Aşgabatda sentýabryň aýagynda geçiriljek hökümet dabaralaryna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaly edilen adamlar sebitlerden köpçülikleýin ýagdaýda paýtagta ugradylýar, olar bir aýa golaý maşgalasyndan aýrylyp, telewizorda görkeziljek birki sagatlyk dabara üçin mejbury-meýletin horluk çekmeli diýip, çeşmeler habar berýär. Çärelere gatnaşmak nobatyna MHM ofiseriniň gözegçilik edýändigi, meýetin horluga garşy çykýan işgärlere bikanun basyş edilýändigi habar berilýär.
Balkan welaýatyndaky habarçymyz Halk maslahatynyň mejlisine we Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyklara gatnaşjak balkanlylaryň 31-nji awgustda sebitiň demirýol menzilinden dabaraly ýagdaýda ugradylandygyny habar berdi.
Dabaradan dabara uzaýan 'horluk maddy çykdajylar bilen utgaşýar'
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek çärelere medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, beýleki býujet edaralarynyň işgärleri, ak sakgally ýaşulular we deňiz institutynyň harby talyplary, Gyzylarbatdaky harby birikmäniň saýlama esgerleri hem gatnaşar.
Azatlyk çärä iberilen balkanlylaryň, beýleki sebitlerden iberilýän adamlaryň anyk sanyny bilip bilmedi.
“Her etrapdan 20 sany medeniýet işgäri, 10 sany aksakgal ýaşuly, beýleki deputatlar, käbir ýolbaşçy işgärler paýtagta ugradyldy” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Balkandan çärä gatnaşýan adamlar bir aýyň dowamynda öňünden kesgitlenen myhmanhanalarda bolmaly, başga ýerde ýaşamaly däl.
“Çäreçiler, derejelerine görä, Aşgabat, Grand, Paýtagt we Olimpiýa myhmanhanalarynda ýerleşdiriler” diýip, çeşme bu adamlaryň myhmanhanalarda, umuman, öz hasaplaryna ýaşamalydygyny hem sözüne goşdy.
“Myhmanhana tölegleri üçin kollektiwlerinden pul ýygnalyp, hökümet çäresiniň myhmany boljak adamlara az mukdarda kömek puly berildi, ýöne galan çykdajylary olaryň özleri çekmeli” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, paýtagta iberilen adamlar edara-kärhanalarda ýöredilýän we MHM tarapyndan gözegçilikde saklanylýan berk nobat sanawy esasynda saýlanyp alynýar:
“Eger çärä gitmek nobatyň ýeten bolsa, boýun gaçyrmak mümkin däl. Sebäbi bu sanawlara MHM-niň welaýat bölüminiň çärelere jogap berýän ofiserleri gözegçilik edýär.”
Çäreden ýüz öwreniň ýagdaýyny 'göz öňüne getirmek hem gorkunç'
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen býujet işgärleri mejbury çärelere gatnaşmakdan boýun gaçyran adamlara dürli bahanalar ýa sebäpler bilen basyş edilýändigini, hatda bikanun ýagdaýda, adamyň şahsy durmuşyna gatyşmak bilen, ýowuz çäre-de görülýändigini aýdýarlar.
“Geçen ýyl medeniýet edaralarynyň birinde işleýän gelin paýtagtda geçirilýän çärelere gitmekden boýun gaçyrdy. Ol gelni we ýanýoldaşyny häkimlige çagyrdylar. MHM ofiseri gelniň iş ýerinde başga bir erkek bilen ýakyn gatnaşykda bolanyny görkezýän, MHM-niň gizlin kamerasynda düşürilen wideony gelniň ýoldaşyna görkezdi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, ahlaksyz tagmasy bilen işden boşadylan gelin soň başga ýerde işe alynmaz ýaly garalanypdyr we, adamsy bilen aýrylyşyp, enelik hukugyndan hem mahrum edilipdir.
Habarçymyz bu maglumaty resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk radiosy Milli howpsuzlyk ministrliginiň, häkimlikleriň resmilerinden mejbury çäreler we olara gatnaşmakdan ýüz öwren adamlara edilýän bikanun basyşlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar döwletiň gurnaýan propaganda çäreleriniň ähli zatdan, şol sanda raýatlaryň maşgala durmuşyndan, saglygyndan hem ýokarda goýulýandygyny öňe sürdüler.
Çäreler 'ähli zatdan ýokarda goýulýar'
“Döwlet çäreleri ähli zatdan ýokarda görülýär, bilim almak, iş etmek bahana bolup bilmeýär. Esasy propaganda çärelerine gatnaşmaly. Bu çäreler, bu propagandalar Berdimuhammedowlary dünýä reýtinginde Demirgazyk Koreýa derejesine düşürenem bolsa, bu syýasatdan el çekmän gelýärler” diýip, balkanly medeniýet işgäri aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ykdysatçy türkmen hökümetiniň çärelere, propaganda çykdajylaryna ummasyz döwlet serişdesini harçlany bilen oňman, ýaşaýjylaryň maşgala býujetine, ene-atalaryň çagalary bilen geçirjek wagtyna, ýaşlaryň okajak, ösjek, durmuş gurjak adamlary bilen geçirjek wagtyna hem bahasyny hasaplap bolmajak derejede talaň salýandygyny, türkmenistanlylaryň bu ýagdaýdan bizar bolandygyny öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, döwlet eýeçiligindäki metbugat berk gözegçilikde saklansa-da, adamlar üýşmeleňlerde, şol sanda sosial mediada sowet döwründen miras galan propaganda çäreleriniň has gülkünç derejä ýetirilendigini aýdyp, ‘içi ýananyň gülküsini’ edýärler.
“Bu çäreler ozaly döwlet ýolbaşçylarynyň düşünjesiniň pesdigini, olaryň nähili yza galak adamlardygyny görkezýär. Ýurtda geçirilýän dabaraly ýa bagtlylyk çäreleri diňe düşünjesiz ýolbaşçylary bagtly etmese, ilaty bagtly edenok” diýip, aşgabatly ykdysatçy aýtdy.
Azatlyk ilaty ýadadandygy aýdylýan medeni çäreler we olaryň ilatda döredýän nägileligi barada Medeniýet ministrligine jaň edip, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum