Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmisi prezidentiň saýlaw kanunyny bozandygyny ret edýär


Türkmenistanyň prezidenti çopanlara sowgat paýlaýar. Türkmen TW-si, 31-nji ýanwar, 2017 ý.
Türkmenistanyň prezidenti çopanlara sowgat paýlaýar. Türkmen TW-si, 31-nji ýanwar, 2017 ý.

Türkmenistanyň 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawyna 11 gün galdy, prezident saýlamak üçin daşary ýurtlarda ses berjek türkmenistanlylar bolsa, birki günden daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň ýanynda öňünden ses berip bilerler diýip, habarlarda aýdylýar.

Şu aralykda Türkmenistanyň Saýlaw kanunçylygynyň eýýämden bozulýandygy, saýlaw kampaniýasy döwründe prezidentiň az wagtdan ses bermeli adamlaryň käbirine «Awazada» maşgalasy bilen dynç almak eglişigini edýändigi barada bellikler aýdylyp başlandy.

Bu bellikleri tassyklaýan ýaly, türkmen telewideniýesi prezidentiň Ahal welaýatyna iş saparyndan taýýarlan reportažynda onuň çopanlara sowgat gowşuryşyny, bir çopanyň bolsa oňa saýlawda ähli çopanlaryň goldawyny wada berşini görkezdi.

TW prezidentiň çopanlara sowgat berşini görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Prezident Berdimuhamedow resmi habara görä, saýlaw kampaniýasy üçin berilýän tele-efir wagtyny beýleki kandidatlara deň paýlap bermegi haýyş edip, bu mümkinçilikden ýüz öwürdi.

Emma muňa garamazdan, hukuk goraýjylar, hususan-da adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary prezident Berdimuhamedowyň regionlara edýän saparlarynyň milli telewideniýede saýlawçylar bilen duşuşyk manysynda efire berilýändigini, raýatlaryň oňa berýän ses wadalarynyň telewideniýede saýlawçylara görkezilýändigini belleýär.

Türkmen telewideniýesiniň habarlarynda Berdimuhamedowyň iş saparlary, gurulýan desgalaryň we oba hojalyk işleriniň ýagdaýyny barlaýşy, şonuň bilen bir wagtda işçiler, oba hojalyk işgärleri bilen duşuşyp, olary gyzyklandyrýan soraglara jogap berendigi aýdylýar.

Prezidentiň kampaniýa mahalyndaky iş saparlary

«Türkmenistanyň Hronikasy» neşiriniň synynda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedowyň regionlara iş saparlarynyň saýlaw kampaniýasy döwründe geçirilmegi, şeýle-de onuň ýerlerde geçirýän duşuşyklaryna döwlet telewideniýesiniň habar programmasynda köp wagt berilmegi kandidatlaryň deň mümkinçilikden peýdalanmak şertini bozýar.

Mundanam başga, adam hukuklaryny goraýan gurama Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda saýlaw, referendum başlanandan soň kandidatyň ýa-da onuň garyndaşlarynyň, inisiatiwa toparynyň agzalarynyň saýlawçylara sowgat we beýleki maddy gymmatlykly zatlary, hyzmatlary bermeginiň gadagandygyny ýatladýar.

Türkmenistanyň saýlaw kanunynda aýdylmagyna görä, kandidatlar bu hili düzgün bozmalara ýol berse, Merkezi saýlaw topary olara birinji gezek duýduryş bermeli, eger düzgün bozma gaýtalansa, düzgün bozan kandidaty saýlawdan çykarmaly.

Azatlyk radiosy bu diýilýän düzgün bozmalar barada düşündiriş almak üçin Aşgabada, Merkezi saýlaw toparyna telefon etdi.

Ýöne ol ýerde özüni kömekçi hökmünde tanadan resmi Berdimuhamedowyň kandidat hökmündäki kampaniýasy bilen prezident hökmündäki iş saparlarynyň garyşdyrylmaly däldigini, saýlawçylar bilen duşuşyklaryň öz bellenen ýerinde geçirilýändigini aýdyp, saýlaw kanunçylygynyň bozulýandygyny inkär etdi.

Sesiniň efire berilmegine razy bolmadyk resminiň tassyklamagyna görä, prezident regionlara baryp, işleriň ýagdaýy bilen tanyşýan wagtynda, çekýän zähmetlerine hormat hökmünde, işçä ýa daýhana sowgat berip biler.

Türkmenistanyň nobatdaky prezident saýlawyna jemi dokuz kandidat gatnaşýar we bu saýlawyň geçirilişine üç müň iki ýüzden gowrak ýerli synçy gözegçilik edýär, GDA-nyň gözegçiler missiýasy bolsa saýlaw kampaniýasynyň guralyşyna ýokary baha berdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Ýöne käbir synçylar saýlawyň netijeleriniň öňünden bellidigini, alternatiw kandidatlaryň ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG