Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda polisiýa bikanun horaz urşuny dargatdy


Türkmenabatda horaz urşy (arhiw suraty)
Türkmenabatda horaz urşy (arhiw suraty)

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde polisiýa Nowruz baýramyna gabat gurnalan bikanun horaz urşuny dargatdy. Bu wakanyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz, bu çäreleriň esasan totalizator, ýagny, humar oýnamak üçin geçirilýändigini anyklady. Şol bir wagtda, bu uruşlar käbir adamlarda, haýwana edilýän sütem hökmünde, nägilelik döredýär.

Habarçymyzyň söhbetdeşleriniň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan käbir sebit we adam atlaryny takyklaşdyrmaýarys.

“21-nji martda Türkmenabadyň günortasyndaky etrapçalaryň birinde horaz urşy gurnaldy. Beýle uruşlar onsuzam gürrüňi edilýän sebitde aýyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýärdi. Ýöne baýramçylyk günleri bijä goýulýan puluň möçberi has ýokary bolany üçin, Nowruza gabatlap ýörite uly çäre planlaşdyryldy” diýip, bu wakalara şaýat bolan ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ol adaty günler geçirilen uruşlarda horazyň ýeňşini çaklap, humarçylaryň 10-15 manat aralygynda özara bije puluny goýýandyklaryny, baýramçylyk günlerinde bolsa munuň ençeme esse ýokarlanýandygyny aýtdy.

Uruşda ýörite ýetişdirilen tohum horazlary biri-birini çokup, dyrnaklary bilen garşydaşynyň bedenindäki ýelekleri goparýarlar. Tutluşyk horazlaryň biriniň ýa garşydaşyndan gaçmagyndan soň ýa-da alan şikeslerinden soň ýerinden galyp bilmeýän ýagdaýa geleninden soň tamamlanýar.

“Sişenbe güni geçmeli uruş üçin howluly jaýlaryň birinde ýörite meýdança oňarylypdyr. Horazlaryň uruşmalary ýerine çäge düşelip, onuň daş-töweregine demir haýat hem aýlanypdyr. Tomaşaçylar şonuň töwereginde jemlenip, 20 manat möçberinde giriş tölegini hem berdiler” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Ilkinji horazlaryň ýaňy uruşmaga goýberilen pursady, çäräniň gurnaýjylarynyň biriniň mobil telofonuna polisiýanyň reýde çykandygy barada jaň geldi.

“Çärä 100-den hem aşa tomaşaçy jemlenipdi. Jaňdan soňra, her kim howsalada sebiti terk etdi. Elbetde, giriş tölegini edenler gaty nägile boldy. Käbirleriniň pulunyň yzyna berilmegini sorap, gurnaýjylara jaň edenini bilýärin” diýip, habarçymyz belledi.

Arhiw wideo: 2013-nji ýylda Türkmenabatada geçirilen horaz uruşlarynyň birinden pursatlar.

Horaz urşy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Türkmenistanda uzak wagtdan bäri näresmi ýagdaýda geçirilýän horaz uruşlaryny düzgünleşdirýän kanun-namanyň bardygy ýa ýokdugy anyk däl. Ýöne Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky ködeksde haýwanlara rehimsiz garalmagy boýunça çäre göz öňünde tutulan.

Oňa laýyklykda, haýwanlara rehimsiz garalmagy, eger bu haýwanlaryň ölmegine, mejbury soýulmagyna ýa-da agyr şikes almagyna getirse, şonuň ýaly-da haýwanlaryň horlanylmagyna sebäp bolsa, onda ýa duýduryş berilýär ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynýar.

Şol bir wagtda, käbiriler üçin daşyndan gyzykly bolup görünýän horaz uruşlary ýaşaýjylaryň ençemesinde, haýwana edilýän sütem hökmünde, gahar-gazap döredýär.

Görnüşinden, ýurduň gündogar sebitinde häkimiýetler haýwanlaryň bikanun gurnalýan uruşlaryna garşy çärelerini güýçlendirdiler. Azatlyk mundan öň, habarçylaryň aglaba totalizator maksatly geçirilýän bikanun it uruşlary baradaky maglumatlaryndan soň, polisiýanyň bulary dargadyp başlandygy barada habar beripdi.

Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, itleriň tutluşyklary diňe tohum itleriniň arasynda we diňe synag maksatly, şeýle-de ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda geçirilmeli.

Türkmen hökümeti haýwanlaryň bikanun gurnalýan uruşlary we olara garşy görülýän çäreler barada maglumat bermeýärler.

Türkmenabatda idegsiz itler öldürilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

Şol bir wagtda, häkimiýetler ýurtda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we wagşylarça ýok edilmegi barada hem aç-açan mesele gozgaman gelýärler. Degişli edarlar, şol sanda ýerli häkimlikler Azatlygyň bu baradaky soraglaryny häzirki güne çenli jogapsyz goýýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG