Prezident Wolodomyr Zelenskiniň has kän goldaw ýygnamak, günbataryň täze harby enjamlarynyň we kömeginiň iberilmegini üpjün etmek üçin ýewropa paýtagtlaryna aýlanýan wagtynda, Ukrainanyň ýokary derejeli serkerdesi ýurduň guryýer güýçleriniň rus güýçlerini gündogar Bahmutdan gysyp çykarmak tagallalarynyň çäginde, örän kyn şertlerde hem ýeňiş gazanyp biljekdiklerini görkezendigini aýtdy.
"Bahmuty goramak dowam edýär we soňky günler Ukrainanyň öňe süýşüp, bu ýerdäki rus güýçlerine garşy durup biljekdigini görkezdi" diýip, general polkownik Oleksandr Syrskiý 15-nji maýda Ukrainanyň metbugat harby merkeziniň telegram kanalyna beren interwiýusynda aýtdy.
"Goşunlarymyzyň Bahmut ugry boýunça öňe ilerlemegi - bu şäheriň goragynkdaky ilkinji üstünlikli hüjüm operasiýasy bolup durýar” diýip, Syrskiý aýtdy.
Syrskiý öz serkerdelik edýän guryýer güýçleriniň Russiýanyň harby güýçlerine we soňky aýlarda Kremliň Ukrainanyň Donetsk sebitindäki şäheri ele geçirmek ugrundaky tagallalaryna ýolbaşçylyk edýän hususy “Wagner” toparynyň söweşijilerine garanda has az serişde bilen söweşýändigini aýtdy.
"Soňky birnäçe gün, hatda şeýle kyn şertlerde-de, biziň öňe süýşüp we duşmany ýok edip biljekdigimizi görkezdi" diýip, ol aýtdy. "Bahmuty goramak operasiýasy dowam etdirilýär. Goranmak üçin ähli zerur kararlar kabul edildi" diýip, Syrskiý sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň köpden bäri garaşylýan garşylykly hüjümine eýýäm başlandygy ýa-da däldigi baradaky gürrüňleriň arasynda, “Wagneriň” başlygy Ýewgeniý Prigožin bilen Russiýanyň harby we goranmak işgärleriniň arasyndaky dörän düşünişmezliklere köp üns berildi.
"Waşington Post" gazeti 14-nji maýda ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Bahmutda aýlap dowam edýän ganly söweşleriň merkezinde bolan Prigožiniň ýanwar aýynda ukrain hökümetine, “Wagner” güýçleriniň şäherden çykarylmagyna şert döredilse, rus goşunlarynyň eýeleýän pozisiýalaryny açmagy teklip edendigini habar berdi.
ABŞ gazetiniň habaryna görä, Kiýew Prigožiniň ukrain aňtaw gullugyndaky gatnaşygy arkaly gelen teklibi ret etdi.
Waşington ABŞ-nyň gizlin maglumatlaryna esaslanýan we "Discord" toparlaýyn söhbetdeşlik platformasy tarapyndan syzdyrylan habara hiç hili düşündiriş bermedi.
Harby serkerdeleriniň arasyndaky pidalary seýrek tassyklaýan Russiýa, Goranmak ministrliginiň 14-nji maýdaky beýanatynda boýun almagyna görä, Ukrainanyň gündogaryndaky ukrain hüjümlerini yzyna serpikdirmäge synanyşan iki harby serkerdesiniň öldürilendigini aýtdy.
Kiýew özüniň garşylykly hüjüme resmi taýdan başlandygy barada aýdylýanlary ret etdi.
Ukrainanyň baş ştaby 14-nji maýda Donetsk we Luhansk sebitlerinden durýan Donbasdaky rus goşunlarynyň esasy tagallalaryny Liman, Bahmut, Awdiýewka we Marýinka gönükdirmegini dowam etdirendigini we şol gün 30-a golaý söweş çaknyşygynyň bolandygyny aýtdy.
Ukrain goşuny Bahmut bilen Marýinkany "garşy durmagyň merkezi" hökmünde häsiýetlendirdi.
Ukrainanyň Bahmutdaky rus güýçleriniň hatarlaryny böwüsmek ugrundaky synanyşyklary Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan çozuşyndan soň basyp alan ýerlerini yzyna almak üçin garaşylýan ýaz hüjüminiň öňüsyrasynda, prezident Wolodymyr Zelenskiniň has kän goldaw almak üçin, ýewropa paýtagtlaryna syýahatyny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.
Zelenski hepde aýagynda nemes we fransuz liderleri, şeýle-de italýan resmileri, Rim papasy Fransis bilen duşuşdy. Ol 15-nji maýda Kopengagen demokratiýa sammitine ugramazyndan öň Londona barýar.
Iňlis premýeri Sunak geçen hepde Angliýada öndürilen howa goragy raketalaryny we uzak aralyga hüjüm edýän dronlaryň "ýüzlerçesini" wada berdi.
"Bu Ukrainanyň özüniň saýlamadyk ýa-da meçew bermedik aýylganç agressiýa urşuna garşy durmagynda möhüm pursat" diýip, Sunak öz beýaatnynda aýtdy. “Biz olary ýüňsakgal etmeli däldiris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Angliýa biziň ýerdäki we howadaky mümkinçiliklerimizi giňeltmek meselesinde lider bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk bu günem dowam eder" diýip, Zelenski telegramda, öz edarasynyň resmi hasabynda aýtdy.
Angliýa geçen hepde Ukrainany uzak aralyga ýetýän ganatly raketalar bilen üpjün edip başlan ilkinji ýurt boldy.
14-nji maýda, Zelenski bilen Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň duşuşanyndan soň, Fransiýa Kiýewe onlarça sowutly ulag we ýeňil tank, şol sanda AMX-10RC söweş ulaglaryny iberjekdigini aýtdy.
Zelenski Berline eden sapary wagtynda Germaniýa "hakyky dost" bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Ukrainanyň günbatar hyzmatdaşlarynyň Russiýanyň Ukrainadaky ýeňlişini eýýäm şu ýylyň özünde "dolanuwsyz" edip biljekdigini aýtdy.
Forum