ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S. Pol Kapur Aşgabada geldi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 3-nji noýabrda Instagram hasabynda habar berdi. Ilçihana saparyň esasy ugurlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi, energetika hyzmatdaşlygyny we sebitara arabaglanyşygy görkezýär.
"Saparyň dowamynda iki ýurt üçin hem bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylýar" diýlip, ilçihananyň habarynda aýdylýar.
Ilçihana bu saparyň döwlet sekretary Marko Rubionyň Merkezi Aziýa saparynyň yzysüre geçirilýändigini belläp, Rubionyň saparyny "taryhy" diýip häsiýetlendirýär. Şeýle-de, Kapuryň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň "oňyn ösüş depginini" dowam etdirýändigini aýdýar.
"The Annapurna Express" neşiriniň 2-nji noýabrdaky habaryna görä, Kapur Aşgabatda geçiriljek ýyllyk türkmen-amerikan ikitaraplaýyn geňeşmelerinde ABŞ-nyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder. Onuň işewürler bilen duşuşyklary hem meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty 17-nji oktýabrda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň 3-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar beripdi.
Şol bir wagtda, ABŞ-Türkmenistan Işewürler geňeşi 4-5-nji noýabrda Aşgabada işewürler toparynyň saparyny meýilleşdirýär. Geňeşiň resmi saýtyndaky habara görä, sapar ABŞ-nyň Döwlet departamenti bilen utgaşdyrylyp guralýar.
Rubio 19-njy oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen "C5+1" formatynda duşuşypdy. Gepleşiklerde söwda, maýa goýumlar we ulag-logistika arabaglanyşygy, şol sanda Transhazar halkara ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen Rubionyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirilipdi. Türkmenistanyň DIM-niň habarynda taraplaryň öňde geçiriljek duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitländigi aýdylýar.
Forum