Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2022- türkmen zenanlarynyň gysaç astyna düşen ýyly


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanyň zenan ýaşaýjylary 2022-nji ýylda öň görlüp eşidilmek derejede basyşa duçar boldular. Häkimiýetler aýal-gyzlaryň görküne, geýinişine we özlerini alyp barşyna gözegçilik etmäge synanyşdy, kosmetiki hyzmatlary gadagan etdi, gözellik hyzmatlaryny üpjün edenleri we peýdalananlary yzarlady, zenanlarynyň çagaly bolup-bolmazlyk hukugyny çäklendirdi. Gender deňligini kanun taýdan güwä geçýän ýurtda aýallaryň awtomobil sürmek, ulaglaryň öňdäki oturgyjynda oturmak, jeans balagy we ak toý eşigi ýaly geýimleri geýmegi gadagançylyk astyna düşdi. Ýaglyk atynmadyk we köçelerde öz ärleri bilen el tutuşan aýallar "ahlak terbiýeçiligine" çekildi.

Zenanlaryň daş-keşbine uçdantutma gözegçilik aprel aýynda başlandy. Birden botoks, ýüz boýagy - makiýaž, saç boýaglary, emeli dyrnaklar ýaly kosmetiki bezegler gadagan edildi. Kosmetiki salonlar ýapyldy. Gözellik hyzmatlaryny üpjün edýän, saç bejerýän ussalar birbada işsiz galdy we gizlin işlemäge mejbur boldy. Ussalar we olaryň hyzmatlaryndan peýdalanýan zenanlar polisiýa tarapyndan tussag edildi, jerimä sezewar boldy.

Aýallardan özlerine serenjam bermezlikden daşary, dar köýnek, jeans balak geýmezlik talap edildi. Döwlet edara-kärhanalarynda zenanlardan şeýle zatlary meýletin etmejegi hakynda dilhaty alyndy.

Gadagançylyklar zenanlaryň özlerini alyp başyna hem degdi. Zenanlaryň köçelerde ärleri bilen elleşip ýöremeginiň, awtoulaglaryň öň oturgyjynda oturmagynyň öňüni almak çärelerine hem polisiýa gatnaşdyryldy.

Aýal-gyzlar babatynda şeýle gadagançylyklara, çäklendirmelere we kemsitmelere ýol beren hökümet ençeme aýlap munuň sebäbini düşündirmedi we hatda bolup geçýän ýagdaýlary agzamakdan saklandy.

Ýeke-täk resmi düşündiriş

Mesele türkmen resmileri tarapyndan diňe ýekeje gezek agzaldy. Iýun aýynda mejlisiň deputaty Serdar Arazow, türkmen aýallary üçin kosmetiki amallaryň gadagan edilmeginiň "sanitariýa sebäplere esaslanýandygyny" aýtdy.

Zenanlaryň daş keşbine, üst-başyna, özlerini alyp barşyna gözegçilik ýylyň aýagyna golaý biraz gowşady. Hususanda, bu, paýtagtda duýuldy. Güýz aýlarynda Aşgabadyň köçelerinde makiýažly, bezegli aýal-gyzlar köpeldi. Sakgally ýaş ýigitler hem göze ildi. Ýogsa sakgal ösdüren erkek adamlar-da, Türkmenistanda berk daraldy.

Aşgabadyň köçelerinde ýaşlaryň daş-keşbi sebäpli saklanmagynyň bes edilendigini habarçylar oktýabr we noýabr aýlarynda habar berdiler, goýy makiýažly, emeli dyrnakly gelin-gyzlaryň her ýerde göze ilýändigini we zenanlaryň täze moda görä tikilen, uzyn, emma dar köýnekleri geýýändigini mälim etdiler.

"Aýal-gyzlar arkaýyn ýüzüne kosmetika çalýarlar, ýigitler sakgal goýberýärler. Ýaňy - ýakynda häkimiýetler bu zatlara agressiw garşylyk görkezýärdi" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji noýabrda aýtdy.

Emma zenanlara gözegçilik biraz gowşan ýaly görünen hem bolsa, kosmetiki usullary ulanýan aýal-gyzlaryň ýurduň daşyna barýan uçarlara goýberilmedik pursatlary ýüze çykdy.

"Aýal-gyzlarda botoks, emeli kirpik, ýasama dyrnak bar bolsa migrasiýa işgärleri olary halkara uçarlaryna goýbermeýärler" diýip, uçardan düşürlen birnäçe zenan bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 22-nji noýabrda Aşgabatdan habar berdi.

Uçardan galan zenanlaryň biri öz başyndan geçiren ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Migrasiýa işgärleri muny ýokardan berlen tabşyryk esasynda diýip düşündirýärler. Dodaklaryňyz we emeli gözellik üçin goýduran beýleki zatlaryňyzy aýryp geliň, gitmek pikiriňiz bar bolsa diýýärler. Siziň dodagyňyz emeli, sizi kompýuterdäki ýüz tanaýan programma hem tananok, raýatlyk pasportdaky ýaly tebigy bolmasaňyz biz goýberip bilmeýäris diýýärler" diýip, 40 ýaşly balkanly zenan Azatlyga gürrüň berdi.

Aýal adamsyna "sülmüräp hormat" bildirmeli

Aýallaryň görküne aprelde başlanan gözegçiligiň güýzde biraz gowşamagyna garamazdan, zenanlaryň özlerini alyp barşy häkimiýetleriň üns merkezinde galdy.

Türkmen metbugatynda durmuşa çykan zenanlara özlerini nädip alyp barmalydygyny öwredýän ýörite makala çap edilipdi. Oktýabrda ýurduň esasy neşirleriniň biri bolan "Bitarap Türkmenistan" gazeti gepleşik däp-dessurlaryna degişli makala çap edip, aýallaryň öz ärlerine "sülmüräp hormat" bildirmelidigini ýazdy.

Şuňa meňzeş makala noýabrda türkmen metbugatynda ýene-de çap boldy. Maşgala pedagogikasyna bagyşlanan makalada, hususan-da, "Türkmen maşgalasynda gelin näme etmelidigini sözsiz aňmaly, islegleri bakyşdan duýmaly, yşaratlara düşünmeli, düşbi bolmaly" diýip öňe sürüldi.

Gözegçilik maşgala zulumyna ýol açýar

Türkmen häkimiýetleriniň zenanlar babatynda ýöreden gözegçiligi maşgala derejesinde zuluma ýol açdy.

Köpçülige mälim bolan wideolaryň birinde gözellik salonyna baran zenanyň adamsy tarapyndan ýenjilendigi görkezildi.

3-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gowşan 2,5 minutlyk wideo gözellik salonynda orta ýaşly aýal maşgalanyň ýenjilmegi bilen başlanýar. Gahar-gazaba münen orta ýaşly erkek adam aýaly köpçüligiň öňünde rehimsiz urýar. Adam gygyrýar, paýyş sözlerini gaýgyrmaýar we aldygyndan aýaly urýar we ýere ýykyp depýär. Wideo düşürlen bu ýagdaý jübüdiň jaýdan çykyp gitmegi bilen tamamlanýar. Wideodan görünişi ýaly bu ýerde ona golaý başga zenan bar, olar gorky we nägilelik bildirýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bu wideonyň Köşidäki salonlaryň birinde alnandygyny aýdýar.

Aýal maşgala edilen bu zorlugy görkezýän wideony ilkinji bolup çap eden Turkmen.news garaşsyz neşiri wideonyň Aşgabadyň golaýyndaky Köşi etrabynda "Elitnyý" diýlip atlandyrylýan jaýlaryň birinji gatyndaky gözellik salonlaryny birinde bolandygyny ýazdy.

Türkmenistanda zenanlara görkezilen öň görlüp eşidilmedik basyşlar BMG-niň Aýal-gyzlar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylyna gabat geldi. Bu aralykda şu ýyl BMG tarapyndan çap edilen hasabat türkmen maşgalalarynda her sekiz aýaldan biriniň fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýandygyny paş etdi.​

“Türkmenistandaky maşgalalarda aýalyň durumy we saglygy” at bilen sentýabrda çap edilen hasabatdaky maglumatlar Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde ýaşaýan üç müň töweregi hojalykda geçirilen barlaglara, her hojalykdaky 18-59 ýaş aralygyndaky aýal maşgalalar bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslandy. Barlaga gatnaşan aýallaryň 12 prosenti özleriniň maşgalada fiziki zorluga ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýandygyny aýdypdyr.

Çagaly bolup-bolmazlyk hukugy

Türkmenistanda aýallar babatyndaky çäklendirmeleriň ýene biri abort gadagançylygyna degişli boldy.

2022-nji ýylyň 17-nji martynda güýje giren kanun islenilmeýän göwreliligi aýyrmak üçin rugsat berilýän möhleti 12 hepdeden bäş hepdä düşürdi.

2015-nji ýylda kabul edilen, ýöne şondan bäri güýje girmedik bu kanunyň durmuşa geçirilmegi prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçensoň girizilen ilkinji kanun üýtgetmeleriniň biri boldy.

Kanunyň güýje girmegi abort etdirýänleriň sanyny azaltmady, emma saglyk pudagynda parahorlugy artdyrdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky korrespondentleri birnäçe saglyk işgärine we zenanlara salgylanyp, bu gadaganlygyň aýallar hassahanalarynda has köp parahorlyga ýol açandygyny habar berdiler.

Bu aralykda lukmanlar we zenanlar Türkmenistanda göwreliligiň öňüni almak üçin zerur serişdeleriň örän azdygyny we köpler üçin elýeterli däldigini aýdýarlar.

BMG-niň Ilat fondy bolsa, Türkmenistanda 15-49 ýaş aralygynda 160 müň töweregi aýalyň göwreliligiň öňüni almak ýa-da yza süýşürmek isleýändigini habar berdi. Emma olara göwreliligiň häzirki zaman öňüni alyş serişdelerini ulanyp bilmezliginiň päsgel berýändigini belledi.

Aýallara garşy sütem goňşy Eýranda protestleri tutaşdyrdy

Aýallara garşy zorluk ýylyň dowamynda dünýä derejesinde üns merkezine düşdi. Iň aýylganç ýagdaýlaryň birinde baş örtgüsini dogry dakynmazlykda günälenen aýal maşgalasynyň polisiýa tarapyndan urlup öldürilmegi Türkmenistanyň goňşusy Eýrada ýüze çykdy.

22 ýaşly Mahsa Amini ýurduň “hijap” kanunlaryny bozmakda aýyplanyp, polisiýa tarapyndan tussag edilenden birnäçe gün soň 16-njy sentýabrda aradan çykdy.

Bu ýagdaý tutuş ýurt boýunça halkyň aýaga galyp, köpçülikleýin nägileligini we halkara jemgyýetçiliginde eýranly aýallara raýdaşlygy tutaşdyrdy. Eýran hökümetiniň protestçilere ýowuz daramagyna garamazdan, “diktatora ölüm” şygarlary bilen ýurduň syýasatyny ýazgarýan güýçli nägilelik çykyşlar birnäçe aýlap dowam etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG