Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda Merkezi bazaryň golaýyndaky emeli söwda nokatlary dargadylýar


Türkmenabatda esaslandyrylan emeli bazarlaryň birinde satyjylar köne öý goşlaryny satýarlar.
Türkmenabatda esaslandyrylan emeli bazarlaryň birinde satyjylar köne öý goşlaryny satýarlar.

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýakynda durky täzelenip, ulanylmaga berlen Merkezi daýhan bazaryň golaýynda esaslandyrylan emeli söwda nokatlaryny dargatmak işleri dowam etdirilýär. Emeli bazarlar söwda ýerini satyn almaga gurby ýetmeýän köne harytlaryň satyjylary üçin, giň ýaýran işsizligiň arasynda, eklenç mümkinçiliklerini hödürleýärdi.

Ilat arasynda “Gök bazar” diýlip hem bilinýän Merkezi bazaryň arka tarapyndan geçýän demir ýol bilen ugurdaş uly haýadyň eteginde satyjylar emeli söwda nokadyny esaslandyrypdy. Bu ýerde 100 töweregi söwdagär egin-eşikleri, aýakgaplary, ekin tohumlaryny, hatda towuk, gaz, ördek ýaly öý haýwanlaryny hem satýardy.

“Häkimiýetler bu ýerde söwda etmegiň gadagandygyny aýdyp, satyjylary kowup başlady we olaryň dükanlaryny söküp aýyrdy. Soňky 10 günden bäri bu ýerde polisiýa işgärleri nobatçylyk çekýärler” diýip, 17-nji martda ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Merkezi daýhan bazaryny abatlamak işleri 2020-nji ýylda batlandy. Şol pursat, bazarda köp sanly dükan ýykyldy. Söwdagärlere bazaryň abatlanmagynyň yzýany, täze söwda nokatlary wada berildi. Ýöne bu wadalar soňy bilen unudyldy.

Bazaryň abatlaýyş işleri geçen dekabrda tamamlandy we mundan soň onuň daş-töweregindäki köçe satyjylary kowuldy we golaý-goltumdaky näresmi söwda nokatlary dargadylyp başlandy.

Mundan bir aý ozal, Göz bazaryň ýakynyndaky bir awtomobil köprüsiniň aşagynda ýerleşen köne öý goşlary satylýan emeli bazar hem dargadylypdy.

Türkmen häkimiýetleri köçe söwdasynyň bikanundygyny, satyjylaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny aýdyp, näresmi söwda nokatlaryna garşy gözegçiliklerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Şol bir wagtda, kiçi söwdagärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

Hökümetçi neşirler 28-nji dekabrda Türkmenabatda üç gektarlyk meýdany tutýan Merkezi bazarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilendigini habar berdi. Bazarda 283 dükan, 880 orunlyk bazar tekjeleri we dört sany kafe ýerleşýär.

Türkmen häkimiýetleri soňky onýyllykda ýurduň dürli sebitlerinde ençeme bazary ýykyp, täze bazarlary bina etdi, ýa-da köne bazarlaryň durkuny täzeledi. Ýöne döwlet metbugaty ýa-da hökümet resmileri bazarlaryň ýykym işleri barada, galyberse-de, ýykym sebäpli söwda nokatlaryndan mahrum bolan telekeçileriň aladalary barada habar bermeýärler.

Türkmenistandaky agyr ykdysady krizisiň arasynda soňky döwür, ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda iri şäherlerinde ujypsyz nyrha hojalyk harytlaryny, şol sanda mobil telefonlaryny, egin-eşiklerini satuwa çykarýan adamalaryň sany göz-görtele artdy.

Bu aralykda, Türkmenabatda ýene bir uly bazar, Bahar etrapçasynda ýerleşýän “Miras” bazary sökülýär. Häkimiýetler bu ýerde ýaşaýyş jaýynyň bina ediljekdigini aýdyp, bazaryň 500-e golaý söwdagärine 15 km uzaklykdaky Zerger etrapçasynyň çägindäki bazara göçmegi teklip edýär.

Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan satyjylar ol ýerdäki 20 müň dollara çenli bahalanýan dükanlary satyn almaga maddy ýagdaýynyň ýokdugyny aýdyp, söwdagärlikden el çekmek kararyna gelendiklerini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG