Žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmegini gurnanlaryň biri, Guramaçylykly jenaýata gözegçilik bölüminiň öňki sülçüsi, 2014-nji ýylda 20 ýyl azatlykdan mahrum edilen Sergeý Hajikurbanow koloniýadan möhletinden ir boşadyldy we Ukrainada söweşmäge gitdi diýip, “Baza” telegram kanaly habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Hajykurbanow Ukrainadaky urşa 2022-nji ýylyň aýagynda goşuldy.
Ol söweşe aňtaw bölüminiň serkerdesi bolup başlady.
"Baza" çeşmesiniň sözlerine görä, ol "öz söweşijileri bilen duşmanyň tylyna gidip, ençeme gezek aňtaw gullugynyň işgärlerine mahsus işleri ýerine ýetiripdir."
Hajykurbanow Ukrainada batalýon serkerdesi derejesine çenli ösüpdir, alty aý gulluk edeninden soň, Goranmak ministrligi bilen baglaşan şertnamasynyň möhletini uzaldypdyr diýip, telegram kanaly ýazýar.
Çeşmeler şertnamanyň möhletini we onuň häzirki harby çinini aýtmandyr.
RBK agentliginiň ýazmagyna görä, Hajykurbanowyň aklawçysy Alekseý Mihalçik öz müşderisiniň hakykatdanam Ukrainadaky urşa gatnaşandygyny we günäsiniň geçilendigini tassyk etdi.