Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň gündogarynda agyr çaknyşyklar alnyp barylýar


Ukrain harbylary
Ukrain harbylary

Ukraina ýurduň gündogarynda Russiýanyň ençeme hüjümini yza tesdirdi diýip, harbylar 18-nji noýabrda habar berdiler. Bu aralykda, Russiýa Ukrainanyň möhüm infrastruktura desgalaryna garşy zarbalaryny dowam etdirip, sowuk howa şertlerinde ençeme sebitiň elektrik we gaz üpjünçiliginde bökdençlikleri döretdi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby ýurduň gündogaryndaky Donetesk we Luhansk regionlarynda Russiýanyň sekiz sebite eden hüjümlerine garşy durandygyny aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski giçlik eden wideo-ýüzlenmesinde Russiýanyň zarbalary sebäpli 10 milliona golaý ukrainalynyň elektrik üpjünçiliginden kesilendigini nygtady.

Russiýanyň soňky raketa hüjümleri netijesinde azyndan ýedi adam öldi. Heläk bolanlarynyň sanynyň artmagynyň mümkindigi duýdurylýar.

“Biz üpjünçiligi ýola goýmak ugrunda bar tagallany edýäris” diýip, Zelenski aýtdy.

Ol ukrain harbylarynyň alty ganatly raketany we bäş drony urup gaçyrandygyny hem sözüne goşdy.

Russiýa 17-nji noýabrda Ukraina garşy ýene-de raketalary atdy. Bu zarbalar ýurduň energiýa desgalaryny, şeýle-de raýat binalaryny nyşana aldy. Mundan iki gün öň, Moskwa uruş başlanaly bäri Ukraina garşy iň göwrümli raketa hüjümini amala aşyrypdy.

Ukrain hünärmenleri ýurduň merkezi sebitlerinde 70% töweregi hojalygyň energiýa üpjünçiligini ýola goýmagy başardylar. Emma bu işler, Russiýanyň Hersondan yza çekilmegi bilen, minalary ýerleşdirmegi netijesinde, haýal depginde alnyp barylýar.

Ukrainanyň Milli energetika kompaniýasy 15-nji noýabrda Russiýanyň 15 tok desgasyna zeper ýetirendigini aýtdy. Bu sebäpli müňlerçe kilometrlik elektrik liniýalary sandan çykdy.

Ýurduň döwletiň eýeçiligindäki Naftogaz energiýa kompaniýasynyň başlygy Oleksiý Çernisowyň sözlerine görä, gündogar sebitlerde Russiýa “gaz önümçilik toplumyna garşy giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy”. Ol başga goşmaça maglumat bermedi.

Bu aralykda, derňewçiler Russiýanyň Hersondan çekilmeginiň yzy bilen, sebitde gynamalaryň yzy bolan 63 adamyň jesedini tapdylar. Bu barada ýurduň içeri işler ministri Denys Monastyrsky telewideniýe arkaly mälim etdi.

Ukrainanyň adam hukuklary boýunça baş derňewçisi Hersonda ruslaryň gynamalar üçin ulanandygy aýdylýan desganyň wideosyny ýaýratdy. Ol binanyň içindäki kiçi göwrümli bir otagda birdenkä 25 adamyň saklanandygyny hem belledi.

17-nji noýabrda giçlik ABŞ-nyň Baş harby ştabynyň başlygy general Mark Milleý özüniň ukrainaly kärdeşi, Baş harby ştabyň ýolbaşçysy general Waleriý Zalužnyý bilen gürleşdi.

Forum

XS
SM
MD
LG