Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda käbir azyk önümleri tapdyrmaýar, käbiri tas iki esse gymmatlady


Söwda tekjeleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Söwda tekjeleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde käbir azyk önümleri söwda tekjelerinde tas tapdyrmaýar. Şeýle-de, sebitde käbir azyk önümleriniň bahasy tas iki esse gymmatlady. Söwdagärler munuň sebäplerini ýurtda aýlyklar 10% ýokarlanandan soň, özleriniň töleýän salgytlarynyň möçberiniň hem artandygy bilen düşündirýärler.

"Ýanwar aýynyň 10-dan bäri şäheriň bazarlarynda we söwda dükanlarynda ýumurtga bilen towuk budunyň satuwda tapylmagy kynlaşdy. Fewralyň başyndan bäri ýumurtga umuman tapdyranok" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Häzirki wagtda şäherde dürli süýjülikleri, şol sanda köke we tort bişirip satýan telekeçileriň aglabasy ýumurtgany Ahal welaýatyndan sargap getirdýärler.

Mundan başga-da, fewralyň başynda sebitde käbir azyk önümleriniň bahasy 75% gymmatlady.

Ilat arasynda "Lebap tüwüsi" atlandyrylýan ýerli tüwiniň bir kilogramynyň bahasy 20 manat bahalanýardy. Häzir onuň bahasy 35 manada ýokarlandy.

"Hili birneme gowy hasaplanýan tüwüleriň bir kilogramy hem 47 manada gymmatlady. Munuň öňki bahasy 35 manada deňdi" diýip, habarçy belledi.

Gymmatlama mal etinde hem ýiti duýulýar. Geçen aýda bir kilogramy 65 manat bahalanan süňkli mal eti indi 80 manatdan satylýar. Öň 87 manat bahalanan çylka mal etini bolsa, häzir 110 manada satyn alyp bolýar.

Sebitiň "Kenar" bazarynda azyk önümleriniň nyrh çäklerini görkezýän maglumat tekjesinde bir kilogram etiň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasynyň 55 manatdan geçmeli däldigi aýdylar.

Ýöne bazar resmileri, habarçymyzyň maglumatyna görä, bahalary özleriçe ýokarlandyrýan telekeçilere garşy haýsydyr bir çäre görmeýärler.

Söwdagärler bolsa, gymmatlamalaryň sebäplerini ýurtda aýlyklar 10% ýokarlanandan soň, özleriniň töleýän salgytlarynyň möçberiniň hem artandygy bilen düşündirýärler.

Mundan başga-da, etiň söwdasyny edýän telekeçiler mal etiniň bahasynyň gymmatlamagyna, salgytlaryň artmagyndan başga-da, geçen aýda aňzakly howada maldarçylyk hojalyklaryndaky mallaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň we ot-iým bahalarynyň ýokarlanmagynyň sebäp bolýandygyny hem aýtdy.

Geçen aýda Türkmenistanda howanyň temperaturasy rekord derejelerde pese gaçdy. Bu müňlerçe mal-garanyň haram ölmegine, gök-bakja önümleriniň doňmagyna, ot-iýmiň bahalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Şonda maldarlar, ekerançylar we telekeçiler öňümizdäki aýlaryň hem özleri, hem-de ilat üçin ýeňil bolmajakdygyny hem duýdurypdylar.

"Eti döwletiň kesgitlän bahasyndan çopanlardan we çarwadarlardan hem satyn alyp bolmaýar. Eti kesip, soňra ony ulaga ýükläp getirmek üçin ýol puly bermeli. Soňra ony bazarlara ýerlemek üçin arabaçylara pul bermeli, soňra-da ony sanitar barlagdan geçirmek üçin hem pul bermeli. Netijede, satyjynyň özüne süňkli etiň bir kilogramy 63 manada, çylka et 105 manada düşýär. Bizem 2 manat peýda görmek üçin tutuş gün sowukda oturýarys" diýip, "Kenar" bazarynda et söwdasyny edýän telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, habarçy sebitde künjaranyň hem ýene gymmatlap, onuň bir kilogramynyň 4 manatdan 7 manada ýokarlanandygyny aýtdy.

Azatlyk bu gymmatlamalar barada sebitiň söwda edarasyndan we gürrüňi edilen bazaryň resmilerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, aýlyk zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri 10% ýokarlandyryldy. Häkimiýetler bu karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilendigini aýtdylar, ýöne inflýasiýanyň derejesini agzamadylar.

Türkmenistanlylaryň ençemesi ýaşaýyş-durmuşyň 10% köpeldilýän aýlyklardan ençeme esse köp gymmatlaýandygyny belläp, munuň "gözboýagçylykdan başga zat däldigini" geçen tomusdan bäri birnäçe gezek aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG