Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ýadro desgasyna edilen hüjümi ýazgarýar, Moswa bilen Kiýew bir-biregi aýyplaýar


Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasy

BMG-niň ýadro gözegçilik gullugy Russiýanyň gözegçiligindäki Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna edilen hüjümleri berk ýazgaryp çykyş etdi, Moskwa we Kiýew Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky hüjümlerde bir-birini aýyplady.

Halkara Atom Energiýasy agentliginiň (HAEA) başlygy Rafael Grossi 20-nji noýabrda 19-njy noýabr agşamy we 20-nji noýabr güni irden ýadro desgasynyň golaýynda “güýçli partlamalaryň’ bolandygyny aýtdy.

Ol bu hüjümleriň aňyrsynda haýsy ýurt duran hem bolsa, beýle işiň haýal etmän bes edilmegini talap etdi.

Grossi bu hili hüjümleriň Ýewropanyň iň uly ýadro desgasyna edilmeginiň uly ýadro betbagtçylygy töwekgelçiligini döredýändigini, ozal hem ençeme gezek aýdyşy ýaly, ‘bu ýerde ot bilen oýnalýandygyny’ hem sözüne goşdy.

Ýadro agentliginiň wakanyň bolan ýerindäki topary bu hüjümler netijesinde zawodyň käbir binalaryna, ulgamlaryna we enjamlaryna zeper ýetendigini habar berdi.

Ukrainanyň energiýa gullugy “Energoatom” rus güýçlerini 20-nji noýabrda ýadro desgasyny topa tutmakda aýyplap, "Zaporižýa ýadro desgasynyň çägine" urlan 12 zarbanyň hasaba alnandygyny aýtdy. "Energoatom" Russiýanyň “ýene bir gezek” "bütin dünýäni howp astyna salandygyny" öňe sürdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa öz gezinde, 20-nji noýabrda zawody üpjün edýän elektrik liniýalaryna ok atandyklaryny aýdyp, ukrain güýçlerini günäkärledi.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy Russiýanyň ýadro energiýasy operatory “Rosenergoatomyň” bir resmisine salgylanyp, bu ýerde ýerleşýän ammarlaryň käbirine zarba urlandygyny habar berdi.

Ol resminiň, “Rosenergoatomyň” baş direktorynyň geňeşçisi Renat Karçaanyň sözlerine görä, ýadro galyndylarynyň saklanýan desgasy we ulanylan ýadro ýangyjynyň saklanylýan binasy nyşana alyndy, ýöne radioaktiw syzmalary hasaba alynmady diýip, TASS habar berdi.

Soňky aýlarda Moskwa bilen Kiýew birek-biregi fewral aýynda, rus goşunlary Ukraina çozanyndan gysga wagt soň rus güýçleriniň gözegçiligine alnan zawody nyşana almakda aýyplaýarlar.

Sowet döwründe gurlan zawodyň reaktorlary ýapyldy, ýöne zawodyň sowadyş ulgamlaryna barýan elektrik üpjünçiligi kesilse, ýadro ýangyjynyň aşa gyzmak howpy bar. Rus çozuşy başlanaly bäri geçen wagt içinde zawod birnäçe gezek ätiýaçlyk generatorlary arkaly işledilmeli boldy.

Ukrainanyň president edarasynyň habaryna görä, rus güýçleri Zaporižýa sebitiniň başga bir ýerinde onlarça oturymly ýeri topa tutup, azyndan 30 jaýy weýran etdi.

Merkezi Dnipropetrowsk sebitinde, Zaporižýa zawodynyň golaýynda, derýanyň beýle ýüzünde ýerleşýän Nikopol şäherine atylan toplar bir adamy ýaralap, 20 bina zeper ýetirdi diýip, habarda aýdylýar.

Soňky 24 sagatda demirgazykdaky Harkow sebitiniň hem üç etraby rus artilleriýa hüjümleriniň aşagynda galdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň edarasynyň habaryna görä, gündogar Luhansk we Donetsk sebitlerine atylan rus toplary Donetskde bir adamy öldürdi we elektrik simlerine zyýan ýetirdi.

Günortadaky Herson sebitindäki ýagdaý, ukrain ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň maglumatlaryna görä, "kyn bolmagynda galýar". Rus goşunlary ýakynda ukrain güýçleri tarapyndan azat edilen Herson şäherini tank toplaryna, raketalara we beýleki artilleriýa oklaryna tutýar.

Rus güýçleri soňky hepdelerde raketa zarbalaryny we pilotsyz uçarlary ulanyp, ýurduň dürli ýerlerindäki energiýa infrastrukturasyny nyşana aldy diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Ýerli resmileriň biriniň habaryna görä, Zaporižýanyň 300 km günorta-günbatarynda ýerleşýän Herson şäherine 18-nji noýabrdan bäri azyndan 42 gezek zarba uruldy.

Ukrainanyň köp ýerinde, şol sanda Kiýewde-de wagtal-wagtal elektrik togy kesilýär.

Premýer-ministr Denis Şmyhal şu hepde ýurda urlan zarbalar sebäpli ýurduň energiýa infrastrukturasynyň 50 göterimine golaýynyň iş ukybyny ýitirendigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiniň 20-nji noýabrda beren maglumatyna görä, rus goşuny 24-nji fewralda başlan urşundan bäri Ukrainadaky nyşanalara 4700 töweregi raketa atdy.

Biziň ýüzlerçe şäherimiz hakykatda ýer bilen ýegsan edildi, müňlerçe adam öldürildi, ýüzlerçe müň adam Russiýa deportasiýa edildi" diýip, Zelenski fransuz dilinde gepleýän ýurtlaryň Halkara Guramasynyň wekilleriniň Djerbada, Tunisde guran duşuşygyna eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Derňewçileriň aýtmaklaryna görä, Ukraina urşunda 8,300-den gowrak parahat adam öldürildi.

Ukrainanyň UNIAN habar gullugynyň maglumatyna görä, Kiýewdäki derňewçiler 20-nji noýabrda Russiýanyň Ukraina garşy urşunda şu wagta çenli 8300-den gowrak parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini aýtdylar.

Dokuz aýa golaý dowam edýän uruşda 11,000-den gowrak adam ýaralandy.

Forum

XS
SM
MD
LG