Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident 'bol hasyl bagtyny' tassyklamakdan saklandy. Ýuridik şahslaryň ýerleri döwlete berler


Türkmen metbugaty sowet ýyllarynda däp bolan 'bol hasyl we bagtly pagtaçylar' wagzyny dowam etdirýär. Arhiw suraty.
Türkmen metbugaty sowet ýyllarynda däp bolan 'bol hasyl we bagtly pagtaçylar' wagzyny dowam etdirýär. Arhiw suraty.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda, Türkmenistan bu ýyl gowaça meýdanlaryndan ýygnalan ‘ak altyn’ hasylynyň möçberi baradaky gümürtik sanlary çap etmekden saklandy. Eger-de Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda ýurtdaky dolandyryş-çäk gurluşyny ‘kämilleşdirmäge’ bagyşlanan mejlisde aýdan sözlerinden çen tutulsa, oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaýda ýene-de häkimler we daýhanlar günäkärlenjege meňzeýär. Ýurda 15 ýyl ýolbaşçylyk eden kakasynyň we ondan öňki prezidentiň alyp baran oba hojalyk syýasatlarynyň netijelerini miras alan Serdar Berdimuhamedow ýurtdaky suw meselelerini bölekleýin tassyklap, oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny täzelän hem bolsa, oba hojalyk krizisi we azyk gytçylygy bilen bagly çylşyrymly meseleleriň düýp özenine aralaşmakdan, bu ugurda görýän çykalgalaryny açyk aýtmakdan saklanýar. Şu aralykda prezident ýuridik şahslaryň "ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek" hakyndaky täze karara gol çekdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, bu karar esasynda “ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi”.

Şol bir wagtda, Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji dekabrda geçiren hökümet mejlisinde anyklaşdyrmazdan aýdan sözlerine görä, “obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär”.

Ýerli synçylaryň, şol sanda ozalky suw gurluşyk inženeri Nurmuhammet Hanamowyň, radionyň ýerli habarçylarynyň aýtmaklaryna görä, bu ýyl pagta hasyly öňki ýyllardaka garanyňda hem has pes boldy we, täze prezident bu ýagdaýy dymmak bilen tassyklaýana çalym edýär.

Kiçi Berdimuhamedow, uly Berdimuhamedowadan tapawutlylykda, sowet döwründen gelýän artdyryp ýazmalar, pagta planynyň aňryýany bilen doldurylandygy baradaky ‘açyk ýalany’ gaýtalamakdan saklanyp, hakykata tarap kiçijik bir ädim ätdi diýip, Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginiň öňünden aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet üpjünçilik edarasynyň ozalky başlygynyň pikiriçe, oba hojalygyndaky ýagdaý, oba adamlarynyň gazanç etmek mümkinçiliginiň görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçmagy ýurduň iň uly baýlygy hasaplanýan adamlaryň jan saglygyna, ýaş nesilleriň akyl sagdynlygyna 'uly wehim' salýar.

“Sebäbi görk eginden, saglyk – agyzdan” diýipdirler, “Ajyň aňy bolmaýar” diýip, öňki diplomat aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde işleýän habarçylarymyzyň birini sözlerine görä, “bu ýyl pagta haslynyň pes bolmagy il içinde meşhur bolan ‘ak ýagyň’ hem açyk satuwa çykarylmazlygyna” alyp geldi.

Häzir her hojalyga aýda 1.5 litr (boklaşka) ak ýag satylmagynyň özi hem köp zatdan habar berýär, sebäbi mundan 5-6 ýyl ozal pagta çigidinden alynýan ak ýag dükanlarda açyk satuwa çykarylýardy diýip, habarçymyz aýtdy.

Ozallar, isleseň, 40 litre çenli satyn alyp bolan ýag indi iki ýyl bäri ‘paýok’ diýlip berilýän harytlaryň sanawyna goşuldy. Her aýda 1.5 litri 16 manatdan berilýän ak ýag gara bazarda 40 manatdan satylýar. Bu pagtanyň bu ýyl hem ‘gowy bolmandygyny’ aňladýar diýip, habarçy kärendeçileriň köpüsiniň öndürip bilmedik pagtasyna derek pul tölemeli bolandygyny, ýogsa olaryň kärende ýerleriniň elinden alynmaly edilendigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň öňki iki ýolbaşçysy oba hojalygyndaky korrupsiýany, hasyllylygyň pesdigini birnäçe gezek boýun aldy, ýöne sowetler döwründen gelýän dolandyryş usullaryny, daýhanlary we maldarlary, şol sanda býujet edaralarynyň işgärlerini mejbury zähmetden boşatmak, hakyky bazar ykdysadyýetine geçilmegini çaltlandyrmak islemedi diýip, Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, döwlet ýeri we ekiljek ekini, önümiň satyljak nyrhlaryny ýa ýerini daýhanlaryň özleriniň kesgitlemegine mümkinçilik bermeli we esasan suw desgalaryny abatlamaga, oba, etrap ýerleriniň abadançylygyna uly serişdeleri goýberip, adamlaryň garyplykdan çykmagyna kömek etmeli.

