Şu günler Ahal we Mary welaýatlarynda ýangyç gytçylygy ýüze çykyp, ýangyç beketlerinde awtoulaglar üçin dizel ýangyjy satylmaýar. Azatlygyň habarçysy bilen gepleşen sürüjileriň ençemesi gytçylyk emeli döredilýär diýip, pikir edýärler we ýangyç beketlerinde "ýok" diýilýän dizeliň iki esse gymmat bahadan teklip edilýändigini aýdýarlar.
"Ýangyç beketlerinde dizel ýangyjy ýasama gytçylyk edýär. Häzirki gün islendik ýangyç guýulýan zaprawkalara barsaň 'solýarka ýok' diýip, ýangyç bekediniň işgärleri aýdýar. Emma bu ýasama gytçylygy, sebäbi ýangyç beketleriniň işgärleri bar zada 'ýok' we 'gutardy' diýip aýdýarlar" diýip, ahally çeşme sebitdäki ýagdaýy gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, beketlerde ýangyç tapylýar we käbir ulaglar ýangyjy guýup ýoluny dowam etdirýärler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan sürüjileriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, ýangyç beketlerinde hususan-da dizel iki esse ýokary bahadan teklip edilýär, sürüji razy bolmasa, oňa benzin satmakdan ýüz öwürýärler.
"Men gaýrat et jigi, ýangyjy guýaly diýsem, ol 1 litry 2 manatdan diýip aýdýar. Men 'ohow döwletimiz ýörite nyrh çykaryp, 1 litr dizel ýangyjy 1 manatdan satmaly diýende, nämäniň esasynda men ony 2 manatdan satyn almaly' diýsem, ol 'aý men bilemok 2 manatdan berseňä anha näçe diýseň guýup bereýin, bolmasa-da awtoulagyňy aýyr ýa-da arzan guýýan zaprawka tapsaň gidäý diýýär" diýip, ahally sürüji gürrüň berdi.
Türkmenistanda awtoulaglar üçin ýangyjyň resmi nyrhy dizel 1 litri 1 manat, A80-A95 benzini hiline görä, 1 manat 15 teňňeden 1 manat 50 teňňe arasynda bahalanýar. Iň gymmat benzin ECO-93 2 manat diýlip görkezilýär.
'Sürüjilere elýeterli däl'
Agyr ýük ulaglarynyň sürüjileri dizeliň bahasynyň artdyrylyp satylmagyndan nägile bolýarlar we munuň özleri üçin aşa gymmatdygyny aýdyp, girdejiden mahrum edýändigini belleýärler. Olaryň sözlerine görä, ýokary bahadan benzin guýdurýanlar esasan ýük daşaýan daşary ýurtly agyr ulaglar.
"Men 2 müň manat aýlyga dizel ýangyjynda işleýän uly ýük ulagyny sürýän. Men aýlygyma hojalygymy ekläýinmi ýa-da iki esse gymmat bahasyndan solýarka satyn alaýynmy" diýip, ahally ýük ulag sürüjisi aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky çeşmeleriniň sözlerine görä, şuňa meňzeş ýagdaý tutuş sebitde döräpdir. Köp beketlerde dizel asla ýok, bolan ýagdaýynda sürüjilere has ýokary bahadan teklip edilýär.
"Häzir solýarka gytaldy. Tas hemme zaprawkalarda dizel ýok, diňe uly ýollardaky beketlerde, olary barmak basyp sanaýmaly. Emma şol ýerde döwletiň bellän bahasyndan raýatlara guýup beresleri gelenok. Bilmedim özlerimi ýa-da ýokardan biri şeýdip gymmat satyň diýdimi, ony bilmedim. Ýöne arkaýyn 2 manatdan guýup bereli diýip aýdýarlar" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Mary welaýatynda hem dizel gytaldy. Bu ýerde "artdyrylyp" teklip edilýän baha goňşy welaýatdakysyndan pes.
"Ýangyjy 1 manatdan däl-de, 1 manat 20 teňňeden guýup bolýar. 1 manatdan dizel hiç ýerde ýok" diýip, Marydaky habarçymyz 7-nji iýulda habar berdi. Ol dizel ýangyjynyň näme esasynda gymmat bahadan satylýandygyna hiç kim düşünmeýär diýip belledi. "Bize başlyk şeýdip satyň diýdi, bizem şol ýokary bahadan satýarys" diýip, habarçy ýangyç beketleriniň işgärlerini sitirledi.
Azatlyk Radiosy Ahalda we Maryda dizel ýangyjynyň gytalmagy we bahasynyň artdyrylyp satylmagy bilen bagly ýagdaýlar boýunça resmi teswir almak üçin "Türkmennebit" döwlet konserni we onuň "Türkmennebitönümleri" baş müdirligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Edaranyň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.
Türkmenistanda dizel we benzin gytçylygy wagtal-wagtal güýçlenýär. Häkimiýet wekilleri ýyllarboýy dowam edýän şeýle ýagdaýyň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Döwlet metbugatynda hem problemalar barada hiç hili habar berilmeýär.
Türkmenistanda dizel gytçylygy her ýyl ekerançylyk möwsüminde has-da güýçlenýär.
Häzir dörän ýangyç gytçylygy oba hojalyk işgärleriniň we kärendeçi daýhanlaryň aladasyny artdyrdy.
"Oba hojalygynda, ýer işleýän daýhanlara traktorlar üçin 2 manatdan dizel satyn alyp guýmak gaty agyr deger. Daýhanda öňem pul ýok, hojalygyny köne traktorynda ýer sürüp dolandyrýar, ot daşap kireý bilen gün görýär. Häzir kireý pullaryny gymmatlatsalar halk öňküje edýän işinden, eklenjinden galyp biler" diýip, maryly kärendeçi aýtdy.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan maryly sürüji hem häzirki ýagdaýda öz girdejisiniň howp astyndadygyny belledi:
"Basym häzirden çäre görmeseler onda bu dizel-solýarka bilen işleýän ýük ulaglarynyň kireý bahalarynyň ýokarlanmagyna getirip biler. Käbir aýlyk-günlük bilen işleýän sürüjiler işini taşlap biler. Ýagny edara maňa her günüme laýyjak ýeter ýaly 40 litr dizel talonyny berýär, menem ýangyç bekedine baryp 40 litr dizel ýangyjynyň talonyny berýän, ýangyç bekediniň işgäri dizel ýok, ýa-da bolýar getir şol 40 litr dizel talonyňa 20 litr dizel guýup bereýin diýýär. Şonda men galan 20 litr dizeliň bahasyny öz jübimden berip guýmaly bolýaryn".
Şu günler ýangyç gytçylygy barada postlar sosial mediada hem köpeldi. Ulanyjylar beketlerdäki nobatlary görkezýän wideolary çap edýärler we dizeliň resmi bahadan satylmaýandygyny, emma goşmaça pula guýlup berilýändigini habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum