ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau sebit saparynyň çäginde Aşgabada barar. Ol türkmen hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri hem-de türkmen we amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 16-njy noýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Beýanata görä, Landau Waşingtonyň Türkmenistanyň energiýa eksportynyň ugurlaryny köpeltmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtar. Bu babatda Transhazar geçelgesi we "Halkara parahatçylyk we abadançylyk üçin Tramp ugry" (TRIPP) agzalýar. Söwdany ösdürmek, maýa goýumlaryny artdyrmak we sebitara baglanyşyklary pugtalandyrmak hem Aşgabatdaky duşuşyklaryň gün tertibinde bolar.
Täjigistana, Türkiýä we Türkmenistana ediljek sapar 16-24-nji noýabr aralygyna meýilleşdirilýär. Beýanatda Aşgabatdaky duşuşyklaryň anyk senesi we türkmen tarapyndan olara kimleriň gatnaşjakdygy görkezilmeýär.
TRIPP taslamasy Azerbaýjanyň esasy böleginden Ermenistanyň üsti bilen Nahiçewan Awtonom Respublikasyna ulag gatnawyny ýola goýmagy göz öňünde tutýar. ABŞ, Ermenistan we Azerbaýjan 7-nji noýabrda çap eden bilelikdäki beýanatynda taslama boýunça ulag we elektrik geçirijileri bilen bagly tehniki toparlaryň döredilendigini habar berdiler.
Landau 27-nji maýda Waşingtonda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşypdy. Şol duşuşykda söwda gatnaşyklaryny we amerikan işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy.
3-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerinde bolsa Meredowyň we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapuryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler energetika, ulag, söwda we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň ilkinji duralgasy bolan Duşenbede Landau täjik hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri we işewürler bilen duşuşar. Döwlet departamenti ykdysady hyzmatdaşlygy, ösen emeli aň tehnologiýalaryny, terrorçylyga we serhetaşa jenaýatçylyga garşy göreşi gün tertibindäki meseleleriň arasynda görkezdi. Saparyň dowamynda saglygy goraýyş boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama hem üns çekiler.
Stambulda Landau türk hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri we işewürleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşar. Ol söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle-de ABŞ-nyň energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmek we üpjünçilik zynjyrlaryny goramak meselelerine ünsi çeker.
Forum