Emma türkmen metbugatynda we hökümet mejlislerinde ýurtda emele gelen ykdysady kynçylyklar, şol sanda daýhanlaryň erksizligi we ýyl-ýyldan garyp düşýändigi barada açyk gürrüň edilmeýär. Muňa derek, Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentiň tabşyrygy bilen geçirýän maslahatlarynda özüniň prezident döwründe aýdan sözlerini gaýtalap, daýhanlaryň önüm öndürmegi üçin ähli mümkinçiligin bardygyny tekrarlaýar.

Şonuň bilen bir wagtda, Serdar Berdimuhamedow hem, oba hojalygy barada söz açanda, kakasynyň 15 ýyl gaýtalan sözlerini, agrotehniki kadalary berjaý etmek baradaky tabşyrygy gaýtalaýar.

Emma, Azatlygyň habarçylarynyň ýazmagyna görä, agrotehniki kadalary berjaý etmek üçin ozaly suw gerek.

“Birinji mesele suw, bu meselä döwlet derejesinde üns berilmeýär: suw bar ýerinde isrip bolup ýatyr, suw ýok ýeri gurap, tozap ýatyr. Aralyk ýaplary, kanallary betonlamak işleri ‘arzuw’ bolmagynda galýar, gamyş basan, arassalanmadyk ýaplar suwuň köp böleginiň barmaly ýerine barman, ýere siňip galmagyna getirýär” diýip, habarçymyz aýdýar.

Birnäçe ýyl mundan öň redaksiýa gamyş basyp ýatan ýaplaryň fotosuratlaryny iberen habarçynyň pikiriçe, derýadan gelýän suwuň köp bölegi ekin meýdanlaryna ýetmän, ara ýaplarynyň töwereginde ýere siňýär, gyzgyn günüň astynda, yssy howada bugaryp ýok bolýar.

Oba hojalygyndaky ikinji uly mesele, Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen suw hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, akabalary arassalaýan oba hojalyk tehnikasynyň bolmazlygy ýa-da juda az bolmagy bilen bagly.

Türkmen hökümetiniň yzygiderli satyn alýandygyny aýdýan gymmat bahaly daşary ýurt tehnikalary, könelişen tehnikalaryň daýhanlara arzan bahadan satyljagy barada berlen wadalar garaşylan netijeleri bermedik bolarly.

Şonuň bilen bir wagtda, resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, daşary ýurtlardan satyn alnan oba hojalyk tehnikalary, idegiň pes bolmagy sebäpli, derrew sandan çykýar we olaryň bölekleriniň ogurlanyp, gerekli adamlara ýer astyndan satylýandygy habar berilýär. Şeýle-de, oba hyzmat kärhanalarynda ulanylman, gerek bolanda satmak üçin saklanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bardygy aýdylýar.

Türkmenistanda daýhanlaryň elini işden sowadan, on müňlerçe adamyň şäherlere, zähmet migrasiýasyna gitmegine sebäp bolan ýene bir mesele bolsa, daýhanlardan satyn alynýan önümiň bahasynyň tas otuz ýyl bäri juda pes bolmagy bilen düşündirilýär.

Azatlygyň habarçylary gowaça eken kärendeçileriň döwlete tabşyran pagtasyndan alýan girdejisiniň güzeran üçin ýeterlik däldigini, emma hökümetiň bu meselä düýpden baş galdyrmaýandygyny aýdýarlar.

Habarçylaryň berýän maglumatlarynda pagta tabşyrýan kärendeçileriň girdejileri barada getirilýän sanlardan, deňeşdirmelerden çen tutulsa, türkmen daýhanlary nädip güzeran aýlaýarka diýen sowal döreýär. Şol bir wagtda olar daýhanlaryň elinden tas mugt diýen ýaly alnan pagtadan öndürilýän dokma önümleriniň ilata ‘gaty uly’ bahadan satylýandygyny habar berýärler.

“Daşary ýurtlarda öndürilen egin-eşikler hakynda aýdyp hem oturmaly, bir sany “Adidas” sportiwkasyny aljak bolsaň, 6 müň manat tölemeli. Ýa-da bolmasa, bir aiphone telefonyň bahasy 30 müň manat, eger-de bir daýhan 2 tonna pagtasyna 800 manatdan dahod alsa, azyndan 30 ýyl girdejisini sowman ýygnasa, şeýle telefon alyp biler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Diňe Türkmenistanda däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem oba hojalygyndan alynýan önümleriň mukdary köplenç esasan daýhanlaryň dökün bilen üpjünçiligine bagly.

Türkmenistan soňky ýyllarda dökün meselesine kän üns berýär we bu ugurdaky meseleleri çözmek üçin, suw desgalaryna harçlanan serişdelere garanda, has kän döwlet serişdesini harçlady we, garaşsyz neşirlerde çykýan, hökümet tarapyndan hiç bir açyk reaksiýa bildirilmeýän habarlarda aýdylmagyna görä, ýurduň himiýa kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bir bölegi gümürtik ýagdaýlarda daşary ýurtlara eksport edilýär. Şonuň bilen bir wagtda, Garlykda öndüriljegi we Hindistan, Hytaý ýaly ýurtlara eksport ediljegi wada berlen kaliý dökünleri barada, näme üçindir, maglumat berilmeýär.

Ýerli habarçylarymyzyň biriniň maglumatyna görä, bu ýyl pagta hasylynyň ‘soňky 30 ýylda iň pes bolmagyna’ daýhanlar hem haýran galdy. Ýerli hünärmenleriň käbiriniň pikirine görä, bu dowam edýän ýetmezçilikleriň gapdalyndan, daýhanlaryň işe juda sowuk-sala çemeleşmegi bilen bagly.

“Gowaça ekilen ýerlerdäki ideg işleri has pes ýagdaýda alnyp baryldy, sebäbi daýhanlar ideg işlerine sowuk-sala seredip başladylar” diýip, habarçy hünärmenlere salgylanyp aýtdy.

“Tehika ýeter-ýetmezçiligi has güýçli bildirdi, her suw tutumyndan öň traktor gowaça joýalaryny agdaryp çykmaly we derman bermeli. 4 gezek ösüş suwy tutulýan bolsa, 4 gezek hem tehnika gowaçanyň aşagyny ýumşatmaly, derman guýup çykmaly. Ýöne 4 gezege derek 2 sapar sürüm, düýp ýumşatma işleri geçirildi, 2 sapar dökün berildi” diýip, habarçy daýhanlaryň işden sowamagynyň sebäbini düşündirdi.

Şeýle-de, habarçymyz döwletiň kärendeçileri bu ýyl hem ‘aldadandygyny’ aýdýar.

“Öz kärende ýerinden ýygnalan pagtanyň çigidinden alnan ‘kujaranyň’ we ‘şirodyň’ daýhanlaryň özüne berjekdigini aýtdylar. Pagta planyny doldurmadyk kärendeçä iým berilmeýär.Ýöne planyny dolan kärendeçilere hem wada berlen iým doly-düzgün berilmedi” diýip, habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp aýtdy.

Şeýle-de ol, berilýän iýmiň agramyny artdyrjak bolup, oňa çaňňalak galyndylarynyň goşulýan halatlarynyň köpelendigini, eger daýhanlar almakdan boýun gaçyrsa, ondan hem galýandygyny gürrüň berdi.

Lebapdaky habarçymyzyň tassyklamagyna görä, Türkmenabatdaky pagta ýagy zawodynyň ýolbaşçylary kärendeçilere başga garyndy goşulan, pes hilli iýmleri hödürleýärler, kärendeçiler bu iými alyp, dessine alyp-satarlara satjak bolýar, emma olary kilogramyny 3 amanatdan hem almaýarlar.

“Kärendeçilere berilýän iýmiň hilinden alyp-satarlar hem habarly” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaý, daýhanlaryň boýnuna dakylan pagta we bugdaý planlary we 30 ýyllap ýaramazlaşan suw, tehnika we dökün ýagdaýy ýurtda dörän azyk ýetmezçiliginiň, mal iýmleriniň görülmedik derejede azalmagynyň esasy sebäbi bolup durýar diýip, Hanamow pikir edýär.

Progres.online neşiriniň Bütindünýä bankynyň global azyk howpsuzlygy barada täzelenen synyna salgylanyp ýazmagyna görä, azyk inflýasiýanyň derejesi Gazagystanda 21%, Gyrgyzystanda 17.9% we Täjigistanda 8.9% bolup durýar. Elbetde, Türkmenistan we Özbegistan boýunça bu ugurdaky maglumatlar elýeterli däl. Ozal habar berlişi ýaly, ýeterlik derejede ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Bütindünýä banky Türkmenistanyň ykdysady önümçiligi, girdejisi we ösüşi barada maglumatlary çap etmeýär.

Progres.online neşiri bar bolan maglumatlara salgylanyp, Merkezi Aziýanyň azyk önümleriniň inflýasiýa derejesiniň “erbet” diýlen kategoriýa girýändigini belleýär we “Bu Merkezi Aziýada nyrhlaryň gymmatlamagy zerarly azyk önümlerine elýeterliligiň kynlaşýandygyny görkezýär” diýen netijä gelýär.

Türkmenistanda azyk önümlerine elýeterliligiň kynlaşýandygyny öňki we häzirki prezidentleriň her baýramçylykdan öň bazarlary elýeterli bahadan satylýan önümler bilen üpjün etmek barada beren we berýän tabşyryklary hem tassyklaýar we bu Aşgabatdaky hökümetiň ýene bir ýyly netijesiz oba hojalyk syýasaty bilen tamamlandygyny aňladyp biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG