Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň bir orta mekdebinde ýangyn döredi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

31-nji dekabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebinde ýangyn döredi. Wakada kimdir birine zeper ýetendigi barada häzirlikçe anyk maglumat ýok. Ýöne ýangynyň netijesinde mekdebiň dört sany synp otagyna zyýan ýetip, olaryň içi doly diýen ýaly ýandy.

"Sagat 12 we 13:00 aralygynda bolan ýangyn mekdebiň ikinji gatynda döredi. Sagat 13:00 töwereginde ýangyn gullugynyň ulaglary mekdebiň arka tarapyndaky howlusyndan girdiler. Ýangyn söndürilenden soňra dört synpyň, şol sanda olaryň 12 sany penjiresiniň doly ýanandygyny görse bolýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Gyşky dynç alyş möwsüminiň başlandygy sebäpli, wakanyň bolan güni mekdepde okuwçy ýokdy. Mugallymlar hem, günortan sagat 12-ä çenli işleýärdiler.

Ýangynda kimdir birine zeper ýetendigi ýa ýetmändigi, şeýle hem ýangyna nämäniň sebäp bolandygy heniz belli däl. Ýöne ýangynyň döremeginiň sebäpleri barada iki sany wersiýa orta atylýar.

Ýaşaýjylaryň bir topary ýangyna bir mugallymyň elektrik çäýnegi tokdan çykarman, öýüne gitmeginiň sebäp bolandygyny adýar. Beýleki bir topar bolsa, oňa täze ýyl arçasynyň bezeg çyralarynyň sebäp bolandygyny öňe sürýär.

Azatlyk bu aýdylanlar barada şäheriň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne häkimiýetler ýanan synplary arassalamak we abatlamak işlerine dessine başlap, ony okuwçylaryň 12 günlük gyşky dynç alşy tamamlanýança dynmaga synanyşýarlar.

"Welaýat häkimi sebitiň bilim bölümine synplary gyssagly remont etmegi tabşyrdy. Okuwçylar ýene 10 günden mekdebe gelende, ähli synplar taýýar bolmaly diýdiler" diýip, ýagdaýdan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Synplary arassalamak işlerine mekdep okuwçylary hem çekilýär. Olar ýanan synplardaky gara zir-zibilleri bedrelere salyp, mekdebiň howlusyndaky çeleklere daşaýarlar.

"Şu gün häkimiýetler otaglaryň ýanandygyny görkezmejek bolup, penjirelere içi görünmeýän plastik paketleri tutdylar. Sebäbi mekdebiň garşysynda köpri bolup, ondan günde ýüzlerçe ulag geçýär" diýip, bilim işgäri belledi.

Bu aralykda, habarçy ýangyn howpsuzlygy gullugynyň mekdebe barmakda kynçylyk çekendigini hem aýdýar. Muňa mekdebe barýan ýoluň ugrunda aşa köp awtoulagyň goýulmagy sebäp bolupdyr.

"Garaşsyz diýar köçesi bilen Nyýazow şaýolunyň çatrygynda, şeýle-de 'Merkezi' bazaryň golaýynda ýerleşýän mekdebiň töwereginde köp ulag goýlupdyr. Muňa baýramçylyk gününde köp ýaşaýjynyň söwda etmek üçin bazara barmagy sebäp bolupdyr" diýip, habarçy belledi.

Bu ýangyn, Türkmenistanda häkimiýetleriň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini ýygjamlaşdyran mahalyna gabat geldi.

Edara-kärhanalarda baýramçylygy howpsuz geçirmek barada ýygnaklar geçirildi. Şeýle-de, polisiýa işgärleri we mekdep mugallymlary okuwçy ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirip, baýramçylyk günlerinde emeli partlaýjylaryň, petardlaryň ulanylmazlygy tabşyrdylar. Şeýle-de, olar bilen köçelerde we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde ot ýakylmazlygy ýaly howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi barada hem gürrüňdeşlik geçirildi.

Resmiler bu çäreler we olaryň sebäpleri barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýärler. Ýöne ýangyn howpsuzlygy işgärleriniň birnäçesi munuň "ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri" bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Geçen aýyň başynda Türkmenabatda bolan pajygaly wakada bir maşgaladan dört agza gazdan zäherlenip öldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG