabatly ene anonimlik şertinde aýtdy.

2019-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan ýurtda diplomy kabul edilýän daşary ýurt ÝOJ-larynyň sanawyny yglan etdi. Diplomy tassyklanýan ÝOJ-larynyň hatarynda Belarusyň bir, Gazagystanyň iki, Gürjüstanyň bir, Ukrainanyň üç, Russiýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň onlarça we Hytaýyň ýüzden köp uniwersiteti bar. Azatlyk şol ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren bu düzgüniň resmi sebäplerini anyklap bilmändi.

"Ministrligiň sanawy çap edilende, türkmenistanlylaryň şol sanawdaky ÝOJ-lardan başga uniwersitetlere okap bilmeýändigi barada hiç zat aýdylmaýardy. Görnüşinden, indi türkmenistanlylar şol sanawdaky ÝOJ-lardan başga uniwersitetlerde ýa institutlarda okamaly däl edilipdir. Çagalary öňümizdäki günlerde Russiýa uçmaly ene-atalar häzir howsalaly ýagdaýlary başdan geçirýärler" diýip, aşgabatly ene belledi.

Şol bir wagtda, habarçymyz Migrasiýa gullugynyň işgärlerine "belli bir mukdarda para beren" käbir ene-atalaryň çagalaryny uçara mündirmegi başarýandygyny hem habar berdi.

Azatlyk ýokardaky talabyň diňe Russiýanyňmy ýa-da beýleki ýurtlaryň ÝOJ-laryna hem degişlimi ýa däldigini häzirlikçe anyklap bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu barada Döwlet Migrasiýa gullugyndan we Bilim ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa hem alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumat, Russiýada harby mobilizasiýanyň yglan edilendigine garamazdan, Türkmenistandan bu ýurda gitmek isleýän türkmenleriň sanynyň köp bolmagynda galýandygy baradaky habarlaryň, şeýle-de, Russiýanyň 17-nji oktýabrda ukrain paýtagty Kiýewe hüjümlerini ýene güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

Geçen hepde Aşgabatdaky habarçylarymyz ​Türkmenistandan Moskwa uçar biletlerini satýan awikompaniýalaryň, şeýle-de Russiýa syýahatçylyk wizalaryny almaga kömek edýän kompaniýalaryň öňünde köp adamyň üýşendigini habar berdiler.

Mundan ozal bolsa, has takygy 7-nji sentýabrda garaşsyz neşir Turkmen.news Türkmenistanyň häkimiýetleriniň 1-nji oktýabra çenli Russiýa gitmedik türkmen talyplaryny harby gulluga alyp başlajakdygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmek isleýän raýatlary hiç hili sebäpsiz uçara goýbermezligi bilen bagly wakalar mundan ozalky ýyllarda hem köp gaýtalanypdy. Bu tejribe pandemiýadan öňki, hususan-da 2018-2019-njy ýyllarda has-da güýçlenipdi.

Häkimiýetler bu çäreler we onuň sebäpleri barada resmi derejede maglumat bermeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG