Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda söýgüliler gününi bellemek däbi ýaýbaňlanýar


Aşgabat, fewral, 2023-nji ýyl.
Aşgabat, fewral, 2023-nji ýyl.

Katolik hristianlaryň baýramy, Keramatly Walentin güni Türkmenistanda giňden bellenilýär. Söýgüliler güni atlandyrylýan bu senede beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, türkmenistanlylar hem öz ýakynlaryny gutlamaga howlukýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary baýramçylygyň bellenişi barada 14-nji fewralda Aşgabatdan, Marydan we Balkandan maglumat berýärler.

14-nji fewralda köp sanly gül dükanlaryny, gyzyl ýürek şekilli şarlary we baýramçylygy ýada salýan beýleki köpsanly bezegleri ýurduň ähli şäherlerinde görüp bolýar.

Ашхабад
Ашхабад

Paýtagtda Söýgüliler güni giňden bellenýär, okuw jaýlarynda okuwçylar birek-biregini gutlaýarlar, bezelen restoranlar we kafeler agşamky toý şagalaňlara taýýarlyk görýär.

Hemme ýerde ýürekler we şarlar göze ilýär. Birnäçe dükan satýan harytlaryny bir günlük 30%-e çenli arzanladandygyny yglan etdi. Sosial ulgamlarн "walentin" - süýjüleri bişirip satmak baradaky bildirişlerden doly.

Bu gün iň köp hyrydarly harytlar gül we süýjüdir. Gül satýan dükanlarda gyzgalaňly söwda alnyp barylýar. Tort we beýleki süýjüler baýramçylyga degişli dizaýn bilen ýasalýar.

Sowgatlary satýan dükanlaryň söwdasy uly girdeji getirýär. Medeni çäreler geçirilýär, şol sanda buz köşgünde agşam geçiriljek konserte jübütler çagyrylýar. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy maglumat berýär.

Maryda aşyklar gününiň bellenmegi ýaşlaryň arasynda meşhur.

"Bu gün resmi bolmasa-da, ilat arasynda şowhun bilen bellenýär. Mekdeplerde her kim birek-birege walentin- otkrytkasyny berýär. Mekdep okuwçylary biri-birine arzan sowgatlary, atyr we süýji ýaly zatlary hem berýärler. Ýaş jübütler hem baýramçylygy belleýärler. Baýramçylygyň gelip çykyşy hiç kim gyzyklandyrmaýar, 'hemmeler belleýär, bizem belleýäris' diýýärler. Bu senäniň meşhurlygy 8-nji mart bilen deňleşip barýar" - diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy gürrüň berdi.

Maryda, paýtagtda bolşy ýaly, bu gün gül, süýji we dürli sowgatlary satýan telekeçiler uly girdejä garaşýarlar. Bazarlardaky we dükanlardaky tekçeler romantik sowgat bolup biljek harytlardan doly.

Adatdakysy ýaly, bu gün bahalar ýokarlanýar. Walentin otkrytkasynyň bahasy 15-20 manat aralygynda. (Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 3,5 manat-1 ABŞ dollary).

Baýramçylyklarda dürli maşgalalaryň maddy ýagdaýynyň tapawudy has göze ilýär. Aratapawut mekdep okuwçylarynyň arasynda has-da görünýär. Pes girdejili maşgalalaryň çagalary, adatça bir otkrytka bilen çäklenýän bolsalar, gurply okuwçylar köplenç kafelerde we restoranlarda öňünden ýer alyp goýýarlar. Bu barada gürrüň berýän habarçynyň sözlerine görä, Maryda söýgüliler gününi bellemegiň meşhurlygyna sosial ulgamlardaky mahabat hem täsir ýetirýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, ýaşy uly nesil baýramçylyga uly üns bermeýär.

"Ýaşuly nesliň wekilleriniň arasynda beýle baýramyň bardygyny hatda eşitmediklerem bar. Käbirler, mysal üçin dindar adamlar muňa garşy hem çykýarlar. Olar bu 'musulmanlara gelişmeýär' diýip hasaplaýarlar. Käbirleri ýaşlaryň arasynda hem wagyz edýär" diýip, Marydaky habarçy belleýär.

Söýgüliler gününiň meşhurlygy Balkan welaýatynda hem göze ilýär. Türkmenbaşyda gül we ýumşak oýunjak dükanlary müşderilerden doly.

"Günbataryň bu resmi däl baýramçylygy Türkmenistanda meşhurlyk gazandy. Gül we ýumşak oýunjak satýanlar bu güni ýylyň iň girdejili güni hasaplaýarlar. Bu gün ýerli kafelerde we restoranlarda boş ýer ýok diýen ýaly. Köçeler we seýilgähler adamlardan doly. Bu gün resmi baýramçylyk bolmasa-da, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri işjeňleşýärler. Olar jerime salmak we düzgün bozanlardan para alyp, "pul gazanmak" mümkinçiligini elden gidirmeýärler" diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy gürrüň berdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, baýramçylykda birnäçe gün öň Türkmenbaşynyň myhmanhanalarynda öňünden edilen rezerwasiýalara görä, boş ýer galmandyr, restoranlara we dükanlardaky güllere hem hyrydar köp bolup, käbirleri baýramçylykdan öň zakaz kabul etmegini bes edipdir. Gözellik salonlarynyň we toý mekanlarynyň hyzmatlaryna hem uly isleg bar.

Awazada, myhmanhanalaryň we kenarýaka restoranlaryň çäkleri gyzyl ýürekler we çyralar bilen bezeldi. Her ýerde göçme gül dükanlary bar.

Şol bir wagtyň özünde, bu harytlar we hyzmatlar ilatyň aglaba köplügi üçin elýeterli däl.

"Elbetde, bularyň hemmesi baý adamlar üçin. Köpçüligiň hatda bir döwüm çörege-de puly ýok. Köpler birnäçe müň manatlyk gül desselerini we 5-10 müň manatlyk ýumşak oýunjaklary satyn almak üçin kimde mümkinçilik bar diýip, geň galýarlar" - diýip, Azalygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda ortaça aýlyk 1010 manat, pensiýa 410 manat, döwlet kömek pullary 390 manat derejesinde. Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesini, işsizligiň we inflýasiýanyň möçberini görkezýän resmi sanlar çap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG