Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi


Nurgeldi Halykow

Bütindünýä saglyk guramasy Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň Türkmenistanda tussaglykda saklanýan Nurgeldi Halykowyň ykbaly baradaky hatyna jogap berdi diýip, garaşsyz neşir "Turkmen.news" habar berýär.

Neşiriň 23-nji noýabrda çap eden maglumatynda hatyň jogabynyň hukuk goraýjylara 18-nji noýabrda gelip gowşandygy hem aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri Halykowy 2020-nji ýylyň iýulynda tussag etdiler. Düýbi Niderlandlarda ýerleşýän "Turkmen.news" neşirine görä, ol COVID-19 pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran BSG-niň missiýasynyň suratlaryny garaşsyz žurnalistlere ibermeginiň yz ýany, galplaşdyrylan sud işiniň netijesinde şol ýylyň sentýabrynda 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"BSG Halykowyň tussag edilmegi bilen bagly ilteşikleriniň ýokdugyny we özleriniň Türkmenistanyň häkimiýetlerinden bu ýigide garşy haýsydyr bir çäre görülmegini soramandyklaryny nygtaýar. Muňa garamazdan, gurama bu meseläni çözmek boýunça belli bir möçberde kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi" diýip, neşir ýazýar.

“BSG hökümetara gurama bolup, ol adatça özüne agza döwletlere degişli üçünji taraplar bilen baglanyşykly işlere goşulmaýar. Muňa garamazdan, adam hukuklary we žurnalistleriň hukuklary bilen baglanyşykly aladalaryňyzy göz öňünde tutup, bu meseläni Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky degişli resmisine iberdik, ol bu meseläni hökümet bilen ara alyp maslahatlaşar" diýip, neşir BSG-niň hatyndan bir bölegi sitirledi.

Azatlyk Radiosyna bu hatyň asyl nusgasyny almak başartmady. Şeýle-de, redaksiýa bu mesele barada BSG we Norwegiýanyň Helsinki komiteti bilen hem häzirlikçe habarlaşyp bilmedi.

Häzirki wagt Halykow gündogar Lebap welaýatyndaky LB-K/12 türmesinde dört ýyl tussaglyk möhletini ýerine ýetirýär. "Turkmen.news" we hukuk toparlarynyň ençemesi Halykowa bildirilýän aýyplamalaryň onuň žurnalistika işi üçin ar almak maksady bilen toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.

Soňky iki ýylyň dowamynda BMG, Žurnalistleri goramak boýunça komitet, Serhetsiz reportýorlar guramasy, adam hukuklaryna gözegçilik edýän HRW, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy, Žurnalistler üçin adalat gaznasy ýaly guramalar türkmen hökümetine ençeme gezek ýüzlenip, Halykowyň gyssagly azat edilmegine çagyrdylar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu çagyryşlara häzire çenli aç-açan resmi jogap bermän gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň ençeme habarçysyny hem dürli yzarlamalara, gorkuzmalara, sütemlere we galplaşdyrylan aýyplamalara hem-de bu esasda tussag we höküm edilmelere sezewar etdiler.

Häkimiýetleriň bu çäreleri garaşsyz žurnalistleriň birnäçesiniň daşary ýurtlara bosgunlyga çykmagyna getirse, ýene birnäçesiniň öz işlerini bes etmegine alyp geldi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda türkmen hökümeti resmi syýasata tankydy gözde garaýan žurnalistleri yzarlamakda we ýanamakda, gözegçilikde saklamakda, telefonlaryny barlamakda, syýahatlaryny çäklendirmekde, şeýle-de raýat žurnalistlerine hem yzygiderli azar bermekde tankytlanýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça şu ýylyň aprelinde çap eden soňky ýyllyk hasabatynda "Türkmenistanyň kanuny esassyz tussag edilmegi we saklanmagy gadagan edýär, ýöne bularyň ikisi-de çynlakaý mesele bolup galýar" diýilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG