Ahal welaýatynyň häkimiýetleri hojalyk jaýlarynda alkogo, temmäki we derman önümlerini satýan raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, olara garşy reýd geçirip başlady. Bu waka, alkogol we temmäki önümleriniň bikanun söwdasy, şeýle-de bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegi üçin jerimeleriň ýokarlandyrylan mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Şu günler hojalyklarda spirtli içgileri, nas we ýasama temmäki önümlerini, şol sanda mahorka we derman serişdelerini satýanlar anyklanýar. Kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda polisiýa işgärleri tarapyndan olaryň hojalyklaryna reýd geçirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri söwdanyň bu görnüşiniň gadagandygyny aýdyp, hojalyklara 2 müň manada jerime salýarlar we olaryň temmäki we derman önümlerini ellerinden alýarlar.
“Kanun goraýjylar ygtyýarnama soraýarlar. Soňra-da, jerimeleriň ýokarlanandygyny aýdyp, olara birnäçe jerime ýazýarlar” diýip, söwdanyň bu görnüşi bilen meşgullanýan hojalyklaryň biri şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Hojalyklaryň ençemesiniň sözlerine görä, polisiýa işgärleriniň arasynda raýatlaryň bu ýagdaýyndan peýdalanyp, olardan müňlerçe manat möçberinde para soraýanlar hem bar.
“Býurokratiki böwetler we korrupsiýa”
“Bu polisiýa işgärleri hojalyklara jerime ýazmasa-da, olardan hem parasyny alýarlar, hem-de ‘döwletiň haýryna geçirýäris’ diýip, harytlaryny alýarlar. Ýöne olaryň bu harytlary näme edýändigi anyk belli däl” diýip, ahally ýaşaýjy belledi.
Türkmenistanda alkogol we temmäki önümleriniň bikanun söwdasy, şeýle-de bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegi gadagan edilýär. Raýatlardan söwdanyň bu görnüşlerini amal etmek üçin ýörite ygtyýarnama almak talap edilýär.
Ýöne raýatlar söwdanyň bu görnüşini kanunalaýyk amal etmäge, “dürli býurokratiki böwetler we giň ýaýran korrupsiýa” zerarly, ygtyýarnama almagyň tas mümkin däldigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
“Galyberse-de, biz bu önümleri ygtyýarnamaly telekeçilerden lomaý satyn alýarys” diýip, söwdanyň bu görnüşi bilen meşgullanýan hojalyklaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 14-nji maýda müdirligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Jerimeleriň ýokarlandyrylmagy
Türkmenistanyň häkimiýetleri temmäki we alkogol önümleriniň bikanun söwdasyna, şeýle-de bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegine gözegçilik çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.
Nobatdaky çäreler ýurtda alkogol we temmäki önümleriniň bikanun söwdasy, şeýle-de bellenilmedik ýerlerde elden alma söwdasynyň edilmegi üçin jerimeleriň ep-esli ýokarlandyrylan mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 173-nji maddasynyň brinji bendine, 315-nji girizilen üýtgetmelere laýyklykda, degişli belgisi bolmadyk önümleri satmak we saklamak üçin kesgitlenilýän jerimeleriň möçberi fiziki şahslar üçin 300 manatdan 500 manada ýokarlandyryldy.
Şeýle-de, ygtyýarnamasyz önüm öndürmek we ýerlemek üçin bellenilýän jerimäniň möçberi fiziki şahslar üçin 800 manat diýlip kesgitlenilýär. Bu düzgün bozmalar bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, jerime mukdary 1500 manada çenli ýetip bilýär.
Kodeksiň 322-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, bellenilmedik ýerlerde, şol sanda köçelerde, meýdanlarda, howlularda, jaýlarynyň girelgelerinde söwda edýänlere 100 manada çenli jerime salynýar.
Resmi metbugat üýtgetmeleriň “ýurduň administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygyny” aýdýar. Ýöne köp türkmenistanly hökümetiň meseläni öwrenip, çözgüt tapmagyň deregine “jezalandyrmak syýasatyny” saýlap alýandygyny aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum