Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda güýçli tozanly ýel turdy, käbir sebitlerde howa rekord derejelerde maýlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

8-nji martda, gije sagat 2-3 töwereginde Mary welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy howanyň düzüminde emele gelen tozanyň 8-nji martda öýlän sagat 2-lere çenli saklanyp galandygyny, adamlaryň zerurlyk bolmasa, daşary çykmakdan saklanýandygyny aýtdy. Bu aralykda, ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy rekord derejelerde ýokarlandy.

"Köp adam güýçli ýeliň sesine oýandy. Çägeli ýel bir ýarym sagat çemesi dowam etdi. Şondan soň ýel gowşap başlady. 8-nji mart güni hem, howa yssy we tozanly bolup, ýazyň howasyna meňzemeýär. Köp adam daşary çykmaýar, bu güni Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç güni bolansoň, köp ene-ata çagalaryny daşary goýbermekden saklanýar. Daşary çykýanlaryň köpüsi ýüzüne maska dakýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Ýel gipertoniýaly, ýagny ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagyndan we ýürek näsazlyklaryndan ejir çekýän hassalara, şeýle-de tozana allergiýasy bolan raýatlara oňaýsyz täsir ýetirdi.

"Sagdyn adamlar hem daşarda köpräk wagt sarp etse, tozanly howada üsgürip başlaýarlar. Bu howa allergiýasy bolan adamlaryň bolsa, demini gysdyrýar, olaryň dem almaklary kynlaşýar. Ýürek näsazlyklaryndan ejir çekýänleriň ýüregi agrap başlaýar. Gipertoniýaly hassalaryň gan basyş güýji ýokarlanýar. Bu näsaglar howanyň ýakymsyz täsirlerini eýýäm 7-nji martda duýup başladylar" diýip, habarçy aýtdy.

Adatça bolşy ýaly güýçli ýel barada türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri tarapyndan öňünden maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 7-nji martda efire berlen sanynda 8-nji martda Maryda demirgazyk-günbatardan tizligi 10-15 m/s çenli ýetýän şemalyň öwüsjekdigi aýdylsa-da, güýçli ýel barada agzalmady.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanda güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygy barada baryp 5-nji martda habar berdi.

Şonda neşir 7-nji martda ýeliň tizliginiň Maryda 12-17 m/s çenli, Lebap welaýatynda bolsa 17-22 m/s çenli güýçlenjekdigini belledi.

Neşir tozanly tupan we ýel baradaky duýduryşyny 7-nji martda ýene bir gezek tekrarlap, ýurtda howanyň temperaturasynyň rekord derejelerde ýokarlanandygyny mälim etdi.

"Türkmenistanda howanyň temperaturasy +35 gradusa çenli ýokarlandy. Iň ýokary temperatura Sarahsda hasaba alyndy. Bu gün, şäherde howanyň temperaturasy hasaba alnyp başlanaly bäri, häzire çenli hasaba alnan iň yssy gün boldy. Mundan ozal 7-nji martda şäherde iň ýokary temperatura 1957-nji ýylda hasaba alnypdy. Şonda howanyň temperaturasy +30,2 gradusa ýetipdi" diýip, neşir ýazýar.

Bellesek, 7-nji martda Balkan welaýatyndaky habarçymyz 6-njy mart güni sebitiň käbir ýerlerinde howanyň temperaturasynyň +30 gradusa çenli ýetendigi barada maglumat berdi.

"Bu, mart aýynda garaşylmadyk yssy howa boldy. Adamlar bir köýnekde daşary çykdylar" diýip, Balkandaky habarçymyz aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda anomal yssy ýa sowuk howa ýygy-ýygydan hasaba alynýar, şeýle-de güýçli tozanly ýeller wagtal-wagtal gaýtalanýar.

Fewralyň üçünji ongünlüginiň başynda Balkanda we Lebapda güýçli tozanly ýel turdy. Balkanda ýel jaýlaryň üçeklerindäki örtükleri opurdy, elektrik we Internet üpjünçiligini bökdedi. Lebapda bolsa, köp ýaşaýjy saglyk şikaýatlary bilen Tiz kömek gulluklaryna we keselhanalara ýüz tutdy.

Türkmen häkimiýetleri öz çäginde bolýan tebigy hadysalar, şol sanda güýçli ýeller, anomal yssy ýa-da sowuk howa barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berýärler. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolýan tebigy betbagtçylyklara dessine reaksiýa bildirip, degişli döwletleriň hökümetlerine gynanç bildirýärler we ynsanperwerlik kömegini iberýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG