Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň maglumatyndan soň, türkmen ýük ulaglarynyň Farap gümrükhanasyndan geçirilmegi çaltlaşdyryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň türkmen sürüjileriniň Farap gümrükhanasyndan Özbegistana geçmek üçin Lebap welaýatynda bir hepde çemesi garaşmaly bolýandygy baradaky maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýerli ýük ulaglarynyň gümrükden geçirilmegini birneme çaltlaşdyrdylar. Bu barada ýerli sürüjileriň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

18-nji oktýabrda sebitdäki habarçymyz ýerli sürüjileriň Farap gümrükhanasyna göni baryp bilmeýändigini, olardan ilki welaýatyň Çärjew etrabyndaky 'Ak bazaryň' awtoduralgasynda nobata durmagyň talap edilýändigini habar beripdi. Şonda habarçymyz sürüjilere nobatyň dört günden ýetýändigini we şondan soň olaryň ýörite 'fiş' alyp, Amyderýanyň köprüsinden geçip, Farap gümrükhanasyna barýandygyny we bu ýerde-de azyndan iki gün garaşmaly bolýandygyny hem belläpdi. Sürüjiler bu talabyň ýurduň çäginden üstaşyr goňşy döwletlere geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna degişli däldigini hem aýdypdylar.

"Azatlykda geçen hepde çap bolan maglumatlardan soň, geçen dynç gününden başlap, ýerli ýük ulaglarynyň Farap gümrükhanasyndan geçirilmegi bir az tizleşdi. 'Ak bazaryň' awtoduralgasynda nobata duran ýük ulaglarynyň sany gün-günden azalýar. Farap gümrükhanasyndan bir günüň dowamynda geçýän ýerli ýük ulaglarynyň sany iki esse artdy" diýip, ýagdaýdan habarly maryly ýük ulag sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz geçen hepdäniň käbir günlerinde Farap gümrükhanasyndan Özbegistana geçmek üçin nobata duran ýerli ýük ulaglarynyň sanynyň 700-e golaýlandygyny hem habar berdi.

Adatça bolşy ýaly türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler. Azatlyga bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginden, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden kommentariýa ýa düşündiriş almak hem başartmady.

Ýöne ýerli ýük ulaglarynyň gümrükden geçirilmeginiň birneme çaltlaşdyrylmagy, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň "üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň zerurdygyny bellemeginiň" yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet baştutany 20-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygyna "awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny" hem nygtady.

Ulaglaryň üstaşyr geçmek mümkinçilikleri goňşy Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň geçen hepde Türkmenistana eden saparynyň dowamynda hem maslahat edildi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada 21-nji oktýabrda gol çekilen Jarnamada "taraplar daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we amatly şertleri döretmäge gönükdirilen yzygiderli özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam ederler" diýilýär.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde wirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri 1-nji iýundan başlap daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden tranzit geçmegine ygtyýar berdiler.

Şol bir wagtda, ýerli sürüjiler çäklendirmeleriň ýerli üstaşyr ýük ulag sürüjileri üçin gowşadylmandygyny, özleriniň ala tutulmagynyň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

"Türk, özbek, gyrgyz, täjik, azerbaýjan ýük ulaglary ýurduň çäginden hiç hili päsgelçiliksiz geçip, üçünji ýurtlara aşýan mahaly, biz 'Ak bazarda' nobata durmaly bolýarys. Üstesine-de, bize ýurduň çäginden çykmaga henizem rugsat berilmeýär. Ýerli sürüjiler ýükli tirkegi Farap gümrük nokadyna çenli eltip, ol ýerde ony özbek sürüjilerine gowşurýarlar. Özbek sürüjileri tirkegimizi yzyna getirende ony tanar ýaly bolmaýar. Ulagyň tekerlerini çalyşýarlar, tentini ýyrtýarlar we durşuna zyýana galýarys" diýip, maryly sürüji aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG