Russiýa öten agşam Dnipropetrowsk sebitine raketa we dron zarbalaryny uranda, Ýewropanyň iň uly ýadro stansiýasyna barýan ýokary woltly elektrik geçiriji liniýanyň topa tutulandygy baradaky habarlaryň arasynda, Zaporižýa ýadro desgasy elektriksiz galdy.
Bu liniýa Dnipropetrowsk sebitinden elektrik energiýasyny geçirýän iň soňky liniýady diýip, ýadro elektrik stansiýasynyň ukrain operatory “Enerhoatom” 22-nji maýdaky beýanatynda aýtdy.
"Sowadyjy nasoslaryň işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan daşarky elektrik üpjünçiligi ýitirilenden soň, awtomatiki usulda dizel generatorlaryna geçildi. Olarda on güne ýetjek ýangyç bar. Hasaplaýyş başlandy" diýip, “Enerhoatom” aýtdy.
"[Zawod] şu gün irden, konflikt wagtynda, daşarky elektrik energiýasyny 7-nji gezek ýitirdi we elektrik energiýasy üçin gyssagly dizel generatorlaryna bil baglamaga mejbur boldy; zawoddaky ýadro howpsuzlygy ýagdaýy gaty ynjyk. Häzir biz zawody goramak ylalaşygyna gelmeli; bu ýagdaý dowam edip bilmez” diýip, BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň başlygy Rafael Grossi twitterde aýtdy.
Russiýa goşunlary 22-nji maý gijesi we irden Dnipropetrowsk sebitine 16 sany raketa atdy, Eýranda öndürilen kamikadze dronlarynyň 20 sanyny ýollady. Bu hüjüm netijesinde birnäçe adamyň ýaraly bolandygy habar berilýär.
Russiýa 22-nji maý güni irden günorta Dnipropetrowsk sebitine dron we raketa zarbalaryny urdy diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak aýtdy.
Ol 15 pilotsyz uçaryň we dört sany ganatly raketanyň Ukrainanyň howa goragçylary tarapyndan urlup ýykylandygyny hem sözüne goşdy. Lysagyň sözlerine görä, hüjüm wagtynda bir adam ýeňil ýaralandy.
Russiýa tarapyndan bellenen resmi Wladimir Rogow ýadro elektrik stansiýasynyň, Ukraina öz gözegçiligindäki elektrik liniýasyny keseninden soň, daşarky elektrik üpjünçiliginden ‘doly’ kesilendigini aýtdy.
Zaporižýa şäher geňeşiniň Ukrainadaky sekretary Anatoly Kurtew 22-nji maý säherinden bäri şäherdäki tok üpjünçiligini dikeltmek tagallalarynyň edilýändigini aýtdy.
Russiýanyň gündogar Ukrainadaky aldym-berdimli söweşleriniň merkezi bolan şäheriň Moskwa goşunlaryna tabyn bolandygyny öňe sürmegine garamazdan, ukrain goşuny 22-nji maýda gündogar Bahmut şäherine gözegçilik etmek ugrundaky agyr söweşleriň soňky bir günde hem dowam etdirilendigini aýtdy.
Ukrainadaky esasy söweş operasiýalary Donetsk sebitindäki Bahmut-Awdiýewka-Marýinka front liniýasyna jemlenen bolmagynda galaýr diýip, ukrain goşuny bu ýerde soňky 24 sagatda ruslaryň 37 hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy.
Rus güýçleri Ukrainanyň harby we raýat nyşanalaryna howadan we raketa ulgamlaryndan 52 zarba urdy diýip, ukrain harbylarynyň gündelik hasabatynda aýdylýar.
Russiýa hepde aýagynda Bahmuty öz gözegçiligine geçirendigimni öňe sürdi, ýöne Prezident Wolodymyr Zelenski we ukrain serkerdeleri Kiýewiň Moskwanyň bikanun we sebäpsiz çozuşyna garşy berk garşylygyny alamatlandyrýan Bahmutda söweşleriň henizem dowam edýändigini aýtdy.
Goranmak ministrligi we Moskwanyň Bahmut şäherine eden hüjüminiň başyny çekýän “Wagner” toparynyň başlygy şäheri alandyklaryny mälim edeninden soň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 20-nji maýda gutlag hatyny çap etdi.
Ukrain serkerdeleri ruslaryň aýdanlaryny bada-bat inkär etdiler, ýurduň gury ýer güýçleriniň serkerdesi şäheriň henizem çekeleşik astyndadygyny we öz güýçleriniň Bahmut şäherini eteklerinden gabamak tagallasyny edýändigini aýtdy.
21-nji maýda goşmaça harby kömegi ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýaponiýanyň Hiroşima şäherinde senagat taýdan ösen ýedi ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşan Zelenski žurnalistler Russiýanyň bu şäheri gözegçilik astyna alandygyny ýa däldigini soranda, "ýok" diýip jogap berdi. Ol, görnüşinden, ahyrynda ýitirilýän şäheriň ähmiýetini peseldýän ýaly boldy.
“Siz bu şäherde hiç zadyň galmandygyna düşünmeli. Olar ähli zady ýok etdiler" diýip, ol rus güýçlerini nazarda tutup aýtdy. “Ol ýerde indi binalar ýok. Bu gynançly. Bu betbagtçylyk" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
"Bahmut bu günki günde diňe biziň ýüregimizdäki bir ýer bolup galýar" diýip, Zelenski onuň töwerekleýin ýykylyp-ýumrulmagyny Ikinji jahan urşy döwründe ýokarsyndan ýadro bombasy taşlanyp, ýere ýegsan edilen Hiroşima bilen deňeşdirdi.
Bahmut baradaky gapma-garşylykly habarlar Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Luhansk sebitinden demirgazyk-gündogara çenli aralykda, Dnieper derýasyna, günorta-günbatar Herson sebitine çenli uzaýan 1000 kilometrden gowrak front liniýasynda bir ýa-da birnäçe ýerde garaşylýan garşylykly hüjüme taýýarlyk görýän wagtyna gabat geldi.
Forum