Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Girdeji çykdajydan az bolýar”. Lebapda hususyýetçiler ýyladyşhanalaryny sökýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bu günler Lebap welaýatynyň hususy ýyladyşhana eýeleri, indi bu usul arkaly bakja önümlerini ýetişdirmekden köpçülikleýin el çekip başladylar. Bir tarapdan bu geçen gyş gelen aşa aýazly howanyň oňaýsyz netijeleri bilen baglanyşdyrylsa, beýleki tarapdan önümçilikdäki zerur serişdeleriň nyrhlarynyň tas iki esse ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Bu sebäpli, sebitiň bazarlarynda bakja önümleriniň onsuz hem aşa gymmat bahalary ençeme esse artdy.

Ýatlatsak, geçen gyşda ýurtda howanyň temperaturasynyň anomal ýagdaýda aşak düşmegi netijesinde, gaz üpjünçiliginiň kesilmegi ýaly beýleki oňaýsyzlyklar bilen birlikde, şol sanda Lebap welaýatynyň gök-bakja önümleri ösdürip ýetişdirilýän ýyladyşhanalarynda ekinleriň aglabasyny sowuk urupdy.

“Çärjew etrabynyň Watan birleşiginiň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň melleginde ýyladyşhanalar bolup, gyş pasyllarynda olarda pomidor, hyýar, limon ýaly bakja önümleri uly mukdarda ýetişdirilýärdi. Olar diňe bir sebitiň däl, eýse Mary, Balkan, hatda Aşgabat ýaly beýleki künjekleriň bazarlaryna hem ugradylýardy. Ýöne geçen gyşyň döreden oňaýsyzlyklary netijesinde, şol döwür ýyladyşhanalardan hasyl alyp bolmady” diýip, bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini öwrenen sebitdäki habarçymyz gürrüň berdi.

Ol bazar bolçulygyny döretmäge hem ýardam edýän ýyladyşhana eýeleriniň, howanyň maýlap başlamagy bilen, gaýtadan önümçilige girişmekçi bolandyklaryny, emma täze kynçylyklar bilen garşylaşandyklaryny belledi.

“Ilki bilen, ýyladyşhananyň daşyna aýlanmaly perdäniň bahasy ýokarlandy. 200 m2 meýdana niýetlenen perde üçin 5 müň manat çykarmaly. Ýerli ilat munuň bir möwsümiň dowamynda alynýan girdejiniň mukdaryna golaýlaýandygyny aýdýar. Mundan başga-da, ekinlik pomidor nahalynyň bahasy hem 1 manatdan 2 manada galdy. Döküniň, gerekli dermanlaryň hem nyrhlary ýokarlandy” diýip, habarçymyz Watan birleşiginiň ýaşaýjylarynyň biriniň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny beýan etdi.

Ol hususy önüm öndürijileriň, geljek girdejiden çekjek zyýanlarynyň has köp boljakdygyny aýdyp, howlularyndaky ýyladyşhanalaryny sökýändiklerini, onuň ýerinde hem ýeralma (kartoşka) ekýändiklerini belledi.

Bu aralykda, şu ýyl önümçiligiň tas bolmandygy sebäpli, sebit bazarlarynda pomidor we hyýar ýaly gök-bakja önümleriniň bahalary hem gitdigiçe ýokarlanýar. Mysal üçin, geçen ýyl sebitiň bazarlarynda 1 kg pomidor 15 manat bolan bolsa, häzir ol 30 manatdan bahalanýar.

Resmi metbugat geçen ýylyň ýanwarynda beren maglumatynda ýurt boýunça 188 sany ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, olaryň umumy meýdanynyň 1 müň 792 gektara barabardygyny yglan etdi. Bu uguraky soky görkezijileri açyk çeşmelerden tapmak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidorlaryň aglaba böleginiň daşary ýurtlara iberilýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda, geçen ýyllarda esasan hem Russiýa we Gazagystana eksport edilýän pomidorlarda zyýanly organizmleriň ýüze çykarylýandygy barada hem maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri bular barada, şeýle-de şu ýyl Lebapda hususy melleklerdäki ýyladyşhanalaryň köpçülikleýin sökülmegi boýunça maglumat bermeýärler.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ilatyň azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy uly mesele bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG