Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlady


Aşgabadyň "Gülistan" bazary. Arhiw suraty
Aşgabadyň "Gülistan" bazary. Arhiw suraty

Aşgabadyň bazarlarynda käbir azyk önümleriniň nyrhlary birneme arzanlap başlady. Bu waka, Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlaýandygy baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Bazarlarda nyrhlar düşmäne, witrinada goýulýan bahalar bilen satyjylaryň bahasy deňleşmäne başlapdyr. Döwlet dükanlary bazarlara ösümlik ýagyny döküpdirler. Şeýle-de, towuk budy hem arzan bahadan satylyp başlapdyr" diýip, paýtagtdaky habarçy 4-nji aprelde aýtdy.

Parahat-7 etrapçasynda ýerleşýän 'Bereketli' bazarynda mundan ozal 30 manat bahalanan ösümlik ýagy häzir 24 manatdan satylýar. Adamlar ýagyň ýene gymmatlamagyndan alada edip, ondan köp mukdarda alyp goýmaga çalyşýarlar.

"Bazardaky söwda dükanlarynyň öňünde ösümlik ýaglarynyň uly gutularyny görse bolýar. Adamlar diňe ýag daşaýar. 7-8 sany boklaşka ýag alýan adamlar bar. Her kim arzanlapdyr, ýöne ýene galar diýen pikirde" diýip, habarçy belledi.

Arzanlan harytlaryň arasynda sogan hem bolup, häzir onuň bir kilogramy 10-14 manat aralygynda bahalanýar. Mundan iki hepde çemesi ozal sebitdäki habarçylarymyz soganyň bazarlardaky bahasynyň 18 manada, hususyýetçilerdäki nyrhynyň 20 manada ýokarlanandygyny aýdypdylar.

Bu aralykda, habarçy paýtagtyň bazarlarynda daşary ýurtlardan, şol sanda Eýrandan getirilýän harytlaryň bahasynyň heniz-de gymmatlygynda galýandygyny aýdýar.

"Alma, apelsin we mandarin ýaly gök-önümleriň bir kilogramynyň iň arzan bahasy 30 manatdan başlanýar" diýip, habarçy belledi.

Ýurtda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlaýandygy barada Azatlygyň habarçylary ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek maglumat berdiler.

21-nji martda paýtagtdaky habarçymyz sogan we alma ýaly käbir harytlaryň bahasynyň bir aýyň dowamynda azyndan 80-90% gymmatlandygyny aýtdy. Mundan başga-da, paýtagtly alyjylar söwdagärleriň tekjelerde azyk harytlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahalaryny ýerleşdirýändigini, ýöne özlerine olary iki-üç esse ýokary bahadan satýandygyny hem gürrüň beripdiler.

Şonda azyk söwdasyny edýän telekeçiler bahalaryň ýokarlanmagynyň sebäbini ýurtda öndürilen azygyň aglabasynyň daşary döwletlere satylmagy we ýanwar aýyndaky aýazly howada ekinleri sowuk urmagy bilen düşündiripdiler.

Şol bir wagtda, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhet geçelgesindäki gümrük gullugynyň bir işgäri gymmatlamanyň "iki ýurduň arasyndaky söwda bilen bagly girizilen täze çäklendirmeler bilen ilteşiklidigini" gürrüň beripdi.

"Eýranda içerki uruş dowam edýär. Şol sebäpli biziňkiler [Türkmenistanyň gümrük gullugy] serhetden geçirilýän harytlaryň möçberini, görnüşini çäklendirdiler" diýip, gümrük işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azyk gymmatçylygynyň arasynda, ýurt raýatlaryna döwlet dükanlary tarapyndan, hususy dükanlar bilen deňeşdirilende, ep-esli arzan bahadan satylýan azyk önümleri hem wagtynda paýlanmaýar.

23-nji martda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň "Täze dünýä" geňeşliginiň ýaşaýjylary döwlet dükanlaryndan soňky gezek sentýabr aýy üçin un paýlaryny alyp bilendiklerini aýdyp, alty aý gowrak wagt bäri un paýlanmaýandygyny gürrüň berdiler.

Türkmenistanda ýedi ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilat azyk önümleriniň gymmatçylygy we ýeter-ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurt häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG