Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylygyň öň ýanynda dollar we harytlar arzanlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahasy birneme arzanlap başlady. Bu waka dollaryň gara bazardaky nyrhynyň aşaklan we Bitaraplyk baýramyna iki hepdeden hem az wagtyň galan mahalyna gabat geldi. Ýöne ýerli ilat ozalky tejribelerden ugur alyp, munuň uzak dowam etmejekdigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy azyk önümleriniň 20-40% çemesi arzanlandygyny aýdyp, käbir harytlaryň 29-njy noýabrdaky bahalary barada maglumat berdi.

"Ýokary hilli ýerli unuň bir kilogramy 8 manat, gazak uny 13 manat, ýerli tüwi 15 manat, daşary ýurtdan import edilen tüwi 20-30 manat, sogan 7 manat, güýzlik ýerli kartoşka 5 manat, import edilen kartoşka 10 manat, şeker 18 manat, alma 7 manat, günebakar ýagynyň bir litri 35 manat, pagta ýagynyň 1,5 litri 39 manat, süýdüň bir litri 5 manat bahalanýar" diýip, habarçy belledi.

Bazar resmileri harytlaryň arzanlamagynyň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýöne bazar söwdagärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, munuň sebäpleri dollaryň gara bazardaky nyrhynyň aşaklamagy bilen baglanyşykly.

Mundan ozal gara bazarda 20 manat bahalanan bir amerikan dollary 28-nji noýabrda 18 manat 40 teňňä çenli aşaklady.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistan daşary ýurt walýutasynyň erkin söwdasyny çäklendirdi. Munuň netijesinde, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Dollaryň gara bazar bahasy bilen resmi alyş-çalyş bahasynyň arasyndaky 5-6 esse töweregi tapawut dowamly saklanýar.

Mundan iki hepde ozal häkimiýetler dollaryň gara bazardaky nyrhyny emeli arzanladyp, munuň netijesinde azyklaryň bahalaryny düşürmek ugrunda, dollar söwdagärlerine basyş edip başladylar.

Munuň netijesinde bazardaky bahalar arzanlasa-da, ýerli ilat munuň gysga wagtlyk bir çäre boljakdygyny aýdýar.

"Dollaryň gara bazardaky bahasynyň aşaklamagy we munuň netijesinde azyk önümleriniň birneme arzanlamagy, häkimiýetleriň hemişe baýramçylyklaryň öňüsyrasynda oýnaýan oýnuna meňzeýär. Nyrhlaryň ýene ýokarlanmagy mümkin" diýip, maryly söwdagär aýtdy.

Şu aýyň başynda prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalaryndan “...baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi” tabşyrdy.

Türkmenistanda adatça uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bazarlarda we döwlet dükanlarynda emeli "azyk bolçulygy, arzançylygy we köpdürliligi döredilmäge" çalşylýar. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň yz ýany, emeli "bolçulyk" ýok bolýar.

12-nji dekabrda belenilýän Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda, adatça ​bolşy ýaly paýtagtda welaýatlardan gelip işleýän içerki zähmet migrantlary öz ýaşaýan sebitlerine iberilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG