Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmetden el çekmäge çagyrylýar


Türkmen metbugaty sowet ýyllaryndan gelýän 'bagtly pagtaçylar' wagzyny dowam etdirýär.
Türkmen metbugaty sowet ýyllaryndan gelýän 'bagtly pagtaçylar' wagzyny dowam etdirýär.

Dünýäde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän bileleşik bolan Pagta kampaniýasy mejbury zähmete garşy özgertmeler prosesi üçin garaşsyz gözegçiligiň zerurdygyny aýdýar, emma dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda adamlaryň sowet ýyllaryndan bäri arzan işçi güýji hökmünde ulanylýan ýerlerine ne garaşsyz synçylar, ne-de žurnalistler baryp bilýär.

Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň tekliplerine laýyklykda, pagtaçylyk pudagynda döwlet tarapyndan boýna dakylýan mejbury zähmeti ýok etmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmeli diýip, Pagta kampaniýasynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistana mart aýynda gaýtadan syn eden Komitet, döwlet gullukçylarynyň pagta ýygmaga mejbury ýagdaýda mobilizlenmegi bilen, raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň (ICCPR) bozulmagyndan uly alada bildirdi hem-de bu elhenç tejribäni bes etmek üçin anyk çäreleri görmäge çagyrdy.

Mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy gurnalan global koalisiýa, Pagta kampaniýasy dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde suratlandyrylýan Türkmenistandaky mejbury zähmete syn bermeginiň öňüsyrasynda Komitete Türkmenistanda hökümet gözegçiliginde ulanylýan mejbury zähmet ulgamynyň düýp sebäpleri we mehanizmleri barada ekspert seljermesini, şeýle-de gurluş özgertmeleri üçin zerur hasaplan tekliplerini berdi.

Adam hukuklary komiteti pagta pudagynda ulanylýan mejbury zähmeti ýok etmek üçin Türkmenistanyň hökümetine 2017-nji ýylda eden öňki çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalady we hökümete zähmet barlaglaryny ýokarlandyrmak, mejbury zähmete çekilýän ulular we çagalar üçin netijeli şikaýat mehanizmini döretmek maslahatlaryny berdi.

"Komitetiň gelen netijeleri Türkmenistanyň hökümetiniň döwlet sektoryndaky işgärleri her ýyl pagta ýygmaga mejbur etmek praktikasynyň halkara kanunçylygyny bozýandygyny görkezýän has ygtybarly subutnamalar bilen üpjün edýär" diýip, Global Zähmet programmasynyň direktory Allison Gill Global zähmet adalat - Halkara zähmet hukuklary (GLJ-ILRF) forumynda aýtdy. Bu foruma Pagta kampaniýasy beýemçilik etdi.

“Meseläniň gowy tarapy reformanyň mümkin bolmagynda. Hökümet (bu özgertmelere) pagta meýdanlarynda zähmet şertlerini dokumentleşdirýän garaşsyz gözegçilere garşy ulanylýan jeza çärelerini bes etmekden başlamaly. Mejbury zähmeti bes etmek üçin garaşsyz ýagdaýda maglumat berilmegine rugsat bermek möhüm ädim bolup durýar” diýip, ol sözüni üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtda mejbury zähmetiň giňden ulanylýandygyny, şonuň bilen birlikde syýasy azatlyklaryň, adam hukuklarynyň dowamly basgylanýandygyny umumy sözde inkär edýär we halkara guramalarynyň çagyryşlary kagyz ýüzünde galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG