Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowy et ‘daşaryk satylýar’, ilata ‘barlanmadyk, arzan önümler' hödürlenýär

Lebap. Mal bazary. Bezeg suraty
Lebap. Mal bazary. Bezeg suraty

Türkmenistanda et önümleriniň bahasynyň dowamly gymmatlamagy ilat arasynda dürli soraglaryň döremegine, her hili çaklamalaryň orta atylmagyna sebäp bolýar diýip, çeşmeler habar berýär. Hususan-da adamlar ýerli mallaryň, gowy pul ýasaýandygy üçin, daşary ýurtlara köp çykarylýandygyny, et gytçylygynyň esasy sebäbiniň şu ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Synçylar 'et biznesiniň MHM-niň goragynda saklanýandygyny' ýaňzydýarlar.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini we içerki bazardan artan önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýändigini tekrarlaýar, ýöne ýokarlanýan nyrhlar we arzan önümlere bolan mätäçlik, ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselmeginiň sebäpleri halynda hiç zat aýtmaýar.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk Türkmenistanda öndürilýän et önümleriniň anyk möçberi, daşary ýurtlara çykarylýan mallar we mal etleri, ilat arasyndaky aladalar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.


Azatlygyň habarçysy mal, et söwdasy bilen bagly adamlar bilen gürleşip, et önümleriniň gymmatlamagynyň mümkin bolan sebäpleri hakynda edilýän pikirleri, hünärmenleriň tejribelerini öwrendi.

'Daşary ýurda satylýan etiň' gürrüňi köpelýär

“Şu günler halk içinde mallaryň daşary ýurda satylýandygy baradaky gürrüňler giňden ýaýraýar. Türkmen mallarynyň etiniň Owganystana tonnalap, gymmat bahadan satylýandygy aýdylýar. 1 kilogram etiň 300-400, 500 manatdan geçýändigi hakynda gürrüň edýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýerli mallaryň eti owgan serhedinden barlanman geçirilýän ýük ulaglarynda, täsirli adamlaryň kömegi bilen daşary ýurda, gymmat geçjek bazara çykarylýar.

Aýry-aýrylykda gürleşilen raýatlaryň biri türkmen serhedinden aňryk we bärik barlanman ýa-da ýüzleý barlanyp geçirilýän ýük ulaglarynyň hemişe bolýandygyny, ýöne bu mesele bilen gyzyklanmagyň howpludygyny öňe sürdi.

“Ýük ulaglarynyň serhetden barlanman geçirilmegi ozal hem gizlin däldi. Awtoulaglaryň barlanylmazlygy netijesinde esasan Berdimuhamedowlara ýakyn adamlaryň harytlary geçirilýär” diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlyk bu maglumaty ýerinde barlap, garaşsyz ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Etiň gymmatlamagyny ýurtdaky täsirli adamlaryň ‘et biznesi’ bilen baglanyşdyrýan hünärmenler, ot-iým kynçylygy, mal keselçiligi bilen bagly döreýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, oba adamlarynyň ýerli bazary üpjün etjek et önümlerini öndürýändigini aýdyp, ýerli sarp edijileriň hukuklarynyň serhet goragçylarynyň, gümrük işgärleriniň bikanun işleri esasynda bozulýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk ýurduň serhet, gümrük işgärlerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Anonimlik şertinde gürleşen başga bir söwda işgäriniň pikirine görä, bazara çykarylýan mal etleriniň gymmatlamagynyň birnäçe sebäbi bolup, etiň daşary ýurda tonnalap, bikanun we gizlin ýagdaýda çykarylmagy diňe bir sebäp bolup durýar.

Et gymmatlamasynda 'goldawly telekeçileriň oýnaýan roly'

Bazarlardaky et önümleriniň gymmatlamagynyň ýene bir uly sebäbi, birnäçe hünärmeniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, “Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhananyň işi, biznes bähbitleri bilen bagly.

“Daşary ýurda gidýän şöhlatlar elin, arassa mallaryň etinden öndürilmeli. Şol sebäpden, “Täze Aýyň” işgärleri her hepde mal bazarlaryna baryp, bazardaky mallary gymmat bahadan satyn alýar we bu hiç kime gizlin däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.


Türkmen metbugaty 2024-nji ýylda bu kärhanada azyk önümleriniň jemi 500-e golaý görnüşiniň öndürilýändigini habar berdi.

Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, daşary ýurda diňe arassa etden öndürilen önümleriň haryt edilip çykarylmagynyň hökmany şert bolan wagtynda, ýurt içinde satyljak şöhlatlaryň içine arzan bahadan alnan we şübheli bolan mal etiniň hem goşulýandygy öňe sürülýär. Bu maglumaty Azatlyga ýurtdaky kolbasa (şöhlat) şehleriniň birinde işleýän işgär aýtdy we, howpsuzlyk aladalary sebäpli, onuň işleýän ýerini we adyny aýdyp bilmeýäris.

Ol, kolbasa şehinde işe başlanyndan soň, ilki öz maşgala agzalaryna, soň dogan- garyndaşlaryna kolbasa satyn almakdan we iýmekden saklanmak duýduryşyny berendigini aýtdy.

Azatlyk bu aýdylýanlary mümkin boldugyça anyklaşdyrmak üçin birnäçe hünärmen bilen aýry-aýrylykda, atlaryny aýtmazlyk wadasyny berip, seslerini ýazmazdan söhbetdeş boldy.

Azyndan iki hünärmeniň tassyklamagyna görä, daşary ýurda iberilýän kolbasalaryň ähli zady, hatda daş gaplary hem aýratyn talaplar esasynda taýýarlanýar.

“Bu kolbasalaryň, arap ýurtlaryna we başga ýurtlara gidýän önümleriň ählisi gowy barlaglardan geçirilýär. Ýerli halka ýaýradylýan önümleriň barlaglary pul bilen ýapylýar” diýip, ýagdaýy gowy bilýän hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, arassaçylyk gullugyndan gelýän barlagçylaryň ellerine pul berseň, islendik önüme ‘talabalaýyk çykarylýar’ diýip, bellik edýärler.

Emeli ýagdaýda döredilen arzançylygyň 'arka tarapy'

Durmuşyň dowamly gymmatlamagy, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy we aýlyk haklarynyň, ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pes bolup galmagy, synçylaryň aýtmaklaryna görä, et önümçiliginde, söwda ulgamynda işleýän adamlaryň käbirini her hili bikanun işlere ýüz urmaga itekleýär.

“Aslynda fermalarda, mal saklanylýan ýerleriň köpüsinde mal haram ölse, ony bölekläp, kolbasa sehlerine satýarlar. Haram ölen malyň etiniň kilogramyny 40 manatdan alýarlar. Bu hili etleri kabul etmek üçin ýörite alnan, dillerine berk adamlar işledilýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy we, näçe ýaşyrylsa-da, bu hili gizlin işleriň il içine ýaýraýandygyny belledi.


Maly haram ölen we maşgala býujetine uly agram düşen adam aljyrap, çykalga gözleýär, tanyşlarynyň biri oňa tanşynyň haram ölen malyny kolbasa sehine eltip berendigini aýdýar diýip, çeşme aýtdy.

“Etiň kilogramy tasdan 200 manada ýeten mahaly bazarlarda satylýan kolbasalaryň bir palkasy 40 manat çemesi bahalanýar. Bu kolbasanyň nähili etden ýasalandygy eýýäm şu ýerden belli, ýöne arzan diýip, ony satyn alýan hem bar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ilatynyň ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýan we köp adamyň ol ýa-da beýleki görnüşde, iň bolmanda bagçylyk uçastogynda daýhançylyk, maldarçylyk, guşçulyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýan güneşli ýurdunda azyk önümleriniň, et-ýagyň gymmat bolmagy uly sorag bolup, Azatlyk bu soraga resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Türkmenistandaky aýlyklaryň pes bolmagy, nyrhlara edilýän döwlet gözegçiligi içerki bazarlarda satylýan önümleriň bahalarynyň gaty ýokarlanmazlygyny üpjün edýär we bu ýagdaý soňky 35 ýylda ýerli, daşarda gowy pul ýasajak harytlaryň dürli ýollar arkaly serhetden geçirilmegine getirýär. Synçylar bu söwdadan diňe MHM goldawyny alýan adamlaryň peýdalanyp bilýändigini öňe sürýär.

Azatlyk MHM işgärlerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG