Ukraina 31-nji martda rus goşunlarynyň paýtagtyň alkymyndaky Buça şäherinden çekilmeginiň bir ýyllygyny belledi. Şonda olaryň yzynda şäherçäniň köçelerinde öldürilen parahat adamlaryň ýüzlerçesiniň jesedi tapyldy, Kiýew muny gyrgynçylyk we rus uruş jenaýaty diýip atlandyrdy.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoýazgyda prezident Wolodymyr Zelenski Buça gyrgynçylygyny rus goşuny tarapyndan amala aşyrylan “zalymlyklaryň nyşany” diýip atlandyrdy.
"Biz hiç haçan bagyşlamarys. Biz günäkärleriň ählisini jezalandyrarys" diýip, Zelenski özüniň wideo bilen ugurdaş eden beýanatynda aýtdy.
Rus goşuny Ukrainanyň paýtagtyny basyp almak üçin eden şowsuz synanyşygyndan soň, Kiýewiň etegindäki Buça we Irpin şäherlerini gyssagly terk etmäge mejbur boldy we Buçanyň köçelerinde serlip ýatan jesetleriň suratlary bütin dünýä ýaýrap, haýran galmagyň we ýazgarmalaryň uly tolkunyny döretdi.
Russiýa bu gyrgynçylygy özüniň edendigi barada aýdylýanlary ret etdi we parahat adamlaryň ölümleriniň Ukraina tarapyndan "sahnalaşdyrylandygyny" öňe sürdi.
Ukrain resmileriniň hasaplamalaryna görä, Buçada 400 töweregi parahat adamyň jesedi we Kiýewiň töweregindäki sebitde jemi 1000-den gowrak adamyň jesedi tapyldy. Bu jesetleriň köpüsi köpçülikleýin mazarlyklarda jaýlandy.
Ukrainaly we halkara derňewçiler Buçada, Irpinde we Ukrainanyň beýleki ýerlerinde bolan görnetin gyrgynçylyklar boýunça uruş jenaýatlary derňewlerini açdylar.
Şu aralykda, ukrain we rus güýçleriniň Bahmut we Donetskiň gündogaryndaky beýleki möhüm şäherler üstünde alyp barýan söweşleri kiparlamady.
Demirgazyk-gündogardaky Harkow şäheri öten agşam raketa we pilotsyz uçarlar arkaly nyşana alyndy, rus goşunlary obalara 64 top atdy, bir adam öldi diýip, sebit harby adminstrasiýasy 31-nji martda aýtdy.
Russiýa S-300 howa-ýerüsti ulgamlaryndan atylan dokuz raketa we Eýranda öndürilen “Şahid” dronlarynyň on sanysy bilen Harkow şäheriniň raýat infrastrukturasyny nyşana aldy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar. Aýdylmagyna görä, pilotsyz uçarlaryň dokuz sanysy ýok edildi.
Azyndan bäş sany parahat adam ýaralandy diýip, häkimiýetler aýtdy.
"Duşman ýurduň parahat raýatlaryna garşy terror taktikasyny ulanyp, uruş kanunlaryna we däp-dessurlaryna göz ýummagyny dowam etdirýär" diýip, harbylar aýtdy.
Bahmutyň içindäki we daş-töweregindäki agyr söweşler dowam etdi, ukrain goragçylary bu ýerde, Awdiýwkada, Limanda we Marýinkada soňky 24 sagadyň dowamynda 22 hüjümi yzyna serpikdirdi.
Russiýanyň Bahmut töweregine ýagdyrýan top oklary netijesinde bir raýat öldi, alty adam ýaralandy diýip, Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kirilenko 31-nji martda telegramda ýazdy.
Uruşdan ozal 70 müň ilatly magdan şäheri bolan Bahmut Russiýanyň gündogar Ukrainany gözegçilik astyna almak üçin edýän hüjümleriniň merkezine öwrüldi. Tas durşuna ýer bilen ýegsan edilen şäherde 2000-e golaý parahat ýaşaýjynyň galandygy çaklanylýar.
Öten agşam ruslar Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa şäherini hem topa tutdular. Zaporižýa şäher geňeşiniň sekretary Anatoliý Kurtew telegramda Russiýanyň bu hüjümde raýat infrastrukturasyna zyýan ýetirendigini aýtdy.
Kurtew hiç bir adamyň ýaralanmandygyny aýtdy.
Soňky söweşler Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň başlananyna 400 gün bolandygyny aýdan wagtyna gabat geldi. Zelenski 30-njy mart agşamy eden çykyşynda ýurdunyň indiki ädimlerine taýýarlaýandygyny aýtdy, ýöne garaşylýan garşylyklaýyn hüjüm barada açyk bir zat aýtmady.
Zelenski Harkow sebitiniň yzyna alnan böleklerine, Herson şäheriniň azat edilmegine, Bahmutyň goralyşyna we umuman Donbas sebitinde barýan söweşlere salgylanyp, Ukrainanyň urşuň geçen 400 gününde öz alyp barýan darkaşynda "ägirt uly ýol" geçendigini aýtdy.
"Bu ukrainleriň gahrymanlygy, dünýä muny ýatdan çykarmaz" diýip, prezident aýtdy we "Biz öz indiki ätjek ädimlerimize taýýarlanýarys, işjeň hereketlerimizi taýýarlaýarys, ýeňiş gününe ýakynlaşýarys.... Biz öz topraklarymyzda Russiýanyň ýekeje yzyny hem galdyrmarsyz, biz hiç bir duşmany jezasyz galdyrmarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň harby serkerdeleri garşylyklaýyn hüjümiň uzakda däldigini aýtdylar, ýöne Zelenski hepdäniň başynda Kiýewiň haýsydyr bir uly hüjüme başlamazyndan öň, şindi hem “düýpli ýaraglara” garaşýandygyny mälim etdi.
Forum