Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda birnäçe bazar ýapyldy. Köçe söwdagärlerine gözegçilik güýçlendi


Illýutrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäherinde bazarlaryň birnäçesi ýapyldy. Şeýle-de, ýol gyralarynda azyk satýan köçe satyjylarynyň söwdasyna garşy gözegçilik güýçlendirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmämiziň aýtmagyna görä, bu çäreler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly.

Habarçymyzyň sözlerine görä, soňky 10 günüň dowamynda şäheriň "Gülap", "Şöhrat", "Merw", "Güneş" we Magtymguly köçesindäki bazarlary ýapyldy. Häzirki wagt şäherde diňe üç - "Gök", "Ak " we "Galkynyş" - bazarlary açyklygyna galýar.

"Ýapylan bazarlaryň haçan gaýtadan açyljagy belli däl" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli söwdagär habarçymyza gürrüň berdi.

Soňky bir hepdäniň dowamynda Maryda bazarlaryň daş-töwereginde, köçelerde, köp gatly jaýlaryň girelgelerinde we orta gürpünde, hatda Mary şäheri bilen welaýatyň etraplarynyň arasyndaky uly ýollaryň gyralarynda söwda edýän satyjylara gözegçilikler hem güýçlendi.

"Bu satyjylar öz hususy hojalyklarynda öndürýän ýumurtga, süýt, gatyk ýaly önümlerini we bakjalarynda ýetişdiren gawun, garpyz, pomidor, käşir, sogan, kartoşka ýaly gök-bakja önümlerini satýarlar. Olar Marynyň dürli etrapdyr obalaryndan gelýärler. Häzir polisiýa işgärleri bu satyjylara azyk satdyrmaýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, polisiýa köp satyjynyň azyk harytlaryny elinden alyp, polisiýa bölümine alyp gidýär. Olar satyjylara, ele salnan azyk harytlarynyň möçberine görä, 100-300 manat aralygynda jerime töletdirýärler.

"Olar özleriçe nyrh kesýärler. Bu jerimäni banklara töletdirmeýärler. Özleri nagt alýarlar we hiç hili kwitansiýa bermeýärler" diýip, köçede söwda edýän satyjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bazarlaryň ýapylyp, köçede söwda edýänlere gözegçilikleriň güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan resmi düşündiriş berilmeýär.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmämiz munuň prezidentiň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Bellesek, Mary şäherinde bu taýýarlyk çäreleri şu aýyň başyndan bäri güýçli depginde dowam edýär. Köçelerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirilip, jaýlar reňklenýär, ot gögermeýän meýdançalara ýaşyl reňkde boýag sepilýär. Bu işlere jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler hem çekilýär.

"Prezident gelende bize gaty uly zyýan ýetirýär. Biz hepdeläp, 10 günläp gazançsyz galýarys. Biz azygymyzy öz wagtynda satmasak, olar zaýalanýar. Häzir her söwdagäriň 2000-3000 manatlyk azygy zaýalandy. Biz uly zyýana galýarys. Şol sebäpli biz hepdeläp öýlerimize gitmän, köçelerde, ýol gyralarynda we köp gatly jaýlaryň arasynda ýatyp turup, abat galan azygymyzy satmaga synanyşýarys" diýip, satyjy aýtdy.

Türkmenistanda indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri ilatyň öz hojalyklarynda öndüren önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde ýa-da etrapçalaryň aralarynda satmaga rugsat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny, satyjylaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny aýdyp, köçede azyk önümleri satýanlara garşy gözegçiliklerini wagtal-wagtal, hususan-da prezidentiň welaýatlara edýän saparynyň öňýanynda güýçlendirýärler.

Şol bir wagtda, kiçi söwdagärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz prezidentiň etjek saparyna görülýän taýýarlyklar bilen bagly, Aşgabatdan Mary şäherine gireniňde, ýoluň çatrygyndaky ilkinji aýlawyň hem duýdansyz sökülip, oňa derek swetaforlaryň ýerleşdirilendigini habar berýär.

Berdimuhamedowyň Mara etjek saparynyň anyk senesini prezidentiň diwanyna, Marynyň welaýat we şäher häkimliklerine tassykladyp bolmady. Bu barada ýurduň resmi metbugatynda hem häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG