Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus raketasy täze doglan bäbegi öldürdi, Zelenski Russiýany 'terrorda we ganhorlykda' aýyplaýar


Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 23-nji noýabrda Zaporižýa sebitinde çaga dogrulýan bölüme urlan raketa zarbasyndan soň Russiýanyň "terrorçylygy we adam öldürmegi" ulanýan “terrorçy döwlet” bolandygyny aýtdy.

"Duşman dokuz aýda ýetip bilmedik we ýetip hem bilmejek maksadyna ýene bir gezek terror we adam öldürmek bilen synanyşmak kararyna geldi" diýip, Zelenski çaga dogrulýan öýe urlan zarbadan soň Facebookda aýtdy.

"Muňa derek ol biziň ýurdumyza getiren ähli erbetlikleri üçin jogap bermeli bolar” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu hüjüm Russiýanyň öňe dyzaýan Donetsk we Luhansk sebitleriniň gündogarynda barýan söweşleriň gyzýan wagtynda edildi.

"Rus monstrlary öten agşam Wilnýansk keselhanasynyň çaklaňja çaga dogrulýan öýüne ullakan raketalary atdy” diýip, sebit häkimi Oleksandr Staruh Telegramda paýlaşan habarynda aýtdy. Ol raketa hüjüminde sebit paýtagty Zaporižýa şäherinden 18 km uzaklykda ýerleşýän Wilnýansk hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminiň nyşana alnandygyny aýtdy.

“Ýüreklerimiz gaýgy-hasratdan doldy, ýap-ýaňy dünýä inen bäbejik öldürildi "diýip, Staruh ýazdy.

Gyssagly kömek gulluklary halas edijileriň çaga dogrulýan öýüň harabalygyndan iki adamy halas etmegi başarandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 23-nji noýabrda beren habaryna görä, söweş meýdanynda ukrain güýçleri rus goşunlarynyň Donetskde we Luhanskda eden bir topar hüjümini yzyna serpikdirdi.

Russiýa günortadaky Herson şäheriniň töwereginden çykaran güýçlerininiň bir bölegini ulanyp, Donetsk şäheriniň günbatarynda uzaýan front liniýalarynyň boýunda hüjüm edýär.

"Duşman aragatnaşyk liniýasynyň golaýynda, (Donetsk sebitindäki) goşunlarymyzyň eýeleýän pozisiýalaryny we ilatly ýerlerimizi topa tutmagy bes etmeýär" diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Ukrain goşuny Donetskde we Luhanskda ruslaryň 11 ýerde eden hüjümini, şol sanda Bilohoriwkada, Bahmutda, Kurdýumiwkada, Sewernide eden hüjümlerini yzyna serpikdirdi diýip, harbylar aýtdy.

"Soňky bir günüň dowamynda duşman Harkow we Donetsk sebitleriniň ilatly ýerlerine bäş sany raketa atdy, biziň goşun bölümlerimiziň ýerleşýän ýerlerine bolsa 45 töweregi raketa atyldy” diýip, ukrain goşuny habar berdi.

Şeýle-de, ukrain goşunynyň 23-nji noýabrdaky maglumatyna görä, harbylaryň Russiýanyň basylyp alnan Krym sebitiniň Sewastopol şäherinde Russiýada we Eýrandan öndürilen pilotsyz uçarlaryň operatorlaryna tälim berýän merkezini kesgitländikleri habar berildi.

"Dron uçurýan hünärmenler üçin taýýarlygyň dowamlylygy üç hepde çemesi wagt bolup, häzir ol ýerde 30 töweregi harby gullukça tälim berilýär” diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Bu beýanat Sewastopolyň Moskwa tarapyndan bellenen gubernatory rus howa goragçylary şäheriň Balaklawa etrabynda elektrik we ýyladyş desgasyna edilen dron hüjümini yzyna serpikdirdi diýeninden soň edildi.

Mihaýlo Razwožaýew 22-nji noýabr agşamy Sewastopolyň golaýynda ýerleşýän zawoda ýakynlaşan iki dronyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Russiýanyň Gara deňiz floty 22-nji noýabrda ýarymadanyň suwlarynyň ýokarysynda aýry-aýrylykda uçurylan üç dronyň zyýan ýetirmeginiň öňüni aldy diýip, ol Telegramda aýtdy.

Razwožaýew bu hüjümleri ukrain goşunyndan görýändigini aýtdy. Emma ukrain goşuny Razwoýaýewiň aýyplamalaryna hiç bir düşündiriş bermedi.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 23-nji noýabrdaky gündelik aňtaw maglumatynda Russiýanyň sentýabr aýyndan bäri Ukraina garşy Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň ýüzlerçesini uçuran bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Russiýanyň pilotsyz uçarlary ulanmagynyň esasy sebäbi ýurtdaky ganatly raketalaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmak synanyşygy bilen bagly bolup biler diýip, aňtaw maglumatynda dronlaryň belli bir derejede netije berendigi, ýöne olaryň köpüsiniň urlup ýykylandygy hem bellenilýär.

Ukrain güýçleri Ukrainanyň günortasynda başlan garşylykly hüjümleriniň çäginde, şu aýyň başynda ýarym ada bilen serhetleşýän sebitiň paýtagtyny, Hersony yzyna aldylar.

Zelenski 22-nji noýabrda fransuz şäher syýasatçylaryna ýüzlenip eden çykyşynda ukrain goşunynyň şu wagta çenli 1800-den gowrak oturymly ýeri rus basyp almasyndan azat edendigini, ýene 2000 töweregi ilatly nokadyň azat etmelidigini aýtdy.

"Bu basyp almagyň netijeleri ähli ýerde şol bir meňzeş ýagdaýda” diýip, ol aýtdy. "Rus esgerleri minalap bolýan ýerleriň ählisinde mina goýdular. Basyp alyjylar ogurlap bolýan zadyň ählisini ogurladylar” diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG