Aşgabatdaky “Gurbansoltan eje” adyndaky çagalar hassahanasy ýüz tutup gelýänlere kadaly bejergi berip bilmeýär. Paýtagtlylar näsag perzentleri bilen nobatlarda kä halatlarda uzakly gün garaşmaly bolýandyklaryny, gerekli serişdeleri hem öz hasaplaryna satyn alýandyklaryny aýdýarlar. Lukmanlar bolsa, däri-derman üpjünçiliginiň pesdigini, şeýle-de häkimiýetleriň mejbury çäreleri sebäpli hassa çagalara doly garaşyk edip bilmeýändiklerini nygtaýarlar. Bu aralykda, entek sowetler döwri gurlan bu hassahananyň binasy hem düýpli bejergä mätäç.
“Golaýda goňşymyň alty aýlyk çagasy demigip, üsgürip başlady. Çagyrylan Tiz kömek gullugy bäbegiň dessine hassahana ýerleşdirilmelidigini aýtdy. Ýaş ene çagasyny ‘Gurbansoltan eje’ hassahanasyna äkitjekdigini aýdanynda, gelen lukmanlar ol ýerde zerur bejerginiň wagtynda we kadaly üpjün edilmän bilinjekdigini duýdurdylar. Olar maşgalanyň maddy ýagdaýy bolsa, perzentlerini täze açylan beýleki saglyk merkezlerine eltmegi ündediler” diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatly gürrüň berdi.
Mundan soň, maşgala täze açylan saglyk merkezlerindäki tölegleriň özleriniň güýç ýeterinden has köpdügini aýdyp, Tiz kömek ulagy bilen ‘Gurbansoltan eje’ hassahanasyna ugradylar.
“Men hem goltgy bolaýyn diýip, goňşularym bilen bile gitdim. Hassahana baranymyzda ýagdaýyň gyssaglydygyny düşündirjek bolduk, ýöne gepimizi soňuna çenli hem diňlemän, korridorda garaşmagy tabşyrdylar. Munuň yzy bilen, lukmanlaryň biri göni korridorda çaganyň gyzgynyny ölçedi, bir derman berdi. Ol boş otaglaryň ýokdugyny aýdyp, lukmanyň özi çagyrýança ýene garaşmagy tabşyryp, ötä gitdi” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady.
Ol özlerinden başga ýene onlarça enäniň çagalary bilen korridorda garaşyp oturandygyny, nähoşlugy degişlilikde ýeňil bolan çagalaryň hatda uzakly gün geçelgede garaşdyrylýandygyny sözüne goşdy.
Habarçymyz bu hassahananyň käbir lukmanlary bilen anonimlik şertinde gürleşmegi hem başardy.
Lukmanlar döwlet tarapyndan üpjünçiligiň pesdigini, diňe däri-derman däl, eýse gerekli medisina enjamlarynyň hem ýetmezçilik edýändigini aýdyp, bu ýagdaýlardan özleriniň hem nägile bolýandyklaryny bellediler.
“Elbetde, daşyndan lukmanlar, hamala, ‘gara donly’ ýaly bolup görünýär. Emma üpjünçilik bolmasa, biziň elimizden näme gelýär?! Gerekli dermanlary, abzallary, hatda sabyndyr salfetkalary hem ýüz tutup gelýänleriň özleriniň almagyny soraýarys” diýip, lukman belledi, şeýle-de häkimiýetleriň dyngyzys mejbury çäreleri, pul tutumlary sebäpli wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirip bilmeýändiklerini nygtady.
Mundan öň, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleri bu ýagdaýlar sebäpli esasy kärini taşlap, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek meýillerini hem beýan edipdiler.
Galyberse-de, hassahana aýlanyp gören habarçymyz onuň binasynyň hem düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini synlady.
“Binanyň diňe köçä bakyp duran bölegi reňklenipdir we girelgäniň golaýynda bag ekilipdir. Onuň arka tarapynyň suwaglary gopup ýatyr. Binanyň çat açan, opurylan ýerleri hem bar. Bu-da ýer titreme ýaly tebigy hadysalarda, onuň saklanyp galjakdygyna uly soraglary döredýär. Şol bir wagtda, hassahananyň otaglary hem tarakan, garynja ýaly mör-möjeklerden doly” diýip, habarçymyz şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Döwlet metbugat serişdeleri we saglyk resmileri ýurduň saglyk pudagynyň ösdürilýändigini aýdýarlar, şeýle-de ýurduň käbir künjeklerinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş merkezleriniň gurulýandygyny belleýärler.
Emma bu merkezlerdäki bahalaryň ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşen ilatyň aglabasynyň güýç ýeterinden has köpdügi, şeýle-de ozaldan hereket edip gelýän keselhanalardaky gözgyny ýagdaýlar barada resmi derejede dymylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum