Türkmenistanda 1-njy maýdan administratiw düzgün bozmalar üçin jerimeleriň möçberiniň ýokarlanmagy bilen, Balkan welaýatynda polisiýanyň işjeňligi güýçlendi. Bu işjeňlik esasan 16 ýaşa ýetmedik ýetginjeklere garşy gönükdirilýär.
Polisiýa işgärleriniň ençemesi özlerine adminstratiw düzgün bozan ýetginjeklere garşy günde 15 jerime ýazmak barada plan borçnamasynyň kesgitlenendigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Şu günler Balkanabat şäherindäki mekdeplerde we olaryň töwereginde, şol sanda 1-nji, 3-nji, 5-nji, 9-njy, 10-njy, 24-nji we 26-njy mekdeplerde we olaryň daşynda polisiýa işgärleriniň yzygiderli görse bolýar. Olar duýdansyz okuwçylaryň mobil telefonlarynyň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Barlaglarda 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekler mobil telefonlarynda öz adyna Instagram, TikTok hasaplaryny açan bolsa, onda olaryň ene-atalaryna 1 müň manada çenli jerime ýazylýar.
“Mundan başga-da çagalar okuwdan çykýan mahaly, pyýadalar üçin ýörite göz öňünde tutulan geçelgelerden geçmedik okuwçylar saklanyp, olaryň ene-atalaryna 200 manada çenli jerime töletdirilýär. Çilim çekýän, nas atýan okuwçylaryň papkalaryny, jübülerini hem barlaýarlar. Olarda temmäki önümleri tapylsa, olaryň ene-atalaryna hem 200 manada çenli jerime ýazylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Günde 15 jerime ýazmak plany...
Bu maglumatlary polisiýa işgärleriniň ençemesi hem tassyklap, özlerine adminstratiw düzgün bozan ýetginjeklere garşy günde 15 jerime ýazmak barada plan borçnamasynyň kesgitlenendigini aýdýar.
“Muňa laýyklykda mekdepleri aýlanyp, 16 ýaşa çenli bolan çagalardan kemçilik gözlemek we olara jerime ýazmak tabşyryldy. Şeýdip, biz gazna pul, girdeji getirmäge borçly edildik” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu çäreleriň çäginde esasan hem 15-18 ýaş aralygyndaky okuwçy gyzlaryň arasynda çilim çekýänleriň köpdügi anyklandy. Käbir okuwçylaryň torbalaryndan elektron kalýanlar tapyldy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa we Bilim müdirliklerinden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu waka, Türkmenistanda 1-njy maýdan başlap administratiw düzgün bozmalar üçin jerimeleriň möçberiniň ýokarlanan mahalyna gabat geldi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky kanuna 11-nji aprelde gol çekdi.
Ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 358-nji maddasynyň altynjy bölümine girizilen üýtgetmeleriň biri, Türkmenistanda çagalaryň temmäki önümlerini çekmek gadagançylygyny bozandygy üçin ene-atalaryň gönüden-göni administratiw jogapkärçiligini ilkinji gezek girizdi.
Oňa laýyklykda, 16 ýaşa ýetmedik ýetginjek çilim çekse, onuň ene-atasyna 100-den 200 manada çenli jerime salnar. Şeýle-de, 14-16 ýaşlylaryň ownuk düzgün bozmalary üçin jerimesi 100 manat boldy. Pyýadalaryň ýol düzgünini bozmagy üçin jerime 50-100 manat aralygynda ýokarlandyryldy.
“Jezalandyrmak syýasatyny” saýlap almak...
Resmi metbugat üýtgetmeleriň “ýurduň administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygyny” aýdýar.
Şol bir wagtda, balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi bu jerimeleriň ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, azyk gymmatçylygynyň arasynda ozal hem zordan güzeran aýlaýan hojalyklara ýaramaz täsir edýändigini aýdýar.
Şeýle-de, olar hökümetiň ýene meseläniň sebäbini gözläp, oňa çözgüt tapmagyň deregine “jezalandyrmak syýasatyny” saýlap alýandygyny belleýärler.
“Bir tarapdan, bu jerimeler ýetginjekleriň dürli düzgün bozmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen ýaly hem bolsa, 16 ýaşa ýetmedik çagalara jerime salynmagy, döwletiň gaty garyplaşandygyndan we ýene jezalandyrmagy saýlap alýandygyndan habar berýär. Döwlet hakykatdan hem düzgün bozmalaryň öňüni almak islese, onda oňa sebäp bolýan ýagdaýlary çuňňur öwrenmeli. Çagalara diňe dilden däl, hakykatdan hem iş ýüzünde kömek berilmeli. Ýogsam, bu jerimeler ýene diňe eli ýuka maşgalalara goşmaça maddy zarba urmakdan başga zat däl” diýip, balkanly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine girizilen üýtgetmeler barada habar berseler-de, oňa nähili zerurlygyň dörändigi barada gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum