Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda we Maryda günebakar ýagy gytaldy, bahasy ýokarlanýar

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ahal we Mary welaýatlarynyň bazarlarynda günebakar ýagy gytalyp, onuň bahasy ýokarlanýar. Ahalda alyjylar bir litr ýagyň bahasynyň bir günüň içinde 20 manatdan 25 manada çykandygyny aýdýarlar. Döwlet dükanyndaky çeşme bolsa söwda nokatlaryna iberilýän ýagyň möçberiniň düýpli azalandygyny belleýär.

Azatlygyň habarçysynyň 14-nji sentýabrdaky maglumatyna görä, geçen hepdeden bäri iki welaýatda hem günebakar ýagyny tapmak kynlaşdy. Öňki hepdelerde bazarlarda we dükanlaryň tekjelerinde bolan önümiň satuwa çykarylýan möçberi indi azalypdyr.

“Dek düýn bir litrlik plastik gapdaky günebakar ýagyny 20 manada aldym. Şu gün irden eýýäm 25 manat diýýärler. Ertir 30 manat bolmaly diýýänler bar” diýip, Ahalyň bazarlarynyň birinden ýag satyn alan ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bazar satyjylary bahalaryň günsaýyn üýtgeýändigini aýdýarlar. Habarçynyň maglumatyna görä, ýagyň bir litriniň 50 manada çenli gymmatlap biljekdigini çaklaýanlar hem bar.

Şol bir wagtda, käbir söwdagärler elindäki ýagyny bir-iki hepde saklamak üçin satuwdan aýyrýar diýip, habarçy aýdýar. Onuň maglumatyna görä, käbir satyjylar muny “basym gymmatlar, şonda satyp pul gazanaryn” diýip düşündirýärler.

Döwlet dükanynda işleýän bir satyjynyň aýtmagyna görä, ozal her dükana hepdede 100-150 guty ýag iberilen bolsa, indi bary-ýogy 6-7 guty berilýär. Şu möçberdäki azalmanyň näçe dükana degişlidigi anyk däl.

Habarçynyň maglumatyna görä, günebakar we pagta ýagy döwlet dükanlarynyň üsti bilen hususy söwdagärlere satylýar, soňra bazarlara çykarylýar. Döwlet dükanlarynyň işine gözegçilik edýän ulgamlaryň bazarda satylýan ýagyň nyrhyny hem kesgitleýändigi aýdylýar.

Ýagyň näme sebäpden gytalandygy häzirlikçe belli däl. Bu barada dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birindäki häkimiýetler we media maglumat bermeýär, şeýle-de Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerini jogapsyz goýýar.

Bu ýagdaý ýurtda dowam edýän güzeran kynçylyklarynyň we esasy azyk önümleriniň gymmatlamagynyň arasynda ýüze çykýar. Azatlyk awgustyň aýagynda Balkan welaýatynyň etraplarynda ýerli unuň satuwdan ýitendigini, gazak we rus unlarynyň bolsa ilatyň köp bölegine elýeterli däldigini habar beripdi. Şondaky söhbetdeşler aýlyklaryň we pensiýalaryň ýokarlanýan bazar bahalaryna ýetmeýändigini aýdypdylar.

Geçen hepdäniň aýagynda ýurduň ençeme künjeginde etiň gymmatlamagynyň dowam edýändigi we ilatyň arzan azyga bolan mätäçligi barada maglumat berildi. Döwlet mediasy azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini gaýtalasa-da, nyrhlaryň ýokarlanmagy baradaky aladalara düşündiriş bermeýär.


Bu aralykda, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmeleri, Aşgabadyň ABŞ-nyň Eýrana we Russiýa garşy sanksiýalaryny berjaý etmek baradaky talaplaryna örän üns bilen çemeleşýändigini aýdýarlar. Çeşme muny halkara bank hasaplaşyklaryna we dollar amallaryna çäklendirme girizilmek howpy bilen baglanyşdyrdy.

Maglumatda Eýranyň “Saderat” bankynyň Aşgabatdaky şahamçasyna işini togtatmak barada tabşyryk berlendigi baradaky näresmi maglumatlar hem nygtalýar. Bankyň müşderisi bolan türkmen telekeçisi bu barada özlerine dilden habar berlendigini aýdypdy. Ýöne tabşyryk resmi taýdan tassyklanmandy. Azatlygyň çeşmesiniň düşündirişine görä, bu şahamça türkmen we eýran telekeçileriniň söwda hasaplaşyklaryna kepillik berýär. Çeşme Eýran bilen söwda we üstaşyr gatnawlar togtadylsa, azyk üpjünçiligine hem täsir edip biljekdigini duýdurypdy.

Emma Ahalda we Maryda gytalan günebakar ýagynyň haýsy ýurtdan getirilýändigi, onuň üpjünçiliginiň bu bank ýa-da Eýran arkaly söwda bilen baglydygy anyklanmady. Häzirki ýag gytçylygynyň sanksiýalar bilen baglanyşygyny tassyklaýan maglumat ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG