Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda awtoulag heläkçiliginde iki mekdep okuwçysy öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda täze ýylyň ilkinji günlerinde iki okuwçy gyz ýol heläkçiliginde öldi. Bu barada habar berýän garaşsyz "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Näzik we Anýa 6-njy mekdebiň onbirinji synp okuwçylarydy.

"Gyzlar serhoş tanyşlary bilen “Älem” dynç alyş merkezindäki çarhyň golaýynda ýerleşýän Täze ýyl arçasyna barýardylar. Heläkçiligiň bolan wagty ulagy dolandyrýan serhoş sürüji onuň tizligini sagatda 100 kilometre çenli ýokarlandyrýar. Ulag çarhyň golaýyna ýetende, ýol böwedi bilen çaknyşýar" diýip, neşir öz çeşmelerine salgylanyp, 4-nji ýanwarda habar berdi.

Ulagyň yzky oturgyjynda oturan iki gyz wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy. Neşire görä, eli döwlen sürüji bolsa, wakanyň bolan ýerinden gaçdy.

"Gyzlaryň jaýlanyş çäresi 3-nji ýanwarda geçirildi" diýip, neşir belleýär.

Azatlyk pida bolanlaryň we sürüjiniň doly şahsyýetini anyklap bilmedi. Wakanyň anyk haçan bolandygy we sürüjiniň soňky ykbaly barada-da ýurt içindäki habarçylardan hem-de çeşmelerden goşmaça maglumat alyp bolmady.

Şeýle-de, bu barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa almak boýunça telefon arkaly edilen synanyşyklar hem netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri we köpçülikleýin habar serişdeleri adatça ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri ýa-da tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler. Bu heläkçiliklerde ýylda näçe adamyň wepat bolýandygy baradaky statistika hem mälim edilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Galyberse-de, Aşgabatdaky ýol hadysasy prezident Serdar Berdimuhamedowň baýramçylyk günleri ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara birnäçe gezek görkezme bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

"Prezident Täze ýylyň baýram edilýän günleri şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi" diýip, TDH 29-njy dekabrda habar berdi.

Prezidentiň bu çykyşyndan öň, noýabr we dekabr aýlarynda Türkmenistanda häkimiýetler baýramçylyklary howpsuz geçirmek we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky düşündiriş işlerini ýygjamlaşdyrdylar.

Şeýle-de, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) ýollara gözegçiligi hem güýçlendi. Ýol polisiýasynyň ulag sürüjilerini saklamagy, olaryň içgilidigini barlamagy we nirä hem-de näme üçin barýandygyny soramagy ýaly wakalar hem köpeldi.

Resmiler bu çäreler we olaryň sebäpleri barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýärler. Ýöne polisiýa işgärleriniň birnäçesi bularyň "baýramçylyk günlerinde bolaýmagy mümkin betbagtçylyklaryň öňüni almak" bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG