Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sürüjileri tranzit meselesinde ‘deňligiň ýokdugyny’ aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň pandemiýa aladalarynyň arasynda transport, şol sanda tranzit ýük ulaglaryna girizen gadagançylyklaryny gowşatmagy bilen, goňşy döwletleriň ýük ulaglary ýurduň çäginden üstaşyr geçip başladylar. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň ýerli ýük ulag sürüjilerine bu hili mümkinçilikleri döretmeýändigi, netijede olaryň uly maddy zyýana galýandygy hem bellenilýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen lebaply ýük ulag sürüjileriniň biri koronawirusyň 2020-nji ýylda pandemiýa yglan edileninden soň, Türkmenistanyň öz serhet çäklerini daşary ýurt tranzit ulaglary üçin hem ýapandygyny gürrüň berdi.

“Soňky iki ýylyň dowamynda daşary ýurtly ýük ulaglarynyň diňe tirkegine ýurduň çäginden geçmek rugsady berildi. Ýagny, daşary ýurtly sürüjiler tirkegini ýurduň serhet nokadynda goýup gidýärdiler, türkmen sürüjileri hem olary öz ulaglary bilen ýurduň beýleki künjegine çenli äkidip, serhetdäki beýleki ýük ulaglaryna tabşyrýardylar” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Yhlas diýlip tutulmagyny soran söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasyny hem ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri 1-nji iýundan başlap daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden tranzit geçmegine ygtyýar berdiler. Şol pursat, ýük ulaglary bilen ýol polisiýasynyň hereket etjekdigi, şeýle-de ýoluň ugry boýunça ulaglaryň durmagyna we sürüjileriň ondan çykmagyna rugsat berilmejekdigi bellenipdi.

“Häzirki wagt ýurduň gündogaryndaky Farap gümrükhanasyndan Özbegistan tarapyndan gazak, özbek, gyrgyz, täjik, azerbaýjan ýük ulaglary ýurduň çäginden hiç hili päsgelçiliksiz geçip, üçünji ýurtlara aşýarlar. Bu ulaglaryň sürüjileri öz ýurdunda covid testini tabşyryp, Türkmenistanyň çägine girýärler. Bizde olardan test alynmaýar we türkmen raýatlaryndan tapawutlylykda üç gün möhlet bilen karantine ýerleşdirilmeýär” diýip, 20 ýyldan hem aşa wagt bäri üstaşyr sürüjilik bilen meşgullanýandygyny aýdýan Yhlas belledi.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň girizen pandemiýa gadagançylyklary sebäpli onsuz hem uly zyýana galandygyny aýdýan Yhlas, çäklendirmeleriň ýerli üstaşyr ýük ulag sürüjileri üçin gowşadylmandygyny gürrüň berdi.

“Ýerli ýük ulag sürüjilerine ýurduň çäginden çykmaga henizem rugsat berilmeýär. Deňlik ýok. Biz ýükli tirkegimizi Farap gümrük nokadyna çenli eltip, ol ýerde ony özbek sürüjilerine gowşurýarys. Olar hem ony öz ulaglary bilen, Özbegistanyň degişli serhet nokadyna çenli alyp gidýärler” diýip, 50 ýaşlaryndaky Yhlas belledi.

Ol tirkegleri yzyna getirilende olaryň tekerleriniň has köneleri bilen çalşyrylýan, içindäki tagta düşemeleriniň aýrylýan ýaly halatlarynyň hem seýrek däldigini nygtady.

“Tirkegim gaýdyp Farap gümrük nokadyna geleninde ony tanamadym. Onuň yzky iki tekeri çalşyrylypdyr, tenti ýyrtylypdyr, içindäki tagtalarynyň ýarpysy hem alnypdyr. Men bu barada hiç kime arz-şikaýat edip bilmedim. Tirkegim Özbegistan bilen serhetde goýlup gidipdir. Türkmen gümrükçileri meselämi derňemekden ýüz öwürdiler” diýip, lebaply Yhlas sözüni ýetirdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenawtoulaglary agentliginden, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden kommentariýa ýa düşündiriş almak başartmady.

Ýapyk Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýärler.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde wirusyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler. Emma ýurduň içinden syzyp çykan maglumatlarda wirusa ýoluganlaryň we ondan ölenleriň hem köpdügi nygtalýar. Türkmenistan dünýäde ilat sany 100 müňden geçýän ýurtlaryň arasynda, öz çäginde COVID-19-y ykrar etmedik ýeke-täk döwletdir.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti dürli döwürlerde maska režimi, hereket çäklendirmeleri ýaly düzgünleri ornaşdyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG