Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mubarek keselhanadan harby türmä geçirildi


Ýekşenbe güni Müsüriň baş prokurory ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Hosni Mubaregi bejeriş alýan keselhanasyndan harby türmä geçirmek barada karar çykardy.

Hosni Mubarek ýakynda, 13-nji aprelde özüne we öz ogluna garşy jenaýat işiniň gozgalmagynyň yzy bilen ýürek keseli sebäpli keselhana düşüpdi.

Oňa we onuň ogluna korrupsiýa hem-de parahat protestçilere garşy ýarag ulanylmagy bilen baglanyşykly wakalar boýunça jenaýat aýyplamalary bildirilýär.

Hosni Mubarek köpçülikleýin halk çykyşlarynyň netijesinde şu ýylyň 11-nji fewralynda öz wezipesinden gitmäge mejbur bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG