Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Britaniýanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi


Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň parlamenti bilen Beýik Britan Birleşen Korollygynyň hem-de Demirgazyk Irlandiýanyň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek barada özara düşünişmeklik Memorandumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň parlamentiniň binasynda geçirilen bu gol çekişlik dabarasyna türkmen-britan parlament toparynyň başlygy Lord Weýwerli, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kit Renni Alan, şeýle hem iki tarapyň parlamentleriniň we Daşary işler ministrlikleriniň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Ýörite saparyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-britan parlament toparynyň başlygy Lord Weýwerli bilen duşuşyklar hem planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG