Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arkadag şäheriniň uçurymlaryndan gök reňkde köýnek we kostýum-jalbar geýmek talap edilýär

Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde geçirilen Soňky jaň dabarasynda tans edýän uçurym gyzlar we oglanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde geçirilen Soňky jaň dabarasynda tans edýän uçurym gyzlar we oglanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Ahal welaýatynyň merkezi Arkadag şäherinde şu ýyl orta bilim berýän mekdepleri tamamlaýan uçurymlardan maý aýynyň ahyrynda geçiriljek Soňky jaň dabarasynda gök reňkde köýnekleri we kostýum-jalbarlary geýmek talap edilýär.

Ýurduň beýleki mekdepleriniň ählisinde bu egin-eşik talaby gyzyl we gara reňkler bilen çäklenýän mahaly, mekdep ýolbaşçylary talabyň anyk sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne bu talap mugallymlaryň we uçurymlaryň köpüsinde sorag döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Arkadag şäherindäki mekdepleriň ýolbaşçylary mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň 25-nji maýda geçiriljek Soňky jaň dabarasynda geýmeli eşikleriniň reňklerini yglan etdiler. Muňa laýyklykda, gyzlar gök reňkde pombarh köýnegini we oglanlar gök reňkde kostýum-balak geýmeli edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, talap aprel aýynyň ahyrynda yglan edildi we şonda eşikleriň gögiň anyk haýsy reňkinde bolmalydygy barada mata bölegi hem görkezildi.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ählisinde mekdebi tamamlaýan uçurym gyzlardan we oglanlardan degişlilikde gyzyl reňkde pombarh köýnek we gara reňkde kostýum-jalbarlar geýmek talap edilýär. Bu talap 30 ýyla golaý wagt bäri dowam edýär.

"Kemçilikleri düzetmek talap edilýär"

Bilim resmileri Arkadagyň uçurymlaryny ýurduň beýleki mekdeplerini tamamlaýan oglan-gyzlaryndan tapawutlandyrmaga nähili zerurlygyň dörändigi barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Ýöne mekdep ýolbaşçylary bu talabyň berjaý edilmegine örän berk gözegçilik edýärler we ony her gün uçurymlara ýatladýarlar.

“Kimiň eşigi taýýar bolsa, mekdebiň direktorynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarynyň otagyna girýär we onuň eşigi gözden geçirilýär. Uçurymlardan ýolbaşçylaryň kesgitlän talaplaryna laýyk gelmeýän ‘kemçilikleri’ düzetmek talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly ýene bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu talaplaryň çäginde, “ýakasy giň açylan” diýlip kesgitlenen köýnekleriň eýelerinden olary täzeden tikdirmek soralýar.

Şeýle-de, matanyň reňki mekdep ýolbaşçylar tarapyndan görkezilen reňkden tapawutlanýan bolsa, ýagny sähel açyk ýa-da doýgun gök reňkinde bolsa, onda olary täzeden tikdirmek talap edilýär.

"Düýä çykyp, düýäň örküjinde gizlenip bolmaz"

“Okuwçynyň egin-eşik talabany berjaý etmegi onuň mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamasyny öz wagtynda almagyna täsir edýär. Bu talaby berjaý etmedikleriň bahalary kemeldip, şahadatnamasyny almagy gijikdirilip bilinýär” diýip, mugallym belledi.

Ene-atalaryň ençemesi bu egin-eşikler üçin okuwçylaryň her biriniň azyndan 4-5 müň manat çykdajy etmeli bolýandygyny aýdýar. Bu serişde Merkezi bankyň kursunda 1150-1400 dollar töwereginde bolýar.

“Bu çykdajylar gurply hojalyklaryň çagalarynyň piňine hem däl. Olaryň arasynda bir gün geýip, taşlap goýberýänler az däl. Arkadag şäherinde jaý satyn alyp ýaşaýan hojalyklar esasan döwlet edaralarynda işleýän çinowniklerden ybarat. Ýöne şäherde az sanly orta wezipelerde işleýän we zähmet hakyndan başga, goşmaça gazanç çeşmesi ýok hojalyklar hem bar. Bu çykdajylar şol hojalyklara agyr maddy urgy bolýar. Ýöne adamlar ‘düýä çykyp, düýäň örküjinde gizlenip bolmaz’, ‘il bilen gelen toýda baýram’ diýip, karz edip, egin-eşikleri satyn alýarlar” diýip, ýerli ene-atalaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Arkadag şäheriniň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim bölüminden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krizisiň arasynda gurulýan Arkadag şäheriniň birinji tapgyryna 2019-njy ýylda bat berlip, ol 2023-nji ýylyň iýunynda uly dabara bilen açylypdy. Ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

"Elleri ak güllerden baglanan çemenli..."

Türkmenistanyň öňki prezidenti we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny, resmi adyny göterýän Arkadag şäheri Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, oňa aýratyn üns berilýär.

Täze şäher döwlet telewideniýesinde yzygiderli wagyz edilýär. Bu ýerde gurulýan edaralar iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylýar, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Häkimiýetler tarapyndan “döwlet ähmiýetli şäher” diýlip yglan edilen Arkadagda köpçülikleýin çäreler, şol sanda halkara mediaforumlar we maslahatlar geçirilýär, millionlarça dollarlyk konsertler gurnalýar.

Ýatlatsak, geçen ýylyň awgustynda Arkadag şäheriniň mugallymlary, synp ýolbaşçylary özlerine degişli çagalaryň hossarlaryna jaň edip, 1-nji sentýabrda okuwçylaryň mekdebe hökmany suratda elleri ak güllerden baglanan çemenli gelmegini tabşyrypdy. Bellesek, ak güller Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda prezidentlik eden döwründe şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülipdi.

Synçylar gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy aýdylan Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “G.Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG