Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen deputaty aýallar üçin kosmetiki gadaganlygy 'sanitariýa' sebäbi bilen düşündirdi


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbine we özlerini alyp baryşyna berk gözegilige duçar bolmagyna iki aýdan köp wagt geçdi. Emma häkimiýetleriň zenanlara garşy girizen gadagançylygynyň sebäpleri henizem nämälim galýar. Kimdir muny prezidentiň aşa konserwatiw garaýyşlary bilen düşündirse, beýlekiler muňa häkimiýetleriň ilata görkezýän nobatdaky eden-etdiligi hökmünde garady. Bu aralykda ýene bir düşündiriş türkmen deputaty tarapyndan tötänden peýda boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Serdar Arazowyň sözlerine görä, Türkmenistanda aýallara özüni çekijilik usullaryndan, kosmetologiýa hyzmatlaryndan peýdalanmagynyň gadagan edilmeginiň sebäbi "doly sanitariýa maksatlaryna esaslanýar".

Türkmen deputaty bu düşündirişi BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Durnukly ösüş maksatnamasy boýunça Almatyda geçirilen sammitine gatnaşan mahalynda öňe sürdi.

Gazagystanyň "Orda.kz" neşiriniň žurnalisti Türkmenistanda aýallar üçin “özüne çekijiligiň gadagan edilmegi”, ýagny türkmen aýal-gyzlary üçin kosmetiki amallaryň köpüsiniň gadagan edilmegi BMG-nyň durnukly ösüş maksatlaryna näderejede gabat gelýär diýip, soranda türkmen wekili žurnaliste “nädogry maglumat berilendigini”, bu gadagançylygyň sanitariýa esaslanýandygyny aýtdy. Emma türkmen deputaty gadagançylygyň bardygyny ret etmedi.

“Aýallaryň daşky görnüşi barada size nädogry maglumat berildi diýip pikir edýärin. Biz bu meselä lukmançylyk ugurlary tarapdan seretdik. Şeýle bir giňişleýin derňew geçirildi, şoňa görä sanitariýa ters gelýän we kosmetologiýa ugrundaky bikanun işler boýunça şeýle nokatlar we punktlar ýüze çykaryldy. Belki, siz muny göz öňünde tutýarsyňyz, emma çäklendirmeler barada aýdylanda, bu düýbünden nädogry maglumat" - diýip, Serdar Arazow aýtdy.

Türkmenistandan gelen deputat her bir aýalyň "özüne, öz ýakynlaryna we çagalarynyň geljegine, şonuň üçinem ýurdunyň we jemgyýetiniň geljegi üçin jogapkärçilikden habarly bolup ýaşaýandygyny" aýdypdyr.

“Aýalyň millet derejesinde goldanýan sosial ähmiýeti şundan gelip çykýar. BMG-nyň ilkinji resminamalarynda erkekler we aýallar üçin deň hukuklylyk esasy adam hukuklarynyň binýady hökmünde yglan edilipdi "-diýip, türkmen Mejlisiniň deputaty Serdar Arazow aýdýar.

Şeýle hem, türkmen wekili şol çykyşynda Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagy "Awazada" geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýal-gyzlarynyň duşuşygynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin "täze resmi däl maslahat beriji platforma öwrülendigini" belläp geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yzýany şu ýylyň aprel aýyndan başlap, Türkmenistan aýal-gyzlaryň erkinligini çäklendirýän giňişleýin gadagancylyk girizip, aýallara meýkap, dar eşik, emeli dyrnak we kirpik oturtmak, gaş bejermek ýaly zatlary gadagan etdi.

Şeýle hem aýal-gyzlara saçyny boýamak we agartmak, botoks sanjymlaryny etmek, göwsüni ulaltmak ýa-da dodaklary çişirmek gadagan.

Bu gadaganlyk hiç hili resmi beýanat ýa-da düşündiriş bermezden girizildi we ýerine ýetirilişine hukuk goraýjy edaralar we aýallaryň iş ýerleriniň işgärleri gözegçilik edýärler.

Kosmetiki hyzmatlara girizilen gadagançylyk sebäpli zenanlar polisiýa tarapyndan saklanýar, işinden mahrum boýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň apreliň aýagynda habar bermegine görä, dodaklaryny botoks bilen çişiren we beýleki kosmetiki amallary ulanan stýuardessa we otlularda ýolbelet bolup işleýän zenanlaryň onlarçasy işsiz galypdyr.

Mundan başga-da, gadagançylyk aýallaryň jeans we umuman balak giýmegine, toýlarda açyk ak köýnekleri geýmegine degişli boldy. Zenanlara köçede erkek adamlar bilen elleşip ýöremek we awtoulaglaryň öňdäki oturguçlarda oturmak gadagan edildi. Käbir şäherlerde polisiýa köpçülik ýerlerinde elleşip ýören jübütleri saklap, türkmen gymmatlyklary, aýallaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny barada leksiýalary geçirdi.

Ýaňy-ýakynda zenanlaryň geýimine degişli gadaganlyk olaryň içki geýimine baryp ýetdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Balkan welaýatynda käbir döwlet edaralarynda zenan işgärlere göwsüni uly görkezýän içgi geýimleri geýmek gadagan edildi.

Türkmen hökümeti gadagançylyklary resmi taýdan agzamaýan wagtynda Türkmenistanyň konstitusiýasy we ýurt tarapyndan gol çekilen halkara konwensiýalar aýallaryň hukuklaryna kepil geçýär.

Bellemeli ýeri, türkmen aýal-gyzlaryna garşy eden-etdilik, Türkmenistanyň BMG-niň Aýal-gyzlar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylyna gabat geldi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG